Labirint tussaghana
LABIRINT TUSSAGHANA
(hekaýa)
Käbir kinofilmlerde bolşy ýaly, kimdir biriniň kellesinden urup, çaşyryp nirädir bir otaga ýa-da türmä gabap goýýarlar, soň bul adam gözüni açyp daş-töweregine seredip aňka-taňka bolýar-a. Ana şolar ýaly bolup menem Tussaghanada gözümi açdym. Bu ýerik näme üçin getirlendigimi men bilemok. Ýöne öten agşam men gije sagat 12-de kitaply stoluň üstünde uklap galypdym. Şondan soňam gözüň açan ýerim şu ýer boldy. Nämäniň nämedigine göz ýetirip bilemokdym. Men şonda daş töweregime göz aýladym. Bu tussaghananyň diwarlary giň. Ýatylýan koýka bar. Krowat bolsa-da näme üçin özümiň ýerde ýatandygyma göz ýetirmekçi boldum. Belkäm meni şu ýerde kösenip ýatmagymy isländirler. Men muny-da bilip-bilmedim.
Diwaryň içi gädilip giden kitaplary kitaptekçä ýerleşdirip goýupdyrlar. Ýeňsämdäki agyr urgynyň yzasy biraz bolsa-da bildirýärdi. Şonda men bu türmäniň raşotkasyna söýenip, zordan diýen ýaly ýerimden galdym. Seretsem türmäniň agzyndaky raşotkalar ýere hem ýokaryk gazyk ýaly kakylyp goýulaýypdyr. Şonda meň aklyma täsin rowaýat ýadyma düşdi. Rim döwründe bir ýurtdan birtopar gullary getirip gabap saklar ýaly türme, zyndan bolmansoň esgerler köneräk gapysyz harabalyklaryň birine ýaňkylary gabap goýupdyrlar. Indiki mesele onuň agzyny ýapmak bolupdyr. Şonda Rim serkerdesi esgerleriň naýzalaryny bu galanyň agzyna dikip ýere gazyk edip goýmalydygyny öwredýär. Belkäm menem şeýdip haýsydyr bir lom ýa armatur bilen ýere gazyk edip ýokaryk baglap goýan bolmalylar. Bolmasa onuň gulpy bolmaly, kilidi bolmaly. Şular hakda oýlanyp durkam ünsüm diwar oýugyna goýulan kitaplara düşdi. Geň zat bu türmäniň gradusy ne yssy, ne-de sowukdy. Aralyk temperaturady. Bu şeýle, munuň näme üçindigini men bilemok. Kitap tekçäniň ýüzüni ýapyp duran galyň kerepleri zordan diýen ýaly elime sorap aýyrdym-da ellerimi kakyşdyrdym. Üsti tozan basyp giden kitaplaryň ady ýokdy. Kitabyň ýüzüniň tozanlaryny üfläp, ellerim bilen kakyşdyrdym. Onuň galyň daşyny açyp sahypalaryny agdaryşdyrdym. Sowet soýuzdan galan kitaplar eken. Içinde Lenin, Stalin hakynda bir zatlar ýazylan. Ýöne men rusça düşünemok. Rusça düşünmesemem kitabyň baş sahaplaryndaky orak çekiç belgilerini görüp bilýärdim. Diýmek bu ýer Sowet soýuzdan galan bir bunker, ýa-da şoňa meňzeş zat bolmaly.
Kitaplaryň hemmesini diýen açyşdyryp dörüşdirdim, sowet soýuzlardan başga gabat gelen zadym bolmady. Şonda bu kitaplaryň çykan ýylyna seretdim. Çap edilen ýyly 1-njy ýyl diýip ýazylgydy. Beýleki kitaplardaky basylan senelerine göz aýladym 1-njy ýyl bilen 50-60-njy ýyllar we şondan soňky seneler aralygynda neşir edilipdir. Şu tekçede 100-e golaý uly kitap tomlary bar, birinde-de okar ýaly zat ýok, barysy orsça ýazylan Soýuz döwrüniň kitaplary. Gaharyma barsyny tekçeden ýykyşdyryp ýere çommaldym. Soň bu ýatylýan krowada geçip oturdym. Ýaşsygyň aşagynda bir list kagyz ruçka göründi. Ýaşsygy galdyrsam onda bir zatlar ýazylandy. Elime alyp ýazgyny okadym: ''Eger sen şu ýerden çykmakçy bolsaň özüňe kast edip, özüňi öldür'' diýen hat bardy. Bu belkäm meni gorkuzmak üçin goýulan hat bolmaly. Hawa, hawa bu şeýle bolmaly, özem bir akylly bir kişi gurnapdyr muny. Şol akylly kişi meni halanok. Meni ýigrenýär we meni duşman hasaplaýar. Şol kimdir biri menden şeýdip ar aljak bolýar. Ýöne ol kim. Şular ýaly pikirler edip otyryn welin zalda kimdir biriniň aýak sesleri eşidilip başlady. Men gulpsyz germawyň ýakynyna baryp iki tarapa uzap gidýän zaldan, kimiň gelýändigini görmekçi boldum. Ýöne bu aýak yzlar golaýlar ýaly däldi. Ýöne kimdir biri ýöräp gelýar. Men şonda içimi hümledim ''Şu meni duşman hasaplap ýören adamdyr!?'' diýdim.
♟️♟️♟️
Şu demir raşotkany saklap 3-4 sagat garaşandyryn, belkäm ondan köp bolmasa-da az däl. Gözlerim ýolda galdy. Bu aýak ses şo..ol eşidilip duruşy. Soň ahyr krowata geçdim-de ýaplandym. Şeýdip gözüme uky gelip-gelmänkä ýaňky aýak sesiň barha gatalandygyny, özem ýakynlara bir ýere gelendigini duýup zöwwe ýerimden galdym. Soňra gapynyň gözenekleriniň aňyrsynda kimdir biri eli çörekli tabakly göründi. Onuň ýüzi-gözinde ne nur bar, ne-de älhemdülillä bar. Men ony tanamokdym. Gören ýüzümem däl. Egninde köne nemisleriň şneli bilen telpegi bar. Çakym-çak bolsa bu kişi harby ofiser ýa şoňa meňzeş bir gullukçy bolmaly. Ol elindäki çörek bilen tabagy gözenekden geçirdi-de: ''Na ýeş'' diýdi. Men gözenegiň golaýyna bardym-da: ''Meni näme üçin bu ýerde saklaýarsyňyz, menden näme gerek size?'' diýip gygyrdym. Ol gürlemedi-de gelen ýoluna tarap ötägitdi. Men raşotgadan ýapyşyp oňa agzymdan gelen paýyş sözleri sögübem gördüm jogap bolmady. Dolanybam gelmedi. Ýene şol yzy üzülmeýän aýak yzlary gulagyma eşidildi durdy, eşidildi durdy... Kä ýerde, çalt-çalt gadamlar, kä ýerlerde ýuwaş ýuwaş ädimler eşidilýärdi. Şeýdibem surnukdyryjy aýak yzlaryň sesi ahyry ýitip gitdi. Krowada geçip oturdym. Sowet Kitaplara gözüm düşdi. Bir iki sanysyny krowadyň gapdalynda goýup birinem elime alyp kakyşdyryp krowadyň üstüne geçip gyşardym. Sahaplary agdaryşdyryp, gözden geçirýärdim. Näme üçin bu kitabyň metbugatdaky basylan ýylyny 34-nji ýyl diýip görkezdilerkä? Ýa orslaryň aýratyn harby magaryf neşirýatyndan çykan, birden duşmanyň eline geçmeginden howatyr edilip şeýle goýuldymyka diýen pikir kelläme geldi. Bu kitap 1934-nji ýylda çykan kitapdyr. Özem bu murty çowly Staliniň döwründe çykypdyr. Şular hakda pikir edip otyrkam men ýaňky gelen jamjagaz bilen çörege seretdim. Işdäm bir zatlar isleýärdi. Naharyň ysam janyňy alyp gelýärdi. Çörek bilen nahary krowadyň gyrasynda goýdum. Nämedir bir zat nahara atylandyr diýip güman edýärin. Iýmäge gorkýaryn. Näme etmeli! Bular menden näme isleýärler, meni näme etjek bolýarlar. ''Meni zäherläp kösäp öldürenlerinden, pyçaklap öldürenleri gowudy. Eýsem pyçaklap ýa atyp aňsat ölüm barka, näme üçin kyn ölümi rowa gördülerkä bu gäwürler'' diýip sögündim. Ýaňky nahary hem aýagym bilen depip dökdüm. Gaharyma çöregiň içiniň maňyzyny döküp görsem, içinden hek ýalyjak deri-dermanyň ownuklary göründi. Men bu çöregem gözenege tarap zyňyp goýberdim. Şol wagt men dälliräýmegimem ähtimaldy. Ýöne dälliremedim.
Kitabyň birini açyşdyryp okaýyn diýdim. Ýöne düşünemok, bu näme hakda ýazylan. Däliň belleýşi ýene kitabyň çykan senesine seretdim. ''44-nji ýyl.'' Moskwa neşirýadyndan çykan kitap. Kitaby ýene diwara tarap zyňdym.
Oturýan-turýan, diwarlaryň kerpiçlerini iten bolup görýärin, hiç kararym ýokdy. Soňra elimi ýeňsäme goýup ulydan demimi alýan. Geçýärin ýatýaryn.
Ýene hälki aýak ses eşidilip başlady. Men Krowada geçip gyşardym. Bu aýak ses ukymy tutdurýardy. Ýatasym geldi-de ýatdym. Düýş gördüm. Düýşümde daş töweregim ullakan Amerikanyň etažlary ýaly uzyn kitap tekçeleri bar. Özem etažlaryň boýy asmana çenli uzap gidýär. Edil Nýu-ýorkuň köçelerinde ýokarsyndaky etažlara seredip aňk-taňk bolup gelýän kişi ýaly men ýokarymdaky kitaplara seredip gelýärin. Az-ýöräp köp ýöräp kimdir biriniň durandygyny gördüm. Onuň golaýyna bardym. Silkme telpekli ýaşuly dur. Ol maňa eli bilen uzyn merdiwany görkezdi-de öz ugry bilen gidiberdi. Men ondan kimdigini soramda-da ol sessiz, jogap bermän ho...olha gözden gaýyp boldy. Daş-töwerekde adam gara görnenokdy. Men beýik tekçä söýelgi duran merdiwandan ýapyşyp ýokaryk çykdym. Kitaplar dikligine tekçelere salynyp goýulypdyr welin olaryň atlaryny okasa bolýardy. ''Maglumatlar Ýygyndysy'', Rim sifirleri bilen belgilenen ''Gadymy patyşalyklaryň taryhy'', ''Geçmişiň hem Gelejegiň taryhy'' atly kitaplary haýran galyp okap ýokaryk çykyp barýaryn. Birden gözüm ''Ptolomeýiň döwrüniň kitaplary'' atly tekçä düşeninde men haýran galdym-da içimden pikir edýärin: ''Ptolomeýiň kitaplary araplar döwründe ýakylan bolmaly. Ol şeýle bolsa bular nädip orta çykdy?, Olary bu ýere kim getirdi, özem türkmençä kim neşir etdi? Şeýdip kitaplaryň süýji düýşünden aýrylmak islemän ýatyrkam hälki nahar bilen çörek goýup giden peläketiň golaýlan aýak seslerine oýanypdyryn. ''Wah biwagt ukydan oýarýan haram gäwür'' diýsänim diýip iňirdäp men gözlerimi owkalap raşotka tarap ýöneldim. Bu peläket gök gözleri bilen zyndanyň içine, düýplerine, kitap tekçesine birem krowada tarap aýlaşdyrdy. Naharyň dökülip tabagyň zyňylyp çöregiňem bir gyrada ýatandygyny gördü-de onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Soňra bir kürşge suwy raşotkaň içine saldy-da ýene gelen ýerine tarap ýöräp gözden gaýyp boldy.......
♟️♟️♟️
Kürşgäni alyp, näme bolsam bolaýyn diýdim-de kepän dodaklaryma tarap ýetirip galdyrdym-da düýbünde galan bölegine ýüzi-gözümi ýuwan boldum. Oturýan-turýan, eýläk-beýläk aýlanýan, kararym ýok. Ýöne men integem bärde, näme etmeli? Bu boluş bilen men uzaga ýaşamaryn. Näme etmeli? Etmeli zat men bu ýerden çykmaly, nädip çykmaly? Nähili çykmaly?
Şul soraglar bilen günler geçmäge başlady. Günüň nähili geçýändigini men sagada görä bilemok, sebäbi daş-töwerek görünenok, Günem ýok, ýöne geçýändigini çaklap, bilýärin. Ençeme sagatlaryň geçendiginen bilbärdim. Ýöne sagadyň anyk näçe bolandygyny bilemokdym. Bu peläket gäwür günde bir gezek gelýär, özem öýlän nahar wagtynda gelýär we meni naharlamak üçin günde bir gezek nahar bilen çörek, indiki günem suw goýup gidýär. Ädimleri 3.226 gezek eşidilýär. Diýmek girelge gapy bilen bul aralyk gaty uzakda, köp wagt alýan bolmaly! Ortaça bir ýarym sagat ýolluk uzyn karidor...
Kitaplaryň bulaşyp ýatan ýerindäki bir kitaby galdyrdym. Açdym sahypalaryny dörüşdirdim. Hemme kitaplary bir zat tapmaga çalyşýan ýaly sahypama-sahypa agtaryşdyryp çykdym. Hiç hili bellik goýulmandyr. Ýene gaharym geldi, diwary depdim, düňküldi sesime ýene aýak sesleri eşidilmäge başlady. Kitaplaryň üstünde ýatyryn. Bu peläket meň ýatandygymy gördi.
Men krowadyň aňyrsynda kitaptekçäň öňünde ýatyrdym. Açlygyma gözüm garaňkyraýardy. Ysgynymam ýokdy.
Men onuň özüni alyp barşyny synlap, ýatyryn. Gözenegi kakan boldy, uran boldy. Men ölensiräp ýatyryn... Ol nädibem bolsa bir hili edip demir gözenegi açmagy başardy. Demir gözenek ýokarlygyna galdy. Ol gireninden soň bolsa gözenek ýene-de ýapyldy.
Ol meniň aýak ujuma geçdi-de aýallarymyň aşagyndan depip gördi. Haçan-da ol pulsumy barlamak üçin bokurdagyma elini uzadanda men gözümi açdym-da onuň bokurdagyna ýapyşdym. Ol gorkusyna arkanlygyna ýykyldy. Menem onuň üstünde. Ýaňkyny bogup öldürmäge güýjüm ýok bolany üçin ellerimi bokurdagyndan çekdim. Bir iki sapar kellesine depdim welin çaşdy-da özünden gitdi. Üsti-başyny gözleşdirýärin hiç hili açar ýok. Goltuk jübsünde gatyrak zada elim degdi. Goltuk jübsüne elimi soksam tegelek kanserwa guty bilen çakgy. Muny çekip aldymda çakgy bilen ony açdym. Ine sguşonny molako...
Ony içdimde ýaňky çakgy bilen gäwüriň damagyny çaldym.
Bir az bolsa-da ysgynyma gelenimden soňra gözleşdirip, sermenip, ahyram Demir gözenekden çykmagyň ugruny tapmadym.
Bu gäwürüň nädip gapyny açandygy hakda pikir etdim. Şeýdip barşyma stenadan oýulyp edilen tekçäni depdim. Iki-üç sapar depdim. Stenasy gaçdy. Çyg çeken kerpiçleri pytrady. Ýene bir iki-sapar depdim welin gyzyl kerpiçler pytramaga başlady. Döwük kerpiçleri aýyryp ýene depdim welin stenadan uly gädik açyldy. Men gowakdan çykan ýaly diwardan aňyry tarapa geçdim welin ýene kerpiçlerden diwarlar uzap gidýärdi. Gapysy ýok girelgeler, zallar, uzap gidýärdi. Men aýlanyp dolanyp azaşdym labirint karidorlara, otaglara girdim. Az-ýöräp-köp ýöräp sowuk howanyň gelýän tarapyna ýöneldim. Bu çykalgadan gelýän sowuk howady. Men bar güýjimi jemledim we çykalga tarap ylgadym. Ahyry ýagtylygyň golaýlaýandygyny, sowugyň barha üşedip barýandygyny aňanymda çykalgany tapanyma begendim...
03.02.2024.
@Jeksparro

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.