Çybynlar gysga ömürli we ownuk jandarlar.

Çybynlar esasanam tomusda gaty biynjalyk edýän haýwanlardyr. Şol sebäpli habardar bolunmaly ganatly mör-möjekler toparynda hasaplanýar. Çybynlaryň iýmitlenmeginde ilkinji nobatda gülleriň we otlaryň ekstraktlary gerekli. Ýöne esasanam aýal çybynlaryň köpelmegi üçin gan gerek. Adam bedenini dişlänlerinde, adatça çişmek, gyzarmak we gyjyndyrma ýaly negatiw ýagdaýlara sebäp bolýarlar. Bu negatiwliklerden gaça durmagyň käbir usullary bar. Çybyn dişlemeginden döreýän gyzarma, çişme we gyjyndyrmadan nähili halas bolup bileris?

Çybynlar gysga ömürli we ownuk jandarlar. Şeýle-de bolsa, adamlary dişlänlerinde kiçi ýa-da uly köp mesele döredip bilýärler. Gijilewük we çişmek ýaly kynçylyklar öňüni alyp bolýan ownuk meseleler hasaplansa-da, çybynlaryň dürli keselleri ýokaşdyrmagy mümkindir. Çybynlar käbir adamlarda allergiýa sebäp bolýar. Dem almakda kynçylyk, bedeniň köp böleginde döreýän gyzyllyklar allergiýanyň käbir täsirlerindendir. Şeýle ýagdaýlarda gyssagly lukmana barmaly.

ÇYBYN DIŞLEMEGINDEN DÖREÝÄN GYZARMA, ÇIŞME WE GYJYNDYRMADAN NÄHILI HALAS BOLUP BILERIS?

Çybynlaryň dişleýän ýerindäki oňaýsyzlygy azaltmak mümkindir. Munuň üçin her öýde diýen ýaly elýeterli materiallar ulanylyp bilner. Çybyn dişlemegi sebäpli çynlakaý alamatlar ýüze çyksa, derrew lukmana ýüz tutmalydyr.

Buz

Buzuň sowadyjy täsiri sebäpli, çybynlaryň dişlän ýerinde gyjytmak we gyzarmak ýaly meseleleri ýok edip bolýar. Buz, dişlenen ýerde çişmesiniň öňüni alyp, gijelmeginden halas edýär.

Karbonat

Adam saglygy üçin örän peýdaly bolan karbonat, çybyn dişlemeginiň ýaramaz täsirlerinden goramak üçin hem ulanylyp bilner. Karbonat, çybyn dişlemegi sebäpli ýokaşan ýerdäki pH derejesini deňleşdirýär we şeýlelik bilen bu ýerdäki gyjyndyrmany ýok edýär.

Alma sirkesi

Alma sirkesi deri kesellerinde köplenç ulanylýan önümlerden biridir. Eger çybynyň dişlän ýerine çalynsa, ol ýerde döräp biljek çişlikleri aýyrar.

Lawanda ýagy

Lawanda ýagynyň birnäçe peýdalary bar. Pamyk bilen bu ýagy çalsaň, derrew täsirini bildirip başlar.

Narpyz

Narpyzyň suwy çybynyň dişlän ýerindäki ýumşaklygy aýyrar. Ýöne munuň üçin narpyzyň täzesini ulanmak gerek.

Limon

Limon kislotaly düzümi bilen iriňlenmäniň öňüni alar. Şol sebäpli çybynyň dişlän ýerinde rahatlyk emele getirer.

Aloýa wera

Deri meseleleri bejerilende ilkinji ulanylýan serişdelerden biri hem aloýa weradyr. Çybynyň dişlän ýerinde gyzarmany, gyjynmany aýyrar. Rahatladyjy täsiri bilen gysga wagtda öz täsirini bildirer.

Çeşme: www.sabah.com.tr
5 лайков 251 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
09 июн 2021, 16:48
sag bol
nyce
Автор 09 июн 2021, 16:50
@Abaddon ?
Нежная леди
09 июн 2021, 17:08
#Like
yyldyz
09 июн 2021, 17:40
ownuk bolsada jora bolaryaly dal olar bilen.1minutda janyñy alyalar
Ogulşirin Bayramowa
09 июн 2021, 17:53
howwa gysga omurli olar. kimin bir yerine gonsa patyladyp urup yatmasalar solaram uzak yasar belki?
yyldyz
09 июн 2021, 17:56
??ogulşirin oñardyñay ony
nyce
Автор 09 июн 2021, 18:01
...ynanyanyzmy dazhe 22 sany dishem bar ekenda sho chybynyn?
nyce
Автор 09 июн 2021, 18:06
Ogulşirin belki?