Bagt

Bagt näme?
Ol seniň geçmişiňdir, durmuşda
Bagt seniň eden arzuw, hyýalyň,
Bagt seniň ilki äden ädimiň,
Bagt seniň, indi ýörejek ýoluň,
Bagt seniň, saňa ýakyn adamlaň
gürrüňleşip, gülişip, aýdan degişmäň,
Bu durmuşda özüň üçin döreden
düzen nagmalaryň, çeken nagyşlaň,
Bagt saňa arka durjak agaňdyr,
Bagt seniň dostlaryň hem tanyşyňdyr ,
Kyn günüňde, şat güniňde ýetişjek,
hemmedetdir, hemsaýaňdyr, goňşyňdyr
Bagt seniň asmanyňdyr, zeminiň,
Bagt seniň watanyň, ene ýeriňdir,
seniň dowamyňdyr, ogul, gyzyňdyr,
şony peşgeş beren söwer ýaryňdyr,
Bagt seniň ataňdyr, Ganatyn geren,
Bagt seni bu dünýäge inderen,
gije şöwür çekmän ak süýdin beren,
aglasaň dyndyran, eziz eneňdir,
Bagt seniň begenjiň hem gynanjyň,
kynçylykda geçiren, ajap wagtyňdyr,
Bagt seniň gözlegiňdir durmuşda,
Durmuşdaky tutan ornunyň bagtyňdyr ,
Bagtdan bagty gözlemek iň ulakan bagtyňdyr
3 лайков 121 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
18 июн 2022, 01:24
Goşgy dilde beýan edilen eken. Pelsepe taýdan aýdyň bir kesgitlemeli mowzuk bolsa, hasam oňat bolardy.
Telwas
18 июн 2022, 01:26
Berekella!
Täzegül Atabaýewa
18 июн 2022, 09:08
Gaty manyly eken