Bagtyñ gözleginde
«Öňki döwürlerde juda baý, emma özüni bagtsyz hasaplaýan bir şa bar eken. Ol bagtly bolmak üçin hernäçe jan etse-de, hiç başa baranokmyş. Ahyrsoňy kalby karar tapmadyk şa ülkäniň iň güýçli okumyşyny huzuryna çagyryp: «Men nädip bagtly bolup bilerin?» diýip sorapdyr. Okumyş: «Şahym, bagtly bolmak isleýän bolsaňyz, bagtly bir ynsany tapyp, onuň eşigini geýmegiňiz gerek» diýipdir. Şa dessine wezirlerine bagtly kişini tapmagy buýrupdyr. Wezirler tutuş ýurdy aýlanyp,bagtly ynsany gözläpdirler. Bu ülkede wezirleriň dabany degmedik ýer galmandyr. Emma hiç hili özüniň bagtlydygyndan şükürli bir kişä gabat gelenokmyşlar. Kimler ýoldaşyndan, kimler ýoksullykdan, kimler bolsa haýyrsyz perzendinden zeýrenmek bilen berbaşagaýmyş...
Ahyrynda aýlanyp-aýlanyp tapdan düşen çäresiz wezirler köşge dolanmagy karar edipdirler.Olar horaşaja çatmanyň gabadyndan geçip barýarkalar şeýle sözleri eşidipdirler:«Taňrym,saňa ýüz-müň şükürler bolsun! Saglygym ýerinde,bu günem garnymy doýurdyň, rysgymy hiç haçan egsik etmediň. Ýeri onsoň, men bagtly bolman kim bagtly bolsun?!» Aýak çekmäge mejbur eden bu sözlerden soň, bagtly ynsany gözläp,ýurdy aýlana-aýlana tapdan düşen wezirler «tapdykda-tapdyk» bolup begenişipdirler. Tapan bagtly ynsanlaryny şanyň huzuryna eltmäge howlugypdyrlar. «Onuň eşikleriniň birini alyp, şanyň ýanyna ugrarys»diýşibem ýaňky köneje çatmanyň içine giripdirler.Görseler çatmanyň eýesiniň egnindäki ýekeje köýneginiň ýamasyz ýeri ýokmuş...»
Durmuş dowam edýärkä ynsan bagty gözlär ýörer. Elindäki emlägi ýere-göge sygmaýan bolsa bolubersin, ondan has köpüni isläp, eýesi bolan zatlaryny azyrganýanlar özlerini hiç haçan bagtly duýup bilmezler. Bagty özünden gözleýän, ykbalyndan razy bolup, baryna şükür eýleýänler bolsa hemişe bagtlydyr. Hemme zady bilmek bize derkar däl. Özümizde bar bolanyna şükür etsek we gadyryny bilsek ýeterlik...

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.