Mollanepes

(1810-1862)


Söýgi goşgularynyň ussady, türkmenleriň arasynda “Yşk mülkiniň şasy”diýlip tanalýan Mollanepes XIX asyrda ýaşapdyr.

ÖMRI


Beýik söz ussady Mollanepes XIX asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyrymyzdyr. Beýleki nusgawy şahyrlarymyza garanyňda, Mollanepesiň terjimehalyna degişli köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Adamlarda gözel duýgulary, ajaýyp arzuwlary oýarýan şygyrlary bolan lirik şahyrymyz Mollanepes 1810-njy ýylda häzirki Sarahs etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna molla Kadyrberdi diýer ekenler. Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr, oalryň iň kiçisi Nepes bolupdyr. Örän ylymly, sowatly adam bolansoň, onuň adynyň öňüne “molla” sözi soň goşulyp, Mollanepes diýen at ýörgünli bolýar. Umuman öňki zamanlarda şahyrlara Molla Kemine, Molla Zelili ýaly epitet bilen ýüzlenilipdir. Mollanepes ilki oba mekdebinde soňra Maryda Molla Töre ahunyň medresesinde bilim alypdyr. Has soňrak Buhar medresesini tamamlap ahunlyk derejesine ýetipdir. Gündogaryň beýik söz ussatlary Nyzamynyň, Nowaýynyň, Firdewsiniň, Jamynyň Fizuliniň, Magtymgulynyň eserlerini ürç edip okapdyr. Şahyr arap, pars dillerinden gowy baş çykarypdyr. Şonuň üçin ol pars dili şahyrlaryň goşgularyny, poemalaryny asyl nusgasyndan okapdyr. Şeýle hem ol musulmanlaryň, hristianlaryň keramatly kitaplary bolan Gurhany, Injili gowy öwrenipdir. Muny onuň özüniň ölmez-ýitmez “Zöhre-Tahyr” dessanda ulanan Musa pygamber, Isa pygamber bilen baglanyşykly rowaýatlary hem tassyk edýär. Şahyryň:

Gezdim Buhar şährin Samarkant bilen…

Seýran edip gezdim ýakyny – ýady… –

diýen setirleri onuň köp ýerlere jahankeşdelik edendigini, gözýetiminiň giň bolandygyny görkezýär. Ol öz döwrüniň görnükli şahsyýetleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Şolaryň biri hem nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminedir. Bu hakynda Mollanepesiň çowlugy Oguljahan eje şeýle gürrüň beripdir: “Babamyň alty aý oglan okadyp, alty aý kitap okamak, goşgy ýazmak bilen wagt geçireni hakda kakam pahyr gürrüň edip bererdi. Olar üç kişi ekenler, biri babam, ikinjisi Aman diýen adam, üçünjisi molla Kemine bolara çemeli. Olar bütin gijäni her hili kitaplar okamak, goşgy düzmek we ýomak atyşmak bilen geçirer ekenler.” Mollanepesiň nesil şejeresi şeýledir. Molla Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr. Olaryň birisine Agajyk bagşy diýer ekenler. Ol bu dünýäden perzentsiz ötüpdir. Beýleki ogly Ördekberdi bolup, onuň ogluna molla Erçi diýer ekenler. Şahyryň ýene bir dogany Hakberdi. Onuň perzentleri Meşret hem Ýemşik. Mollanepes öz obadaşy Bossantäç diýen gyzy söýüp oňa öýlenýär. Mollanepesiň Mämmetreýim hem Resul atly ogullary bolupdyr. Mollanepesiň Mämmetreýimden bolan agtygyna Hojanazar diýipdirler. Il içinde tutulýan ady Hojaş. Hojaşyň iki gyzy bolup, birine enesi Bossantäjiň ady dakylypdyr. Ol köp goşgy ýazar eken. Mollanepes teke türkmenleriniň Sarahsdan Mara süýşmegi netijesinde ömrüni häzirki Wekilbazar etrabynda ýaşap geçipdir. Ol il-ýurduny tüýs ýürekden söýüpdir. Şahyr öz ýurduny diňe bir wasp etmän, eýsem, daşky duşmanlardan goramaga mydam taýýar mert adam bolupdyr. Nasretdin şanyň goşunlary Hemze Mürzäniň ýolbaşçylygynda 1861-nji ýylda Marynyň üstüne ýöriş edýär. Basybaljylara garşy şol gazaply söweşlere eli ýaragly gatnaşan şahyr şol söweşde agyr ýaralanýar. Şahyr şol ýarasyndan aýňalyp bilmän 1862-nji ýylda 52 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Ony Marydaky Hoja Abdylla baba gonamçylygynda Gowşut hanyň ýanynda jaýlaýarlar. Onuň nesilleri häzir Mary, Murgap, Wekilbazar, Sakarçäge etrabynda ýaşaýarlar.

DÖREDIJILIGI

Mollanepes döredijilik işine ýaşlykdan başlap, halk eserleri, türkmen we gündogar halklarynyň edebi ýadygärlikleri bilen içgin tanşypdyr hem-de şygyr sungatynyň inçe tilsimlerini ele alypdyr. Ol köp sanly goşgulary hem-de halkyň uly söýgüsini gazanan “Zöhre-Tahyr” dessany bilen türkmen halkynyň aňynda ebedilik orun aldy. Şahyryň döredijiliginiň esasy bölegi söýgi-ahlak, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlardyr.
Söýgi-ahlak: Mollanepesiň döredijiliginde yşky-ahlak häsiýetdäki şygyrlar esasy orny eýeleýär. Ol bu meselelere bagyşlap ýazan “Bäri gel”, “Haýrana galar”, “Söwdügim”, “Istäp ki gözel ýary”, “Kakar” ýaly onlarça goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň ahlak sypatlaryny, görk-görmeklerini, edim-gylymlaryny taryplamak bilen birlikde, ýaşaýşyň gönezligi söýgi diýen pikiri orta atypdyr.
Öwüt-nesihat:Mollannepes öwüt-nesihat häsiýetdäki şygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem-de özüňe berlen az pursatlyk ömre erk edip ýaşamaklygy ündew edýär. Şahyryň bu ugurdan ýazan goşgularynyň içinde “Ner gezgin” hem-de “Aňsa” goşgulary özüniň ähmiýeti taýdan has-da tapawutlanýar.
4 лайков 109 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.