Siziň pikiriňiz, gije ýatjak wagtyňyz okamaň

Men bu gündeligi döretmek pikir üç gün öň geldi ýogsada şol gün ähli ýerde elektrik togy öçüpdi, ir gözin uklapdym, uzakly gün ýagyş ýagýar, ähli ýer öl myžžyk, gümra bolaýyn diýseňem tüm garaňky, diňe ýagyşyň sesinden başga hiç zat eşdilenok, gözüme uky gelmedi. Pikir edip ýatyşyma irkildimmi bilemok, çyra ýanan ýaly boldy, muňa begenip ýerimden böküp turdymda telefony zarýada goýdum, ýöne geň galmaly men ýerimden turanymy özüm ýatan ýerimden görüp ýatyrdym. telefony goýup yzyma dönenimde-de özümiň maňa seredip ýatandygymyda gördüm , içimden bolsa pikir etýän men häzir uklap ýatandyryn ýogsam özümi nädip göreýin (bu pikir iki sany özümde-de bolup dur). Gözümi ýumdymda bu düýşüm meni belki gara basýandyr öýtdüm, Daşardan bolsa diňe ýagyşyň şybyrdysy eşdilýärdi. Gözümi açanymda bolsa, tok ýok hiç-hili ýagtylyk ýok, baş ujumdan biriniň aýak sesi eşidilen ýaly boldy. Indi düýşüm däldi hakykatdanda men oýadym biraz gorky duýup başladym we gözümi ýumdum, ses eşdildi -aç gözüňi,
dymyşlyk ýenede aç gözüňi diýilen sese tisginip gözümi açdym, bu wagt baş ujumda däl-de äpişgeden ýagtylyk düşýän ýaly ak tegelek yşyk göründi. Men barha gorkup başladym, indi içerdäki aýak seslerdide açyk bildirip durdy. Baş ujumda biri maňa seretýändigini duýýardym we iki baka ýöreýärdi. Men diňe ýagty tegelege seredip durşuma pikir etýärdim. Näme ahwalat boldugy, maňa häzir näme bolýarka? diýen sorag bolup durdy. Men özümi ele alyp, ýerimden turjak boldum, eýýäm meni bir zat üstümden basýan ýaly duýuldy. penjiredäki ak tegelek ýitip gitdi, indi hiç hili yşyk görünenokdy. Penjiräniň öňindäki perde ýapyk( tuty) durdy. öňki bolşy ýaly. Men şol wagt hakykatdanam gara basypdyr diýip düşündim, emma hälki başujumda duranyň pyşyrdap maňa bir zatlar diýenini eşitdim. Meni suw sil der basdy kimdigini biljek bolup seretmägede bognum ysmady, onuň sen näme gorkýaň eger sen gözüň öňünde görünsem sen şol ýerde jan berjege meňzeýäň, sen gözüň i ýum düýşiňde gürleşäýeris diýen sesini duýdum. Meniň başga çäräm ýok, alaçsyz gözümi ýumdum.
Hakykatdanam men gözümi ýumşum ýaly, derrew uka gitdim. Ol baş ujumdaky duran ýüzi perdeli bir açyk gara çalymtyl reňkde sudur bolup öňümde durdy we menden gorkma men seniň ýanyňda hemişede bar, ýöne sen meni duýaňokdyň diýdi.
Men näme jogap berjegimi bilmedim. Köp dymyp durdumda hakykatdanam sen menimň ýanymda bolýan bolsaň meniň düýşüme nädip girip bilýäň, sen kim näme üçin ýüziň perdeli, gözümi açaýyn hakykatdanam gözüme görünýän bolsaň men seni gözlerim bilen göreýin diýdim. Ol güldi-de: -Sen şeýle gorkup dursyň, hakykatdan saňa görünsem onda sen nähili boljagyňy bilemok, diýdi.
men ondan ýenede kim sen, adyň näme diýip soradym, Ol: men seniň jynyň hakykatdanam göresiň gelýän bolsa aç gözüňi diýdi.Men gözümi ýalpa açdym görsem garaňkylyk bolsada men onuň keşbini saýgardym we olam meniň keşbimi açyk görüp dur. Geplemedip şeýle seredip durşuma pikir etdim we onuňam meniň pikir edişim ýaly pikir etýändini duýdum. Soňam maňa wagt boldy men gitdim diýip gözümden gaýyp boldy. Şol seredip ýatyşyma horazlary gygyryp başlady. Asmanyň ýüzi agardy indi ýagyşam ýaganokdy. Bu barada ertirlik edinen wagtym öýde oturanlara gürrüň berdim. Gülüşdilerde seni gije gara basypdyr diýdi aýak sesleri bolsa çagalar daşa çykdy şolaryň aýak sesleridir diýdi. Men dogurdanam şeýledigine ynandym. Hehe sizem ynan bolsaňyz gerek, ýöne telefonym zarýada hakykatdanam goýulgy durdy, ýogsam men ony ýanymda alyp ýatypdym.... siz nähili pikirde
3 лайков 219 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
17 май 2022, 12:22
Ozuñi bilmezden goyansyñ.
Menem kawagt gije zaryada goyup ertir turup gorsem zaryatdan sogrulgy dur. Diyjek bolyanym ukuda wagtyñ ozuñ bilmezden hereket edyañ.
Remezan
Автор 17 май 2022, 13:11
Özümi içgili wagtym edýän herektlerimdi, ol wagtlar, yzyny üzmän üç gün ýagyş ýagdy we bu ýerde bolýan gürrüňdeşlikler, öz beýnimde ýaňlanan zat, göze görünmek bolsa, gorkana goşa görüner diýleni biraz özümden goşan fantaziýam
Hiayress
17 май 2022, 13:11
Göwnüňe näme getirseň şol bolýar. Hasam ýekelikde, garaňkyda.
Remezan
Автор 17 май 2022, 13:13
Hiayress
Göwnüňe näme getirseň şol bolýar. Hasam ýekelikde, garaňkyda.

Bu pikiriňe garşy däl
Hiayress
17 май 2022, 13:19
Kyýas,
Aslynda hemme zat beýniň oýuny. Beýni diri galmak üçin ähli gelip biljek howplary öňünden hasaplaýar. Ýöne gije garaňky jaýda ýeke galanda welin köplenç üstüni dowula basdyrýar, öňki kadaly hasaplamalaryny (howpdan sowulma formulasyny) ýitirip ugraýar we garaňkyda gözüniň ýetmäýän ýerinden özüne howp abanýan ýaly dürli howplary suratlandyryp ugraýar.
Hiayress
17 май 2022, 13:26
Köplenç düýşümde garabasanda düýşümdigini, garabasýanyny düşünýän, ýagny bolup geçýän wakanyň hyýalymda amala aşýanyny bilýän. Her saparam şol garabasmany kontrol edjek bolýan, ýatmazymdan öňürti garabassa özüme gorkmazlyk hakynda söz berýän, arman şeýle waka bolanda welin kontrol etmeklik dälde, gorkumdan ýaňa oýanmana çalyşýan. Eger çalt oýanyp bilsem, oýanan badyma bäş-on minut çalt oýanyma begenýän, ýöne soňra ahmyr edýän. Näme üçin garaň üstüne topulmadym diýip ahmyr edýän. Her saparam şeýle bolýar.
Remezan
Автор 17 май 2022, 13:28
Hiayress
Kyýas,
Aslynda hemme zat beýniň oýuny. Beýni diri galmak üçin ähli gelip biljek howplary öňünden hasaplaýar. Ýöne gije garaňky jaýda ýeke galanda welin köplenç üstüni dowula basdyrýar, öňki kadaly hasaplamalaryny (howpdan sowulma formulasyny) ýitirip ugraýar we garaňkyda gözüniň ýetmäýän ýerinden özüne howp abanýan ýaly dürli howplary suratlandyryp ugraýar.

Dogry aýdýaň eger adam öz beýnisiniň işjeňligini ünsli we duýsa köp boljak we göze görünmeýän täsirleri görýär, umuman nirde gabat gelenimi bilemok, adamyň süýri beýnisinde, adamyň görüş, eşidiş, tagam duýuş, gepleýiş duýgulardan başga, köp zady ýerine ýetirip bilýär diýýär, adam düýş görmekleri, ýa göze görünmeleri filtirläp ýetişmedik ýagdaýynda bize aýdyň bolýan alamatlary şol beýni ýerine ýetirýär diýýä, iň bärkisi, sen gidip barýaň, yzyňdan kimdir biriniň gelýänini duýýaň, ýada şonuň anyk kimdigini görmesizden bilýänsiň, şol maglumaty ýerine ýetirýän süýri beýnimiz.
ajy
17 май 2022, 13:52
Men kiçi wagtym oyde yeke galamda oydakiler giç gelse ukydan oyanyp gapyny açýan, ýõne şol gapyny açanym ukydan oýananym ertesi irden ýadyma düşmeýä. men açdymmyna diýip otyrýan
ýüreksözi
17 май 2022, 15:34
menä gorkyp başlapdym bolsada sonundan "hehe" dp ýazaýypsyň bolmasa günniz okanam bolsam ýüregim ýarylda
Remezan
Автор 17 май 2022, 16:23
ýüreksözi
menä gorkyp başlapdym bolsada sonundan "hehe" dp ýazaýypsyň bolmasa günniz okanam bolsam ýüregim ýarylda

kä halat durmuşda bolýa şeýle ýagdaý, haçanda öwrensek, bu adaty bolaýmaly diýip düşünýäs, şol sebäpli gorkyny unudyp gidiberýäň, kiçijek wagtym, gorkmaklyk boýunça, gije basyrganmak, gije ýöremek(lunatik) men şolaryň ählisem geçirdim, gorkuly kino, ýada gürrüň berilse, şol güni ýatyp bilemokdym, indi maňa adaty ýagdaý ýaly, gorkuly zat ýa kino maňa komedýa görýän ýaly garaýan.