Kyn günde goldalyň birek-biregi

Kyn günde goldalyň bireg-biregi

Dostlar diňläň meniň ýagşy sözümi
Kyn günde goldalyň bireg-biregi
Ýakynlar görmesin  çeken jebrimi
Kyn günde goldalyň bireg-biregi

Ýok bolsun erbetlik,bar bolsun mertlik
Ähli zatdan beter gitsin gedemlik
Köpelsin elmydam beýik merdemlik
Kyn günde goldalyň bireg-biregi

Ýykylsa bir göwün ynjaýar Käbe
Amal kyl hemişe mukaddes däbe
Ýykmalyň hiç haçan,beýikdir Käbe
Kyn günde goldalyň bireg-biregi

Hoş söz aýdyp götereliň göwnüni
Ýok edip hemişe göwün çökgüni
Berjaý edip biz bu beýik düzgüni
Kyn günde goldalyň bireg-biregi

Jumamyrat Annamyradow
3 лайков 120 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Madine
14 янв 2024, 15:57
gowy gosgy eken
Jacksparro
14 янв 2024, 22:20
Kyn günüňizde men-ä sizi goldajak dällaý! ?
Ejegyz
15 янв 2024, 01:27
JackSparro,
2003-nji ýylmy siz?
Jacksparro
15 янв 2024, 06:18
Ejegyzs,
Ýok, näm biri bilen meňzetdiňizmi?
Ejegyz
15 янв 2024, 11:56
JackSparro,
Hawwa.
Jacksparro
15 янв 2024, 12:08
Ejegyzs,

Hmm!
Ozimem bilemok
17 янв 2024, 13:16
oooooooooooooooooooooooooo jymmy bamyňaý ýitdiňä imo girip barik gelmegiňi taşladyň
hormatlamak bilen edebiýatçylar
Jumamyrat
Автор 20 янв 2024, 17:45
Ptlamey,
tanamadym kim siz adym jymmy däl
Ozimem bilemok
23 янв 2024, 09:53
Juma şahyr,
bilýän jumaşka