MOLLANEPES

MOLLANEPES
/1810-1862/

XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyrlarynyň biri Mollanepesdir. Ol 1810-njy ýylda Sarahs etrabynda doglupdyr. Kakasynyň adyna Kadyrberdi diýer ekenler. Mollanepes dört oglan doganyň kiçisi bolupdyr. Ol Bossantäç atly gyza öýlenipdir. Ondan Mämmetreýim hem Resul atly ogullary bolupdyr. Mollanepesiň maşgalasynyň Sarahsdan Mara göçmegi netijesinde şahyr bütin ömrüni diýen ýaly Wekilbazar etrabynda ýaşap geçiripdir. Şahyryň nesilleri häzirki wagtda Mary welaýatynyň etraplarynda ýaşaýarlar.
Mollanepes ilki oba medresesinde, soňra Marydaky Molla Töre ahunyň medresesinde bilim alypdyr. Soňrak Buhara medresesini tamamlap, döwrüniň ylymly-bilimli adamy bolup ýetişipdir. Ol örän ylymly, sowatly, sowatly, molla adam bolansoň, asylly ''Nepes'' adynyň öňüne ''molla'' sözi goşulypdyr we ''Mollanepes'' ady ýörgünli bolup galypdyr. Şahyr Gündogaryň beýik söz ussatlarynyň eserlerini ürç edip okapdyr. Öz eserlerini ýazanda olardan nusga alypdyr.
Mollanepes türkmen ülkesine hemişe duşmanlaryň howp salýan gowgaly döwründe ýaşapdyr. Şahyr eline ýarag alyp ýurdy goramak üçin söweşlere gatnaşypdyr. Ol öz goşgularynda türkmen serdarlarynyň, batyr ýigitleriniň edermenliklerini wasp edipdir, olary Watan goramak ugrundaky söweşlere ruhlandyrypdyr.
Görnükli söz ussady Mollanepesiň döredijiliginde söýgi ýa-da yşk temasyndaky goşgular esasy orny eýeleýär. Şonuň üçin oňa ''yşk mülküniň şasy'' diýilýär. Şahyryň bu ugurda ýazan onlarça goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň ahlak sypatlary, görk-görmekleri, edim-gylymlary wasp edilýär. Ynsanyň mukaddes duýgusy bolan söýgi belent derejelere çykarylýar. Mollanepes yşk-söýgi temasyndaky ''Zöhre-Tahyr'' dessany hem ýazypdyr. Şahyr dessanda aşyk-magşuklar hakyndaky öňden mälim bolan ýorduma türkmen milli ruhuny siňdiripdir. Özüniň söýgi hakdaky arzuw - hyýallaryny beýan edipdir. ''Zöhre - Tahyr'' halkymyzyň söýgüli dessanydyr. Okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan bu dessan bagşylar tarapyndan hem uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler.
Mollanepesiň öwüt-nesihat temasyndaky goşgulary hem uly ähmiýete eýedir. Olarda agzybirlikde ýaşamak, birek-birege ýardam etmek, mertlik, jomartlyk, myhmanparazlyk ýaly ýagşy häsiýetli bolmak nesihat edilýär.
2010-njy ýylda ýurdumyzda Mollanepesiň doglan gününiň 200 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenip geçildi. Şahyryň edebi mirasy dolulygyna türkmen dilinde we beýleki dillerde neşir edilip, halka ýetirildi. Ýörite ylmy-barlag işleri ýazylyp çap edildi. Şahyra bagyşlanyp dürli çäreler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Mollanepesiň döredijiligine ýokary baha bermek bilen, şeýle diýýär: ''Adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, ynsanperwerlik, watansöýüjilik, yşk-gözellik hakdaky arzyly oý - hyýallaryny jahana ýaýan Mollanepesiň şygryýeti adamzat kalbynda nepis duýgulary oýarýan, zehini taplaýan iň ajaýyp, iň gözel we näzik gymmatlykdyr, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy ündeýän ummandyr''.

AŇSA

Hindiniň awçysy çyksa şikäre,
Özge aw islemez ''Pil'' sesin aňsa.
Otag-orun bolsa bilbili-zara,
Otaga ot salar, ''gül'' sesin aňsa.

Gündize Gün zynat, gijäge - Mahtap,
Kümüş zäge mätäç, altyna - simap,
Derýa görki semek hem dürri-naýap,
Bulut röwşen tapar, ''kül'' sesin aňsa.

Ýagşy zen suhanwer, bolsa sypaýy,
Ýüzi misli mahtap, on tördi aýy,
Gaçar bet ärlerden söz guran saýy,
Çyrag iba kylar, ''ýel'' sesin aňsa.

Harsydünýä söýer teňňäni, maly,
Bir gün bitap bolup, gitse mejaly,
Dönüp-deprenmäge bolmasa haly,
Galar garysyna, ''pul'' sesin aňsa.

Jereniň balasyn baksaň, bejerseň,
Suw ýerine şeker-şerbetler berseň,
Höregne gül berip, bir güni görseň,
Watandan el götär, ''çöl'' sesin aňsa.

Gula döwlet gelse bilmez agasyn,
Nakyldyr: har doýsa, deper eýesin,
Kyrk çillede baksaň doňuz çagasyn,
Bükürt urar, gaçar ''jul'' sesin aňsa.

Namartlaryň könli açylar şer diýseň,
Hergiz gitmez, gazat üçin ýör diýseň,
Bahyllaryň jany çykar ber diýseň,
Täzeden jan geler, ''al'' sesin aňsa.

Karun mülkün alsa bir är ýa tişi,
''Pulum az'' diýr, her dem çeker käýişi,
Nuhuň ömrün hasyl etse bir kişi,
Ýakmaz gulagyna, ''öl'' sesin aňsa.

Nepes, sen sözleseň ulus-illerde,
Bilbil şeýda bolar täze güllerde,
Aşak ezgil dahan içre tillerde,
Ary hüjüm eýlär, ''bal'' sesin aňsa.





Nury SEÝIDOW, Gültaç NURMYRADOWA


0 лайков 120 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.