Näletli Düýš/Bolan Waka (Ýegenimiň Bašdan Gečirenleri)

Men kiçikäm (takmynan 5-6 ýaşlarymda) gije uklanymdan soň düýşüme gara reňkli bir zat girýärdi. Her saparam meni ölmegiň bäri ýany edýärdi. Esasanam kesellänimde. Kesel wagtym düýşümde ondan gaçybam bilemok, gymyldabam bilemok. Şol gara zat gelip meniň bokurdagyma elini goýýardy. Ilki başda mylaýym, ýakymly bolýardy, soňam birden gaty erbet gysyp bogýardy. Men hiç-hili gymyldap bilmeýärdim, gürläbem bilemokdym. Soňam aglap turýardym. Kesel wagtlarym ejem kän oturdy uklaman meniň ýanymda. Uklamana gorkýardym, aglaýardym. Kesel bolmadyk wagtlarym düýşümde şol gara zatdan gaçýardym. Olam kowalaýardy. Edil şol wagt menem suwa girip, ýüzüp gaçýardym. Ol gara zat suwa girip bilmeýärdi, şol ýerde gözläp galýardy. Bularyň ählisi kiçi wagtlam bolupdy. Häzir indi bolanok. Emma bir gije 22 ýaşlarymda uklamak üçin kiçi komnata girip kellämi gapy tarapa bakdyryp ýatdym. Gapy tarap kiçi koridor, hemme komnatlara şol koridordan girip çykýas. Koridordaky başga komnatyň gapysynda tesbih bilen göz monjuk bardy. Men bolsa kiçi komnatda ýeke özüm uklaýardym. Düýşümde şol şekilde kellämi gapy tarapa bakdyryp, ýöne gapa seredip ýatyrdym. Soňam gapy açyldy. Şol gara zat geldi. Ýüzüni göremok, diňe aýaklary görnüp dur. Menem gymyldaman ýatyryn. Ol meň arkama geçip birden uly güýç bilen arkamdan basdy. Şol wagt üsdüme tonnolap ýük taşlanan ýaly gaty erbet boldym. Ýerimden turjak boldym ýöne hiç bolanok. Onsoň birden öz-özüme: "Bolýar häzir düýş görüp otyryn. Oýanaryn häzir" diýdim. Emma eýdip gördüm beýdip gördüm oýanamok. Soň gaty gorkup tolgunyp ugradym. Bar güýjüm bilen ýerimden turjak boldym. Onsoň oýandym. Görsem komnatda hiç kim ýok. Gapam ýapyk. Içime tüýkürdimde ýene ýatdym. 10-15 minutdan koridorda bir zat ýere gaçyp şakyrdap pytrady. Ejem dädem doganlam hemmesi gygyryp çykdy. Görsek tesbih bilen göz monjugyň daňylgy duran žilka bagy üzülipdir. Tesbih pytrapdyr, göz monjugam ýere gaçyp döwülipdir. Men gaty haýran galdym şol žilka bag nädip üzülipdir.
Gara basan diýip eşidipdim. Bulam şomyka?
2 лайков 256 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
14 май 2023, 12:15
Gara basma bolanda gacyp bolonok birem gygyryp bolonok düýşde...
murat yousef
14 май 2023, 12:28
Gara basmak beýleki material zatlara(žilkaň üzülmegi ýada işigiň açylyp ýapylmagy) täsirini ýetirip bilmez diýip pikir etýen. Sebabi gara basmak medikleriň dilinde düýşüňde uklap ýatyrkaň az wagtlyk paralizowat etmek, ýagny ysmaz bolmak...