Taňryny hasap etmeýänler (A.t.e.i.s.t.l.e.r) hakynda düşündiriş

TAŇRYNY HASAP ETMEÝÄNLER (A.T.E.I.S.T.L.E.R.) HAKYNDA DÜŞÜNDIRIŞ


A.t.e.i.z.m ýa-da ''Ýaradan ýok!'' diýip Taňrynyň ýa-da Taňrylaryň barlygyna bolan ynanjyň ýoklugyna berilen termine aýdylýar. Şolar ýaly pikirde bolanlara a.t.e.i.s.t ýa-da Taňryny hasap etmeýän kişi diýilýär.
A.t.e.i.z.m ynanç, ygtykatlary, hyýaly mahluklary we wakalary bolup geçmedik diýýärler. A.t.e.i.s.tiň pikiriçe Taňrynyň ýoklugyny aýtmak bilen çäklenmän eýsem bütin metafiziki ynançlary we bütin ruhanyýet barlyklaryny hem inkär edýärler, ýagny ýok zat diýip hasaplaýarlar.
Söz kökindenem mälim bolşuna görä a.t.e.i.z.m din bilen baglanyşykly ýeri ýok-da, Taňrynyň gönümel özi bilen baglanyşykly ýerleri bar. A.t.e.i.z.m her dürli metafizikany ýok hasaplaýandygy üçin, metafiziki barlyklaryň jemlenen dinleriň metafiziki bölümlerinem kabul etmeýärler. Bu aýratynam dinlere garşy alynyp barylýan ýagdaý däl-de, hususanda bütin metafiziki ynançlara garşy durmakdan ybarat düşünjedir.
A.t.e.i.z.m ýygy-ýygydan ''Dinsizlik'' bilen gabat getirilen ýagdaýynda Buddizm ýaly Uzak gündogar dinlerinde-de ''ýaradyjy'' hökmünde bir Taňrynyň barlygyna gabat gelmeýär.
Şol ugry bilenem a.t.e.i.sm bilen dinsizlik baglanyşykly däldir.
Deizm pikirine garap geçenimizde bolsa Taňra ynanjyň boluşy ýaly diňe dinleriň kabul edilýändigini görse bolýar.
A.t.e.i.z.m diňe Taňry ýa-da Taňrylaryň we metafiziki baglanyşygynyň ýokdugyny aýdýar.
A.t.e.i.z.m ýaradyjy, söweşjeň Taňryny kabul eden teizmden ýaradyjy ýöne garşylyk görkezmeýän Taňryny kabul eden deizmden, hemme zady gurşap alan Taňry ýa-da Älemiň ýa başlangyjynyň Taňrylyk bilen meňzeşliginiň bardygyny açyklaýan panteizmden we Taňrynyň hem Älemiň öz-özi hem-de Älemiň aňyrsyndadygyny nygtaýan panteizmden; aýratynam Taňrynyň barlygy we ýoklugy hakdaky soraglary ''jogaplap bolmaz'' diýen agnostoizmden; belli bolşuna görä Taňryny ýok hasaplama synpyna düşürýär.
Häzir dünýä ilatlarynyň statistikasy 2,3%-i özüni a.t.e.i.s.t, 11,9%-i dinlere ynanmaýanlar hasaplanylandyr.
Bu hasaplama Russiýanyň 48%-inden köpelýär, Ýaponiýada bolsa 64%, bilen 65% aralygynda üýtgeýär. Ýewropada 6%, Italiýada 85%, Şweýsariýada bolsa üýtgäp durýan hasaplamalar bellige alyndy.
2006-njy ýylyň statistikasyna görä Türkiýede 2,5 töweregine gelendigi hasaplanyldy.
A.t.e.i.s.t taryh boýunça, adamlaryň bar hasaplan Taňrysyny hyýaly däp-dessurlardan emele gelendigini pikir edýärler. Käwagtlar ýalňyş düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda, a.t.e.i.s.t adam köplenç Allahy inkär edýän bolup çykanok.
Çünki ''inkär'' bar bolan zadyň red edilmegini (kabul edilmezligi) aňladýar. Eger şeýle bolsa a.t.e.i.s.t.l.e.r.e görä haýsydyr bir Taňrynyň ýoklugy üçin onuň ''inkär edilmegem'' ýalňyş termin hökmünde ulanylylýar.
A.t.e.i.z.m haýsydyr bir zady açyklaýan däldir. Diňe ''Taňry bar'' diýilýän düşünjä ynanmaýar. Ýagny a.t.e.i.s.t Taňrynyň ýoklugyny açyklap bilmez, sebäbi ateizm ynanç däldir. Ynançsyzlykdyr,
Grekçe: αθεοι atheoi sözünden döräp, bu sözüň asly hem Gresiýa baryp direýär.
''Theos, grekçe ''Taňry'' diýmek bolup atheos sözündäki ''a'' harpy onuň goşulmasydyr. Fransuzça ''athéisme'' sözi ''atheism'' sözine öwrülip, 1587-nji ýyllar töwereginde iňlislere geçipdir, bu sözüň türkmençesi hem şol terminiň özüni ulanmak arkaly ''A.t.e.i.z.m'' diýilýär we ''Hudaýy hasap etmedik'', ''Hudaýy tanamazlyk'', ''Hudaýyň ýoklugy'', ''Hudaýsyz'', ''Hudaýy ýok'' diýen manyda düşündirilýär.
A.t.e.i.z.m bilen baglanyşykly sözler 1587-nji ýyldan soň döräpdir. Deist 1621-nji ýylda, Teist 1662-nji ýylda, Teizm 1678-nji ýylda, Deizm sözi bolsa 1682-nji ýyllarda orta çykypdyr.
Deizm başda häzirki Teizmiň ýerine ulanylan bolsa-da has soňralar aýry pelsepewi termin hökmünde galypdyr.
Karen Armstrong XVI, XVII we XVIII asyrlar boýunça ''a.t.e.i.s.t'' sözi polemiklerde paýyş, sögünç söz hökmünde ulanylýardy. Hiç kimem özüne a.t.e.i.s.t diýdirenokdy. Bu olarda ''Hudaýsyz'', ''Hudaý tutan'' diýen ýaly sögünç bolup eşidilýärdi'' diýýär. A.t.e.i.z.m ilkinji gezek XVIII asyr Ýewropasynda Bir Hudaýly Ybraýymyň dinine ynamsyzlygy açyklamak üçin döräpdir. Şondanam XX we XXI asyra gelipdir.
Gadymy Gresiýada Anaksimandros, Anaksogoras, Demokritos we Epikur a.t.e.i.z.m.i.ň iň meşhur şahsyýetleridi.
Orta asyrlarda bolsa Haç Ybadathanasy (Kilise), Hristiýan dini sebäpli hiç a.t.e.i.s.t.e.m dini ýolbaşçylaryň kanunlary (inkiwizisiýa) sebäpli orta çykmaga het edip bilmändir.
XVIII asyryň Aýdyňlanma eýýamynda Baron d Holbak we Denis Diderot ýaly dine garşy düşündirişleri ilkinji goýan hökmünde aýdylsa-da a.t.e.i.z.m.i.ň yşygy XIX - XX asyrlarda Lýudwig Feuerbak, Karl Marks, Fridrih Engels, Wladimir Lenin we beýleki diýalektik materialist filosoflardan soň çykypdyr.
Induizmiň Teisti m.o VI asyrda Hindistanda orta çykypdyr we teizme garşy bolan Jarwaka, çak edilşine görä Hindistan taryhynyň a.t.e.i.s.t bölümini peýda edipdir. Hindistanda Taňrynyň kabul edilmezligi Jainizmde we Buddizmde-de ozal orta çykypdyr.
Günbatar dünýäsinde a.t.e.i.z.miň Sokratdan öňem bolandygy bilen baglanyşykly geçmişi bar. Ýöne bu, Aýdyňlanma döwrüne çenli orta çykmandyr. M.o. V asyrda ýaşan Diagoras mistizmi we ynanjy güýçli şekilde red eden a.t.e.i.s.tdyr.
Kritiasyň pikiriçe ''Din'' adamlar tarapyndan toslanandygyny we adamlary gorkuzmak üçin olara belli bir düzgünleri çäklendirip goýulan sistema bolandygyny hasaplaýar.
Demokritos ýaly maddyçylar (ýagny görünýän zatlary tassyk ediji) bolsa Daş-töweregi ruhany we mistiki ýöntemler bilen açyklamaga çalşypdyr.
Sokratesden öňki döwürlerde a.t.e.i.s.t filosoflaryň arasynda Prodijos we Protagoras hem bardy. M.o. III asyrda ýaşap geçen Teodorus we Straton hem Taňrynyň barlygyna ynanmaýan filosoflardy.
Sokrat, Taňrylary düşünmeýän zatlary üçin soraga çekendigi üçin günäkärlenipdir. Ol ruhlara ynanýan hökmünde a.t.e.i.s.t däldigini açyklasada ölüme ýollanypdyr.
Euhemerusa görä Taňrylar diňe keramatlaşdyrylan hökümdarlar, basybalyjylar we gadymyýeti gurujylar bolupdyr. Olaryň dinleri we mezhepleri, ýok edilen patyşalyklaryň dowam eden syýasy gurluşy bolupdyr.
Ýene-de bir maddyçy Epikurosa görä Ruh maddy we ölümlidir. Epikurosçylyk, Taňrylaryň ýoklugyny aýtmasa-da, Taňrylar bar bolsalaram adamzat bilen işleriniň ýokdugyny açyklaýar.
Rimli şahyr Lukretýus hem Taňrylaryň bardygyny we olaryň Adamzat bilen işleriniň ýokdugyny we tebigy ýaşaýyşa gatnaşmandyklaryny aýdýar.
Şu sebäpden adamzada tebigy barlyklardan gorkmagyň geregi ýokdugyny açyklapdyr we kosmos, atom, ruh, ölümlik we din ýaly söhbetdeşliklerde epikurosçylyk pikirlerini De rerum natural (Barlyklaryň Peýda bolmagy) atly eserinde Epikurosyň pelsepesini Rime ýaýýar.
''A.t.e.i.s.t.iň'' manysy gadymy greklerde her dürli düşündirilýär. Irki döwrüň Hristianlary, öz Hudaýlaryna ynanmandyklary üçin paganlar tarapyndan a.t.e.i.s.t atlandyrma berlipdir, hatda Rim imperiýasy döwründe Rim Taňrylaryny red edendikleri üçin ölüm jezasy berilipdir. Hristiýanlyk Rim tarapyndan kabul edilenden soň, ýagny 381-nji ýyldan soň täze agalyk ediji dinde günäkär hasaplanypdyr.
Irki Orta asyr eýýamlarda Yslam dünýäsi ''Altyn Eýýamy başyndan geçirdi. Ylymda we pelsepede öňe gidişlik gazanýarka Arap we pars topraklary Ebu Isa el-Werrak (889-994), Ibnu-r-Raawendi-Raawendi (827-911), Razy (865-925) we Ebul Ala el-Maarry (973-1058) ýaly akyldarlary dünýä getirdi.
El-Maari ''Diniň öňkülerden galan ertekidigini'' aýdýar we şeýle diýýär: '' Adamlar dünýäde ikä bölünýärler: ''Birinjisi dini bolmadyk akylly adamlar, ikinjisi bolsa Akly bolmadyk dindarlar''.


(dowamy bar)


@Jeksparro



04.02.2024.
0 лайков 79 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.