Söýgi mukamy (soňy)

* * *
Çakan aga bir-iki ýyldan bäri oba gelip görmändi. Ýöne häli-şindi ýagdaýyny sorap durýardy. Kolhozda o guruldy, bu guruldy, kolhozçylar täze jaý edinýärler diýip eşitse-de keýpi kök bolýardy. Indi ol şol eşiden zatlaryny gözi bilen görüp başlady.
— Bu kiçeňräjik eşekgeriş tamlar näme? — diýip, ol gapdalynda oturan Nazara ýüzlendi.
— Kolhozçylaryň jaýlary, Çakan aga.
— Men öňki gelemde bu zatlar ýokdy. Örän gowy edipdirler. O-o-l görünýän uly jaý nämekä?
— Ol onýyllyk mekdep. Kolhozyň kontoram şol ýerde. Bir-iki ýyllap oba gelmedik bolsaň, ondan bäri köp zatlar özgerendir.
— Näme, çöl özgerenokmy? Bir durşuna durandyr öýdýärmiň? Bäş-on ýyl mundan öň baran bolsaň, eýwanyň aşagynda oturyp, çaý içip bilmezdiň. Ol wagt ýerkümede ýaşaýardyk.
Maşyn kontoryň ýanynda saklandy. Nazar ondan böküp düşdi-de, üstüniň gumlaryny kakyşdyrdy. Soňra henizem maşynyň üstünde arkaýyn oturan ýaşulyny görüp:
— Çakan aga, düşüň, men sizi doktora görkezeýin — diýdi.
— Ýok, oglum, men doktora barmaýyn...
Şol wagt kabinadan boýnuny uzadyp, saryýagyz, burunlak şofýor gygyrdy:
— Azajyk oturyň, Çakan aga, özüm sizi eltip gaýdaryn.
— Ol doktora barmaly ahyry — diýip, Nazar oňa garşy çykdy.
— Meni bir Muhatlara eltip taşlaň, sadagaňyz bolaýyn. Onsoň öz başymy çararyn.
Maşyn gelip Muhatlaryň gapysynda saklandy-da, Çakan aga düşen badyna, ýöräp ugrady. Garry çopan üsti çerepisaly, işigi eýwanly jaýa guwanç bilen seretdi. "Ýaşamak nesip etsin, jaý kemi ýok" diýip pyşyrdady-da, koridora girip, çep tarapdaky gapyny açdy. Bosagadan ätlänem şoldy welin, agyr göwre agyp gitdi. Ol, uzyn gije gowaçalara suw tutup ýañyrajyk uka giden Muhadyň aýak ujuna ýykyldy. Onuň ozal hem azar berip duran eli has hem agyryp, görgi ýamanyny berdi.
Muhat tisginip ýerinden turdy. Ol alkymynda hyrçyny dişläp oturan Çakan agany görüp geň galdy:
— Salawmaleýkim, Çakan aga.
— Saglykmy, gurgunmy, Muhat — diýip, ol kynçylyk bilen gepledi. Çep eli bilen agyrýan barmagyny pugta gysymlap, janynyň ýangynyna käýinmäge durdy:
— Päheý, jaýyňyz bar bola, özüñiz neneň ýykylman girip çykýarsyñyz?
— Tagta-da, alyp goýduk weli, pol etdirip bilemizok-da. Näme eliňi agyrdaýdyñmy?
— Üç günden bäri ýatuw ýokdur. Men-ä şu ýaşa ýetip beýle çykuw gören däldirin... Git-de Salpyny çagyr, tizräjik em etsin.
— Salpy gelmez. Ony oba Sowetine çagyryp, badyny alypdyrlar. Ýalbaryp-ýakaryp zordan gutulypdyr. Indi ol hiç ýere çykman düwdek bolup ýatyr.
— Onda men öläýmelimi?
— Obamyzda bir doktor gyz bar. Men-ä şony Lukman hekimiň agtygymyka diýýän. Seni şoň ýanyna alyp gideýin.
— Eger şol Lukmanyň enesem bolsa, meni äkitme. Aýal bilen arwahdan geljek peýda gelmän geçsin.
Ol ýerinden turup gezmelemäge başlady.
— Juda bolmasa, gyzgynja şemme beri tapsana, hiý kömek etmezmikä?..
— Meni ölümden alyp galan şol gyz boldy. Oba arasyna aýlanyp gör, onsoň onuň kimdigini tanarsyň.
— Aşgabatdan bir ýigit gelipdir. Çöle bardy. Goýun bakyşymyza, öri meýdanlarymyza seretdi. Oňat oglan ekeni. Seniň taryp edip oturan gyzyňy-da şol ýigit söýýän bolara çemeli.
— Biçeme däldir. Berdi aga-da Salpylary yzyna gaýtaraýan ýaly. Dogry, dogry. Ilki bada razyçylygam bereňkirläpdir-de, soň: "Şonymyz ugra baranok" diýäýipdir öýdýän. "Ol size tutdurjak guş däldir" diýip, men olara aýtdymam weli, gulak asmadyk boldular.
— Hany şemme getirmediň-le — diýip, ýaşuly halymsyrady.
— Şemme-de diýme, ýene bir zadam. Hany, ýör gideli.
Muhat ekabyrsyrap, Şiriniň kabinetini kakman girdi. Çakan aga gapynyň daş ýüzünde arkasyny diwara ýaplap, çommalyp oturdy. "Seniñ eliň agyrýarmy, agyranokmy, bularyň ne derdine. Derman çalan bolar-da, başyndan sowar. Men ýene uzyn gije uwlap çykmaly bolaryn" diýen pikirler ony bitakat edýärdi. Şol wagt, gapyny emaý bilen açyp, Muhat ony içerik çagyrdy. Garry çopan ýaýdanybrak girdi-de, Şirine seretmezlik üçin ýüzüni kesä sowdy.
Şirin wäşilik etdi:
— Ýaşuly, näme ýüzüñizi sowýarsyňyz?
— Ýüzüm bilen işiň bolmasyn, sen meniň ýaramy bejer.
Doktor Muhadyň ýüzüne seredip ýylgyrdy-da, ýene degişmesini dowam etdi:
— Bu ýapgylary näme üçin ýapdyňyz?
— Bejermek üçin.
— Ony size kim öwretdi?
— Hudaý.
— Bu örän yzaly ýaradyr, oňa ýapgy kömek etmez.
— Dogry aýdýarsyñyz, Şirin, bu üç günden bäri uka zar bolupdyr — diýip, Muhat söze goşuldy. Doktoryň aýdan sözi gojanyň hem ýüregine jüňk boldy. "Ýumruk ýaly gyzjagaz bu zatlary nädip bilýärkä?" diýip oýlandy. Ol birden Şiriniň ýüzüne çiňerilip seretdi-de,
— Sen muny bejerip bilermiň? — diýip umytsyzlyk bilen sorady.
— Hany, göreli, ýaşuly, bejerjek bolarys.
Barmagyna urlan birinji ukoldan soň Çakan aga hiç zat duýmady. Eliniň agyrysy zym-zyýat boldy.
Ýolda gidip barýarkalar:
— Öň sorkuldap mazamy alar durardy, indi janym hezil edäýdi — diýip, ýaşuly guwanç bilen gürrüň berdi.
— Men aýtmadymmy näme?
— Aýallaryňam akyllysy boljak ekeni...
Muhat lok-lok edip güldi-de:
— Baý, senem-ä geplediň-ow — diýdi. Çakan aga şol ýatyşyna ertesi öýlänler oýandy.
* * *
Maşyndan düşüp myhmanhana barýarka Nazar motosikletli gelýän Meredi görüp: "Bu Şirini äkitmäge gelýändir" diýip müñkürlik etdi-de, gazap bilen yzyna öwrüldi. Motosikletiň bu sapar keselhananyň howlusyna sowulman, göni geçip gidenini görüp göwrümi giňedi. "Menden gorkdy bigaýrat. Barybir men oňa kim bilen iş salyşýanyny ýatladaryn" diýip, öz ýanyndan haýbat atdy. Myhmanhana ýetip barýarka: "Bu olaryň öýlerine barýan bolaýmasyn?" diýen pikir ony sakga durmaga mejbur etdi. Ýöne yzyna dolanjagyny bir bada anyklap bilmedi. "Barsam, kakasy, goňşulary çaý içişip oturan bolsalar, men olara näme diýerin? Näme bahana tapaýyn". Ol öz-özüni köşeşdirip myhmanhana girip gitdi.
Gulluk boýunça etmeli işlerini ol eýýäm edipdi. Indi diňe jemläýmelidi. Emma özüniň şahsy işi barada weli, entek bitiren goşy ýokdy. Ertir şu meseläni çözmelidi. Şiriniň özi çözüp bilmese, kakasynyň ýanyna barmalydy. Eger töwellaçy gerek bolsa, onda tanyş-bilişlere ýüz tutmalydy.
Uzak ýoluň argynlygy onuň egninden aşak basdy. Ol uka gitdi. Ertesi irden ýazuw işlerini gutaryp, Şiriniň ýanyna ugrady. Ol keselhananyň howlusyna giren badyna Şirini ýene şol motosikletiň ýanynda gördi. Olar hiç zatdan habarsyz, bir zat hakynda gürrüň edýärdiler. Nazar Şiriniň: " Onda men başga derman ýazaýyn weli, kynam bolsa alyp geliň" diýen sözüni eşitse-de, bu meni görensoň şeýle diýen bolýandyr öýtdi. Ol gele-gelmäne:
— Ýeri, söýgüliler — diýip gygyrdy. Onuň bu sözüni töwerekde duran başga birnäçe adamlar hem eşitdi. Şirin bilen Meret näme diýjeklerini bilmän biri-biriniň ýüzlerine seredişdiler. Nazar has hem gazaba münüp, Merediň ýakasyndan jüpläp tutdy.
— Sen meniň bilen bäsdeşlik etjek bolýarmyň? Edil ýöne silos edilýän mekgejöwen ýaly kerçim-kerçim edäýerin.
Şirin ara düşüp çirkin gygyrdy.
— Nazar! Ýok bol şu taýdan. Sen-ä bir gepe düşmez haýwan ekeniň!
— Hormatly sözleriñiz üçin sag boluň. Seň bilenem hasaplaşarys.
Nazar atylan ok ýaly dazlap gitdi. Şirin gaharyndan ýaňa galpyldysyny saklap bilmedi. Meret ýüzüni ak tam edip duran ýerinde doňup galdy.
— Bagyşla, Meretdurdy, sen ol akmagyň sözüne gulak asma.
— Men... ol... siziň durmuşyňyzy buladym...
— Durmuş-tüweleýiň galgadyp ýören peşmegi däldir. Ol örän mäkäm, örän durnukly zatdyr.
— Men onda derrew gidip geleýin, Şirin Berdiýewna.
Şirin kabinetine girip, resept ýazyp çykdy. Ol tä Meret derwezeden çykýança yzyndan seredip durdy. "Gör gabanjaňlyk näme etdirýär? Ol meniň: — Gidip biljek däl — diýen sözümden başga hili many çykarýar. Men Meredi söýýändirin öýdýär. Işden soň ýanyna baryp ymyklyja sözleşeýin. Ony bu ýerde galmaga razy edeýin...." Şeýle pikirler bilen Şirin kabinetine girip işi bilen boldy. Kolhozyň hasapçysyna goýup giden soraglaryna doly jogap alyp biläýse, Nazaryň hut şu günüň özünde-de gidibermegi mümkindi, juda bolmasa, ertir irden ugrap biljekdi. Hasapçynyň kontorda ýoklugy onuň badyny gaçyrdy. "Öýüne baraýyn. Taýyn eden bolsa, maşyn gamyny edeýin" diýen niýet bilen ýola düşdi.
Olara ýetmek üçin, belet bolsaň bir kilometr, näbelet bolsaň, ondan-da köpräk ýöremelidi. Nazar birnäçe ädimini artykmaç ätdi. Howanyň şol dymyklygydy. Onuň ähli azaplary biderek boldy — hasapçy öýünde ýok ekeni.
Garganyp-sögünip gaýdyp gelýärkä, uly ýoluň gapdalynda bir adamyň serrelip ýatanyny gördi. Ýüregi jigläp gitdi. Ol — Meretdi. Onuň motosikleti hem gapdalynda özi ýaly ýykylyp ýatyrdy. Nazar iki ýana ylgaşlap maşyn, araba gözledi... Birnäçe adamlara habar etdi. Ahyrym bir ýerden ýalaňaç ýaby tapdy. Ol Meredi öňüne alyp, ýabyny gamça basdy.
* * *
Myhmanhanadan Nazary tapmansoň, Şirin öýlerine gaýdyp geldi. Berdi aganyň ýagdaýy öwerlik däldi. Ol gudaçylyk habaryny ilki Şirine, halys başa barmajagyna gözi ýetensoň bolsa, ony Salpa aýdyp bilmän uly gaýga batdy. Onuň tutgaýy ýygy-ýygydan gaýtalandy, işdäsi bütinleý kesildi. Şirin bilen Polina Iwanownanyň yhlaslary onçakly netije bermedi.
— Bolsa-da soňkuja ukolymyz ýaman ýaramady. Ýagdaýy oňatlaşyp ugrady — diýip, Polina Iwanowna Şirin gapydan giren badyna buşlady. — Azajyk nahar iýdirdim, çaý içdi.
— Hoş habar üçin sag boluň, Polina Iwanowna. Hernä bäri bakdygy bolsun-da...
— Bu kesele derman gerek däl, rahatlyk gerek, ýene rahatlyk gerek. Başaryp bilseňiz, gaharyny getirmäň, arkalyrak bolaýyň.
— Wah, düşünýän-le, Polina Iwanowna. Nädeýin, başga çykalga tapylmady. "Men Salpyň ogluna barjak däl" diýmeli boldum.
— Dermana iberenimiz gelmedi-le?
— Wagt-a boldy, Polina Iwanowna, hany men daşaryk çykyp seredeýin.
— Ol gelse ýoluny tapman durmaz-la. Kakañyzy sekiniň üstüne eltäýsek näderkä?
— Daşary öýden salkyn-a däl, ýöne açyk howa diýäýmesek.
Şirin ýanyna baranda, Berdi aga arkasyna üç sany ýassygy goýup, krowatyň üstünde ýatyrdy.
— Sen ýadap gelensiň, gyzym, otur-da nahar edin, çaý iç. Meni gaýgy etme, indi oňat boldum.
— Kaka, seni daşaryk çykaraýsak nädýär? Sekiň üstüne.
— Çykmaly bolsa özüm çykaryn, siz azara galmaň. Weý, men bir ysgyndan gaçan adam däl ahyry.
Ol tirsekleri bilen ýassyklara söýenip ykjam oturdy-da, krowatdan düşüp ugrady. Şirin onuň goltugyndan gop berip, sekiniň üstüne alyp çykdy.
Şol wagt elem-tas bolup gelen atlynyň:
— Şirin, tizräk bol, kömek et — diýen howsalaly sesi eşidildi. Bu ses Nazaryň sesidi.
Şirin kakasyny gorkuzmajak bolup:
— Men häzir gelerin, kaka, sen azajyk gyşaraý — diýdi.
Ol howludan ylgap çykan badyna, Nazaryň öňünde gana bulaşyp ýatan Meredi görüp: Waý!" diýip gygyrdy. Berdi aga tirsegine daýandy. Polina Iwanowna ony köşeşdirmek bilen boldy:
— Biri ýykylyp maňlaýyny sypjyrypmy, nämemi... Äý, gorkuly zat ýok, siz azajyk gyşaryň, biz häzir geleris.
— Baryň, baryň, eglenmäň, kömek ediň. Men ýataryn özüm.
Şirin ýabynyň gapdaly bilen ylgaşlap barýarka:
— Näme beýtdiň, Nazar?! Sen-ä adamam däl ekeniň — diýip gygyrdy.
Nazar hiç zada pikir bermän, ýabyny gamçylap, basym ýetmegiň alajyny edýärdi. Näsagyň iki ýana urunmagyndan onuň üsti-başy gana boýalypdy.
Ony stoluň üstüne ýatyran batlaryna, uly zenzele turzup gapydan Salpy girdi. Ol huşsuz ýatan ogluny gujaklap zaryn aglady. Sestralaryň hersi öz işi bilen başagaýdy. Şirin Salpyny ýigrense-de, onuň bu bolup durşuna gözi gyýmady. Merediň gel-gel Salpynyň oglydygyny ol diňe şu wagt bilip galdy.
— Ýaşuly, çykyň, biz işe başlajak — diýip, Şirin oňa ýuwaşlyk bilen aýtdy. Ol:
— Eli, aýagy buz ýaly bolupdyr, indi bir muny ugruna goýuň ahyry— diýip ýalbarmaga durdy.
Sypaýylyk etseň gitmejegine gözi ýetensoň, Şirin onuň çigninden berk tutup, gapydan çykaryp goýberdi. Garry sestra gapynyň agzynda durup, hiç kimi goýbermedi.
Salpyň zowlap çykýan zaryn sesi daşardan eşidilýärdi. Oba adamlarynyň bir topary keselhananyň töweregine toplandy. Salpy olary görüp, gygyrmaga başlady:
— Meniň oglumy öldüripdirler... Indi onuň meýdindenem ar alýarlar, kesýärler, dograýarlar...
— Ogluňa jan berdiler, aglama.
Garry sestranyň bu sözi Salpynyň sesine suw sepilen ýaly etdi. Ähli adamlar güpürdeşip gapa çozdular. Sestra olary goýbermedi. Märekäniň içinden:
— Ölen gaýdyp gelmez, aldama kempir — diýip gygyranlary-da boldy. Salpy ynanmazlyk bilen:
— Hany meniň oglum? — diýip sorady.
— Ikinji penjiräň agzyna geliň.
Penjiräniň agzy märekeden hümer boldy. Salpy boýnuny uzadyp, oglunyň dem alyp ýatanyny gördi-de, "Hudaý ýoluna" diýip üç sany birligi penjireden oklap goýberdi.
— Gerek däl, gerek däl — diýip, garry sestra ol pullary yzyna zyňdy.
* * *
Köp adamlar Merediň bu ýagdaýa düşenini Nazardan gördüler. Oña gargyş etdiler. Şirin muny: "Gabanjaňlyk zerarly edilen zat" diýip oýlandy. Medekspert hem "maňlaýyna taýak degipdir" diýen netijä geldi.
Sülçi wakanyň bolan ýerinden Nazary aklap ýa-da garalap biljek hiç hili delil tapmady. Ýöne, Meret bilen sögüşendigini, uruşmasa-da ýakasyndan ýapyşandygyny Nazaryň özem boýun aldy. Şirinem, ähli şaýatlaram ony tassykladylar. Her niçik bolsa-da, komandirowkasynyň möhledini uzaltdyrmaly boldy. "Ahmal bolma, eline düşäýseň, bu seni Meretdenem beter eder" diýip, Şirine duýduranlaram boldy. Emma Şirin ondan ätiýaç etmedi. Gaýta tersine, onuň bilen sözleşmek, bu agyr ýagdaýda oňa teselli bermek üçin bir-iki gezek yzyndan hem bardy. Emma duşup bilmedi. Ony sülçi çagyrypdyr diýdiler.
Biraz ganymat bolansoň, Meredi "Tiz kömegiň" ýumşak maşynynda ynjytman, şähere alyp gaýtdylar.
Şirin dürli-dümen zat bişirip, şähere ugrady. Ilki Merediň ýanyna bardy. Indi Nazary tapmalydy. Şunuň üçin ilki sülçiniň ýanyna baryp, onuň nirededigini anyklamak gerekdi. Eger ygtyýar edilýän bolsa, onuň bilen duşuşyk üçin rugsat soramalydy. Bu zatlar Şirine ýokuş degýärdi. Eger kyrk kilometre pyýada gidip gel diýseler, ol munça ýaýdanjak däldi.
"Sülçiniň ýanyna barsam: " Ol seniň nämäň? Näme hakda sözleşmek isleýärsiňiz?" diýip sorasa, men oňa näme jogap bererin?" diýen pikirler ony darykdyrýardy.
Daryksa-da, darykmasa-da, ýaýdansa-da, ýaýdanmasa-da, Şirin ony tapmalydy. Onuň bilen sözleşmelidi, oňa medet bermelidi. Ony soňky täzelik bilen habardar etmelidi.
Ol prokuroryň işiginden eli düwünçekli üç-dört gezek eýläk-beýläk geçse-de, ýaýdanyp girip bilmedi. Eger sülçiniň özi oňa pete-pet gabat gelmedik bolsa, ol ýene-de birnäçe gezek gatnardy.
— Salam, doktor, siz bu ýerde näme işläp ýörsüňiz? — diýip, ol alçaklyk bilen sorady.
— Men Merediň yzyndan geldim. Ol keselhanada ýatyr...
— Bilýän, bilýän. Nazary gördüňizmi?
— Ýok, nirede ol?
— Stansiýa bilet almaga gidipdi. Öz-ä häzir gelmelidi. Ýörüň, ol gelýänçä, edara baraýalyň.
— Sag boluň, men şu ýerde garaşaýaryn.
— Biziň barymyz Nazar günäkärdir öýdýärdik. Özüni aklamaga onuň çigit ýaly delilem ýokdy. Emma görüp otursak, Merediň diri galmagyna hut şol sebäp bolupdyr. Gaty göräýmäň, men siziň hyzmatyňyzy inkär edemok. Ýöne "bu meniň bäsdeşim" diýip, Nazar ony taşlap gaýdaýan bolsa, ol gürrüňsiz heläk bolardy.
— Dogry...
Dermanhanadan gaýdyp gelýärkä, oýnap ýören bir çagajygy basmajak bolup, Meret ýoldan sowulýar-da, bir agaja baryp urýar. Azajyk seňseläp ýatýar. Onsoň maňlaýyny ýaglyk bilen pugta sarap, kellesiniň gyzgynyna maşynyny gaty sürüp, üç kilometre ýakyn ýol geçýär. Halys tapdan düşensoň, şol ýerde ýykylyp galýar.
Köçäniň burçundan Nazaryň bärik öwrülenini görüp, sülçi bulara päsgel bermezlik üçin bir bahana tapyp, kabinetine girip gitdi. Şirin onuň öňünden çykyp:
— Salam, Nazar — diýdi.
Nazaryň ýüzünden gar ýagýardy. Ol Şirini prokuroryň işiginde görüp, has hem gaharlandy:
— Ýene arz etmäge geldiňmi? "Edil silos edilýän mekgejöwen ýaly kerçim-kerçim edäýerin diýdi" diýmäge geldiňmi?
— Nazar, men seniň köpçüligiň öňünde aýdan zatlaryňy aýtdym. Üstüne ýekeje agzam söz goşmadym.
— Saňa biwepa, binamys diýerler.
— Nazar... gulak sal...
— Jähennem bol.
Bu sözler Şiriniň ganyny gaýnatdy. Özüniň ýersiz-ýere kemsidilmegi, masgaralanmagy ony bar zatlary: Nazary, ilkinji söýgini, ilkinji mähri unutmaga mejbur etdi. Özüniň Nazar üçin niýetläp getiren zatlaryny-da hödürläp bilmedi. Gaharyna elindäki ýaglygyň düwünçeklerini çözüp silkip goýberdi. Bäş-on sany ýumurtga, dürli ir-iýmişler töwerege pytrap gitdi.
Nazar özüni ýitirip, onuň yzyndan añkaryp galdy.
* * *
Aradan birnäçe gün geçdi. Şirin sypynyp bilse, şähere gelip, Merediň halyndan habar alyp gidýärdi. Meret maňlaýy saralgy krowatyň üstünde arkan düşüp ýatyrdy. Şirini görenden ol azajyk dikeldi-de, tirsekleri bilen ýassyga ýaplandy.
— Ge-e-liň, Ş-şi-rin — diýip zordan gepledi.
Şirin elindäki düwünçegi tumboçkanyň üstünde goýdy-da, dik duran ýerinden onuň kellesini sypady. Merediň gözünden duruja monjuklar togalanyp gaýtdy. Ol kellesini ýaýkap:
— M-me-e-n Sa-a-lpyň o-og-ly — diýdi.
— Bilýän, bilýän.
— M-me-eni...
Ol ýene-de kellesini ýaýkap, eli bilen dilini görkezdi. Aňyrsyna dönüp, gözüniň ýaşyny süpürdi. Onuň gözgynylyk bilen geplejek bolşuna nebsi agyryp, Şirin hamsykdy.
— Boldy, boldy, geplemäň, basym oñat bolarsyňyz. Şonda gepleşäýeris. Bolýamy?
Näsag başy bilen yşarat etdi.


Bekge Pürliýew. 1981.ý

3 лайков 195 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Senyorita.
Автор 07 июн 2022, 18:38
Ýazyjy Bekge Pürliýewiň iň soňky eseri "Dowzahdan çykan gyz" romany kitabyna girizilen bu powest öň çap edilen eken. (Paýlaşmak üçin kitapdan göni göçürilen)

"Kimde-kim ýatdan çykmaz ýaly obraz döredip bilýän bolsa, bu eýýäm onuň ýazyjylygynyň alamaty. 1919-njy ýylda dünýä inip, 1971-nji ýylda hem aradan çykan Bekge Pürliýew bir söz bilen aýdanyňda ýazyjydy."
Saýlaw Myradow.
Babahanowa_g
07 июн 2022, 23:35
Ahyry gutardy???
Sony gowy gutardy begendim
Yetirip durun