Akylym

Men saňa akylym diýip ýüzlensem,
Her gezek didäme soragly bakýaň.
Hem diýýäň,,Owadan sözler kän wagty,
Sen neçüýn ýönekeý lakamy dakýaň?"


,,Ömrüm"diýsem sensiz ölmerin öýdýän,
,,Gülüm" diýsem gülden owadan keşbiň,
,,Balym"diýsem olam tagamsyz senden,
,,Balam diýsem derhal utanar kesbim.


Gowsy men ,,Akylym" diýip söýeýin,
Şu lakam bilen sen juda sazlaşýaň
Hoş söz diýseň şygyr döredip ýörün,
Ýüz bermeseň akylym bilen azaşýan...
3 лайков 184 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Lale
17 июн 2022, 08:56
Yetirip durun
+++++++++++++
Döwlet Şöhradow
18 июн 2022, 02:14
Kerim Hally +