Gurbandurdy Zelili
GURBANDURDY ZELILI
/1800-1852/
Gurbandurdy Zelili görnükli nusgawy şahyrlaryň biridir. Onuň hakyky ady Gurbandurdy, Zelili bolsa lakamydyr. Zelili 1800-nji ýylda Gürgen sebitlerinde dogulýar. Onuň kakasynyň ady Mämmetdöwlet, ejesiniň ady bolsa Hurmadyr. Zelili Azadynyň agtygy, Magtymgulynyň bolsa ýegenidir. Zelili Nury diýen gyza öýlenipdir. Zeliliniň bir ogly bolupdyr. Şahyryň nebereleri häzirki wagtda Magtymguly etrabynda ýaşaýarlar.
Zelili başlangyç bilimi oba medresesinde alypdyr. Soňra Hywa şäherindäki Şirgazy medresesinde okapdyr. Onuň görnükli şahyr bolup ýetişmeginde babasy Azadynyň we daýysy Magtymgulynyň uly hyzmatlary bolupdyr. Zelili öz döredijiliginde olardan nusga alypdyr. Gündogar we türkmen edebiýatyny ürç edip öwrenmegi Zeliliniň bilimini, düşünjesini baýlaşdyrypdyr.
Zeliliniň esasy käri demir ussasy bolupdyr. Şeýle hem, ol Magtymguly ýaly zergärçilik hem edipdir.
Zelili döwrüniň syýasy wakalaryna hem gatnaşypdyr. Özüniň il-ýurduny goramak üçin duşmanlara garşy batyrgaý göreşipdir. Ol söweşleriň birinde duşmanlara ýesir düşüpdir we ýedi ýyl öz ýurdundan aýraçylykda ýaşapdyr. Şahyr Hywada sürgünde bolan ýyllarynda öz il-ýurduny küýsäp, watançylyk mazmunly birnaçe goşgular döredipdir. Zelili 1826-njy ýylda öz iline dolanyp gelipdir.
Zeliliniň döreden köpsanly goşgularynyň arasyndan watançylyk mazmunly goşgular saýlanyp durýar. Olarda il-güni, ýurdy söýmek we halkyň bagtyýar ýaşaýşyny goramak pikirleri uly orun tutýar. Şahyr öz Watanyny, onuň tebigatyny bütin baýlygyny, halkyny tüýs ýürekden söýen watançydyr. Şonuň üçin oňa ''watançy şahyr'' diýilýär. Zelili özüniň öwüt-nesihat temasyndaky goşgularynda ildeslerini mertlige, ajaýyp gylyk-häsiýetli bolmaga çagyrypdyr. Adamlara ýagşy sözlüligi, rehimliligi, myhmanparazlygy ündäpdir. Şahyryň söýgi temasyndaky goşgularynda hem gelin-gyzlaryň görk-görmegi açylyp görkezilýär, olara bolan söýgi çeper dil bilen beýan edilýär.
Türkmen halky Zeliliniň goşgularyny söýüp okaýar. Şahyryň goşgularynyň köpüsi irki döwürden bäri bagşylar tarapyndan aýdym edilip aýdylyp gelinýär.
WATANYM SENI
Ýürek telwas eder, göterler serim,
Köňül arzuw eýlär, Watanym, seni!
Etrek, Gürgen ýurdum - gezen ýerlerim,
Köňül arzuw eýlär, Watanym, seni!
Sugunly, umgaly, çal goçly daglar,
Belentden pestine akan bulaklar,
Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar,
Köňül arzuw eýlär, Watanym, seni!
Miwesi bihasap bakjaly baglar,
Awy binahaýat uly awlaglar,
Ýada düşer ajap döwranly çagalar
Köňül arzuw eýlär Watanym, seni!
Ýalaňaç horlanmaz mugan gyşyna,
Ýazyna dürli ot, maly başyna,
Ýaýlasynda her kim çykar daşyna,
Köňül arzuw eýlär Watanym, seni!
Haýp, abat iller ber-bibat boldy,
Dostlar gamgyn boldy, duşman şat boldy,
Aýrylyşdy, aşna-ýarlar ýat boldy,
Köňül arzuw eýlär Watanym, seni!
Köňlümiň aramy, gözüm röwşeni,
Men neýläýin, dostlar, onsuz bu jany,
Görermikäm Seýdi deýin janany?
Köňül arzuw eýlär, Watanym seni!
Zelili, bu ýurtda aýş ýok, höwes ýok,
Her kim başyna gaý, belent ýok, pes ýok,
Toý-tomaşa, märeke ýok, meýlis ýok,
Köňül arzuw eýlär, Watanym seni!
Nury SEÝIDOW, Gültaç NURMYRADOWA

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.