Peydaly maslahatlar

Gyzgyn saja kamfor ýagy damdyrlan otagda çybyn-çirkeý durmaýar.

Çybyn çakan ýerine çaý sodasy garylan suw (bir käse suwa ýarty çaý çemçesi) çalynsa gijemeýär. Soda derek limon suwuny hem ulanmak bolýar.

Soganyň ýa-da atgulagyň suwy ary çakan ýerine çalynsa gijemeýär, çişmeýär.

Ary çakan ýere çeýnelen petruşka ýapylsa-da haýry kän. Ol agyryny-da derrew aýyrýar.

Siňekler öýden geçýän parran şemaldan gorkýarlar. Olary öýden çykarmak üçin gapydyr penjireleri garşylyklaýyn açyp, 10-15 minut goýmak ýeterlikdir.

Penjiräniň çarçuwalaryny sirkä öllenen esgi bilen süpürseňiz, siňekler ol ýere barmaz.

Garynjalar pomidoryň, limonyň ýapragynyň ysyny halamaýar. Garynjalaryň ýöreýän ýoluna şolaryň birini goýsaňyz, olar dargar.

Gönden tikilen sumkalar iki kesilen sogan bilen örän gowy arassalanýar.

Güýe narpyzyň ysyna çydamaýar.
1 лайков 194 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
06 июн 2021, 03:54
Soganyň suwuny çalyp barlap göräýmeli öýdýän ara çakdyryp. Çişirmeýän bolsa...:-}
Musaýew
06 июн 2021, 08:33
Gyzgyn saja kamfor ýagy damdyrlan otagda çybyn-çirkeý durmaýar.
Shuna barlap göräymeli