Gonamçylykdaky ganhor
Öňňün agşamlyk işden öýe gelýärdim taksida. Sürüji gelmeli ýerime meni taşlap nyrhyny alanyndan soň ýola rowana boldy. Uly ýoldan obanyň içine çenli ýöremelidi. Ýol hem uzakdy, ýarym sagatlyk dagy bar öýdýän.
Şeýdip garaňkylykda ýoluň gyrasy bilen ýöräp barýardym. Ýary gije bolanyndandyr-da, köçede maşyn gara görünenokdy. Pyýadalap ep-esli ýörändirin. Bir seretsem yzymda, alla-owarrada iki yşykly maşyn peýda boldy. Ol maşyn deňäme gelip saklandy-da, aýnasy açyldy. Içi garaňky maşynda zordan şafýory görüp ýetişdim. Ol hal-ýagdaýyny sorap ýylgyrdy-da: ''Ýör dost menem içine barýan, golaýladaýyn'' diýdi. Menem garşy bolup durmadym-da mündüm gapdalyna. Ine ýol boýy gümür-ýamyr edişip gelýärdik, hemme zat gül ýaly. Maşynyň körek ýagty çyrajyklaryndan köçäniň öňi zordan görünýärdi. Şafýor alçak hem sada, özi hem uly ýoldan içine çenli kireý etýän bolarly.
Ol özüniň şafýorluk kärinden köpüräk düşýändigini, işläsiniň gelmeýändigini aýdyp özi barada bir-iki agyz gürrüň bereninden soň, soragy maňa tarap aýlap ugrady. Menem oňa özüm hakda gürrüň berdim. Şeýdip gürrüň kiçiräk meselelerden uly meselelere, obanyň ýetmezçiliklerinden ýurtdaky ýagdaýlara, ondanam dünýä ýüzüniň meselelerine geçip gitdi. Gürrüň mazaly gyzyşyberende maşyn gonamçylygyň deňesine ýetiberenden ýoluň ortarasynda kimdir biri gaýmalap ýördi. Maşynyň öçügsi ýagtylygyndan onuň, ýalaňaçlygy, çuw-ak reňklidigi, özüniňem erkek adamdygy belli boldy. Ýaňky şafýor bilen men bu görülip-eşidilmedik adamdan gorkmaga başladyk. Ol biziň golaý gelenimizi aňşyryp aňyrsyna bakyp küýkerilip ýoluň ortarasyny saklap geçip oturdy. Biz maşyndan çykman on bäş minutlap oturdyk. Ýaňky şafýor : ''Oturandan netije barmy? Gel şuň derdini soraýyn!'' diýip, meň ýalbarmagyma gulak asman maşyndan düşdi. Ýaňky şafýor nuň ýanyna golaý baranyndan ýaňky küýkerilip oturan duw-ak reňkli adam oňa tarap boýnuny aýlap aýylganç gygyrandyr welin onuň gykylygy häli-häzirlerem gulagymdan çykanok. Ýaňky küýkerilip oturan örän çeýelik bilen ýaňky şafýoruň üstüne bökdü-de bokurdagyny çeýnäp iýmäge başlady. Ýaňky nägehan erkek adamyň agzyndanam gara-gan akýardy. Şafýoruň ömri soňlanyp çabalanyp jan bereninden soň, men aljyrap rola nädip geçenimi bilmedim. Soň maşyny ýaňky küýkiniň üstünden sürdüm welin ol integem aýylganç sesini edip gygyrdy. Soň ol maşynyň tekeriniň aşagynda mynjyrap galyberdi...
@Jeksparro
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.