Mämmetweli Kemine

MÄMMETWELI KEMINE
/1770-1840/

Mämmetweli Kemine türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biridir. Ol 1770-nji ýylda Sarahs etrabynda doglupdyr. Onuň asyl ady Mämmetweli bolup, soňra ''Kemine'' diýen edebi lakamy bilen meşhur bolupdyr. Şahyryň kakasyna Garadöwlet diýer ekenler. Ol Gurbanbagt atly gyza öýlenipdir we ondan Allaýar, Hudaýýar atly iki ogly bolupdyr.
Kemine başlangyç bilimi öz obalaryndaky medresede alypdyr. Soňra Buhara, Hywa şäherindäki medreselerde okapdyr we döwrüniň ylymly-bilimli adamy bolup ýetişipdir.
Kemine Mollanepes, Şabende, Talyby, Aly bagşy ýaly şol döwrüň görnükli şahyrlary, bagşylary bilen ýakyndan dostlukly gatnaşyk saklapdyr. Ol edebiýaty, aýdym-sazy, saz-söhbeti söýýän ruhubelent adam bolupdyr. Özüniň ajaýyp goşgulary, dile çeperçiligi, wäşiligi we degişgenligi bilen halkyň çuňňur söýgüsini gazanypdyr. Şahyr ençeme şorta sözleri döredijidir. Onuň ady bilen aýdylýan şorta sözler häzirki günlerde hem halk arasynda uly gyzyklanma eýedir.
Keminäniň döredijiligi köp temalydyr. Şahyryň watançylyk, il-gün hakyndaky goşgularynda dogduk mekan, il halka çuňňur söýgi bildirilýär. Durmuş hakyndaky goşgularynda bolsa, şahyryň ýaşan döwrüniň türkmen durmuşynyň köp taraplary aýdyň açylyp görkezilýär. Gyz-gelinleriň gözelligi, edep-ekramy, ýaşlaryň päk söýgüsi şahyryň söýgi, ahlak temasyndaky goşgularynda öz beýanyny tapýar.
Halk döredijilik eserleri, Magtymgulynyň şygyrlary Keminäniň döredijilik mekdebi bolupdyr. Şahyryň goşgularynyň dili düşnükli we akgynly okalýar. Şonuň üçin onuň ençeme goşgulary aýdyma öwrülipdir.
Keminäniň döredijiligine durmuşdaky ýaramazlyklary ötgür söz, çeper dil bilen ýazgarmaklyk mahsus. Şonuň üçin oňa ''satirik şahyr'' diýilýär. Şahyryň döredijiligi örän uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir.

GARYPLYK

Günde müň gussam bar ýüz elem bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk.
Soragy men boldum gaýgy-gam bilen,
Gelip düşer hatar-hatar garyplyk.

Pany dünýä zynat bilen, harç bilen,
Ýüregiň maddadyr, bagryň berç bilen,
Wadasyz şum ölüm bergi-borç bilen,
Ýylba-ýyldan gaýym tutar garyplyk.

Iýmesem, içmesem hem günüm ötmez,
Bürenip ýatmaga mydarym ýetmez,
Günde müň kowlasam, baý ýere gitmez,
Goş basyp, dulumda ýatar garyplyk.

Tapypdyr her ýerde ýeke-ikini,
Çekipdir biline gaýyş çekini,
Alypdyr eline daşly sokyny,
Ýadaman depämden urar garyplyk.

Ýylba-ýyldan meniň müflisim çykar,
Garybyň ýüzüne kim gülüp bakar?
Ýörüşsem, ýaryşsam, göreşsem ýykar,
Oýnasam, oýnumda utar garyplyk.

Bir sözüm bar, saňa aýdaýyn Durduly,
Sakalym gyrawly, murtum burjuly,
On bäş köpek bile, otuz gürjüli,
Gykuwlap yzymdan ýeter garyplyk.

Seýl etmedim sähralarda, çöllerde,
Mestana gezmedim uly illerde,
Bir bilbildim, saýramadym güllerde,
Çaga zehinim gara gatar garyplyk.

Kemine diýr, geler bir gün sim ölüm,
Kimsäge - toý-baýram, kimsäge - zulum,
Gyýylma, ynjama, sabr eýle, köňlüm,
Gelipdir - bir zaman öter garyplyk.

ÖZÜM HEM ÝITERDIM

Molla Kemine eşegini ýitirensoň, bir ýere pyýada barýan ekeni. Onuň öňünden bir topar jahyl çykyp:
- Molla Kemine, hany, siz hemişeler mydama şekli gezýärdiňiz welin, bu gün eşegiňiz nirä ýitirim boldy? - diýip, ondan soraýarlar. Onda Kemine:
-Aý, oglanlar, siz soramaň, men aýtmaýyn. Men şu gelşime ýüz müň şükür edýän. Eger men şu gün şol eşegiň üstünde bolan bolsam özüm hem ýiterdim -diýip, jogap beripdir.

***

Kemine ençeme ajaýyp goşgulary döreden şahyr bolmak bilen birlikde, dile çeper, şorta sözli, degişgen adam bolupdyr. Halk arasynda onuň adyna aýdylýan köp sanly şorta sözler bar. ''Özüm hem ýiterdim'' diýen şorta sözde Kemine ýiten eşegi bilen baglanyşykly gyzykly hem gülküli jogap berýär.




Nury SEÝIDOW, Gültaç NURMYRADOWA
0 лайков 133 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.