Zemin jümmüşine syýahat 2
ZEMIN JÜMMÜŞINE SYÝAHAT
Ikinji bap
Daýymyň iş otagy hakyky muzeýdi. Bu ýerde minerallar şalygynyň ähli nusgalary bardy. Olary atlary, häsiýetleri ýazylan kabyzjyk berkidilip, ýanyjy, metal görnüşli we daş şekilli diýen esasy üç bölüm boýunça pugta tertiplilikde ýerleşdirilendi.
Ylma degişli bu jäjekler maňa örän tanyşdy! Men özüm ýaly oglanlar bilen wagtymy biderek geçirenimden, bu grafitleriň, antrasitleriň, lignitleriň, daş kömrüň we torfuň görnüşleriniň tozanyny süpürmäge güýmenenimi kem göremokdym. Bitum, asfalt, organiki duzlar - olary sähelçejik tot-tozandanam pugta goramalydy! Demirden başlap altyna çenli metallary diýsene! Olaryň durnukly bolmadyk şertli gymmaty, ylmy görnüşler hökmünde üýtgewsiz gymmatynyň ýanynda hiç zat bolup galaýýar! Bu daşlar biziň Şalyk köçesindäki jaýymyzy täzeden gurmaga, hatda onuň içinde özüm üçin tüýs göwnümden turaýjak ajaýyp otagy göz öňünde tutmaga hem aňryýany bilen ýetjekdi!
Emma iş otagyna girenimden bu bolsadylar kellamden zym uçan ýaly boldy. Ähli oý-pikirim daýyma baglandy. Ol özüniň utreht (Niderlandiýanyň bir şäheri) mahmaly bilen örtülen giň kürsüsinde oturdy, küýi-köçesi elindäki kitabyndady.
- Gör, nähili kitap! Nähili ajaýyp kitap! - diýip, ol duýgularyny içine sygdyryp bilmän gaýtalap otyrdy. Onuň sözleri maňa professor Lidenbrogyň mahal-mahal kitaphon adama öwrülýändigini ýatlatdy, ýöne juda seýrek duş gelýän üýtgeşik kitap bolanlygynda, hasam düşünmesi kyn bolanda, kitap diýlen zat onuň öňünde gymmatlyga öwrülýärdi.
- Muňa seret, görýäňmi? - diýip, ol maňa ýüzlendi. - Belli bahasy bolmadyk bu genji - hazynany şu gün irden jöhit Geweliusyň dükanyndan tapdym.
- Gör, nähili ajaýyp kitap! - diýip, menem haýran galan kişi boldum.
Içimden bolsa ''daşky sahaby gaýyş, harplarynyň sudury öçeňkirlän, atam döwründen galan bu köne kitap üçin munça galmagal turuzmak näme gerek bolduka?'' diýip pikir edýärdim.
Ýöne professor satyn alan harydyna şeýlebir guwanýarys weli, heý, goýaý.
- Seret! Beýle-de bir ajaýyp zat bolar oguşýa? - diýip, ol menden soraýardy-da, şobada hem öz sowalyna özi jogap berýärdi. - Hawa sahypasyny açaý, açyklygyna durýar, gaýşyp yzyna ýapyljak gümany ýok! Ýapylgy durka-da, hiç neneň däl! Gaty owadan! Daşky sahaby, ähmiýetli sahypalary gaty gowy çatylypdyr, hemmesi ýerlikli goýlupdyr, sahypalary biri-biriniň üstünde juda laýyk oturýandyr, görseň! Aşagynyň jebis birikdirilişini görýärmiň? Ýedi asyr bolupdyr bu kitabyň çap edilenine, ýekeje sypjyrylan ýeri barmy? Jilt diýibem şuňa aýdaýsaň! Asyl, bu Bozeriany, Klossy ýa-da Pýurgoldy hem aýraýlap biljek!Daýym gadymy kitaby taryp edip durka, ony bir açýardy, birem ýapýardy.
Men aýdara dagy zat tapman, özümi beýlebir gyzyklandyrmasa-da, munuň nähili kitapdygyny soran boldum.
- Bu tapylgysyz kitabyň ady näme? - diýip, ýalymsaklyk etdim.
- Bu kitap ''Heýms-Kringl'' diýlip atlandyrylýar, ony on ikinji asyrda ýaşan belli island ýazyjysy Snorre Turleson ýazypdyr! - diýip, daýym joşgun bilen jogap berdi. - Bu Islandiýada hökümdarlyk eden norweg konunglarynyň (skandinaw halklarynyň arasynda ilkinji manysy ''harby serkerde'', ýöne döwletleriň emele gelmegi bilen ''şa'' manysyna eýe bolýar) taryhy!
- Asyl, şeýlemi? - diýip, men başardygymdan zat kişi boldum. - Özem nemes diline terjime edilenmi?
- Goýsan-aý! - diýip, professor gyzyp başlady. - Terjime edilen diýen bolup!.. Terjimäni başyma ýapaýynmy? Kime gerek seň terjimäň? Bu island dilindäki asyl nusgasy ahbetin. Pikiri özboluşly beýan edýän, diňe şu dile mahsus bolup, terjime edip bolmaýan ajaýyp söz düzümlerine baý, şonuň bilen birlikde hem sadadan düşnükli island dilinde ýazylan. Özi hem island diliniň örän täsin söz ýasalyş kadalaryny özünde jemleýän grammatikasynyň gurluşyny sähelçe-de bozmaýar.
- Edil nemes dilindäki ýaly eken-ow - diýip, menem onuň ugrundan gopdum.
- Hawa - diýip, daýym kibtini gysdy. - Bir tapawudy island dilinde hem grek dilindäki ýaly üç sany grammatika jyns bar, has atlar hem latyn dilindäki ýaly düşümlerde üýtgeýär.
- Hat ýazuwynyň owadanlygyna bir baksana! - diýip, men özümiň biparhlygymy duýdurmajak bolup, haýran galandan boldum.
- O nähili hat ýazuwy? Aksel, peläket diýsäni, sen haýsy ýazuwyň gürrüňini edýäň? Gürrüň düýbünden ýazuwda däl! Hä-ä, sen, megerem, kitap daşbasma usulynda çap edilendir öýdýänsiň? Ýok, paňkelle, bu manuskrupt, run manuskripti!..
- Run manuskripti?
- Hawa! Ýa indi bu sözi hem saňa düşüňdirmelimi?
- Goýsaňyzlaň, maňa ony düşündirmegiň geregi ýok, özümem bilýän - diýip, men gaty gören kişi boldum.
Ýöne daýym, islegimiň ýoklugyna garamazdan, düýbünden bilesimiň gelmeýän zatlaryny gara çyny bilen öwredip başlady.
- ''Run'' diýip birmahallar Islandiýada ulanylan harplara aýdylýar - diýip, ol sözüni dowam etdi. - Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, ony Odiniň (Skandinaw mifologiýasynda hudaýlaryň iň ulusy) hut özi oýlap tapanmyş. Seret, mazaly synla, bedasyl diýsäni. Bu hat ýazuwy Gudraty Güýçliniň öz ylhamyndan joşup çykan ahbeti!
Beýle çykgynsyz ýagdaýa düşen gezegim ýokdy, hudaýyň, şalaryň öňünde duran ýaly dyza çökmäge kaýyldym. Ýöne garaşylmadyk bir ýagdaý gürrüňimizi başga ýana sowdy duruberdi.
Birden kitabyň içinden heniz kagyz oýlanyp tapylmanka ýazylýan, çüýräp pide bolaňkyrlan hamkagyz gaçdy.
Düşnükli zat, daýym bu üýtgeşik zady gyzyl tapan ýaly garbap aldy. Onuň pikirine görä, gadymy kitabyň içinde ençe asyrlar bäri ýatan, şylhasy çykan bu hat ägirt uly gymmatlyga eýedi.
- Gör-le muny, bu nämekä? - diýip, şaýym şatlykly seslendi.
Onsoň ol uzynlygy bäş dýuým, giňligi üç dýuým töweregi bolan hamkagyzyň bölegini emaý bilen stoluň üstüne ýazdy. Onuň ýüzünde keseligine setir-setir edilip, gara kitapdaky ýaly belgiler ýazylypdyr.
Ynha, ol golýazmanyň takyk suraty. Men bu syrly haty bolşy-bolşy ýaly görkezmeli. Çünki bu hat professor Lidenbrokda we onuň ýegeninde XIX asyryň iň täsin syýasatyna gitmäge höwes döreden eken.
Professor birnäçe minutlap golýazma seretdi-de soňra äýnegini biraz ýokary göterip:
- Bu run ýazuwlary. Bular Snorreniň manuskriptiniň harplary bilen birmeňzeş. Ýöne..
Olar näme many aňladýarka?-diýdi.
Men hemişe-de run ýazgylary alymlaryň ýönekeý adamlaryň başyny-gözüni aýlamak üçin toslap tapan zady diýip hasap edýärdim, şonuň üçin hem daýymyň ol hatdan hiç hili many alyp bilmeýänligi meni geňirgeňdirip durmady. Onuň hiç zada düşünmeýändigini bolsa, barmaklarynyň saňňyldysyndan hem aňmak bolýardy.
- Her niçik-de bolsa, bu gadymy island dili, ol neme-dä - diýip, ol burnuna salyp samyrdady.
Professor Lidenbrok munuň haýsy dilde ýazylandygyny, elbetde, bilýändir. Ýöne ýere ony gaty güýçli dilçi hasaplanoldylar. Ýer togalagynda mälim bolan iki müň dili, dört müň şiwäni bilýändir diýseg-ä aýagymyzy ýerden üzdügimiz bolar, ýöne ol şol dilleriň ep-eslisinde gepläp bilýärdi.
Garaşylmadyk päsgelçilik öňüni böldänsoň, ol lap-lap gyzyp başlady, menem häzirki gopmaly goh-galmagala garaşyp, hayurjem bolup durdum, ýöne şo wagt ojagyň ýokarsyndaky sagat ikiniň zaňyny kakdy.
Şobada gapy açyldy-da, Marta gapydan jyklap:
- Nahar äberildi! - diýip, habar berdi.
- Naharam, ony bişirenem, ony iýjegem jähennemiň teýine gitsin! - diýip, daýym heňkirdi.
Marta zut gaçdy. Menem onuň yzyndan ýelk ýasadym, stoluň başyna, öňküje oturýan ýerime nädip baranymy hem duýmandyryn.
Biraz garaşdym. Professor gelenokdy. Meniň bilşime görä, şu gezek ol ilkinji gezek günorta naharyny sypdyran bolmaly. Ýöne Martanyň taýýarlan günortanlyk naharyny aýtsana! Üstüne badyýan oty sepilen çorba, ýanynyň kakadylan eti bilen hoş goşulan heýgenek, üstüne garaly bulamagy guýlan gowrulan göle eti, soňundanam göwnüň şirin nygmat islese, şekere ýatyrylan miweler, gapdalyndan bokurdagyňy öllär ýaly ajaýyp şerbet. Hezil edip garnymyzy doýurdyk.
Diňe daýym haýsydyr bir şylhasy çykan köne kagyz sebäpli bu zatlardan ät galdy. Menem, näme, onuň wepaly kömekçisi hem-de jana-jan ýegeni bolamsoň, daýymyň ýerine hem iýmegi öz borjum hasaplap, iki adamlyk naharlanmaly diýen karara geldim. Şol borjumy hem birkemsiz ýerine ýetirdim.
- Heý, görlen zatmy? Jenap Lidenbrok nahar edinmäge gelmedi! - diýip, Marta geň galdy.
- Ynanar dagy - eder ýaly däl!
- Bu gowulygyň alamaty-ha däldir.- diýip, garry hyzmatkär kellesini ýaýkady.
Meniň pikirimçe, daýymyň nahar başynda bolmazlygy, ol öz naharynyň iýlendigini görensoň, turuzjak gopgunyndan başga hiç zadyňam alamaty däldi.
Men iň soňkuja bölekleri işdämenlik bilen iýip otyrkam, batly ses meni stoluň başyndan turuzdy.
Bir bökemde daýymyň iş otagynda peýda boldum.
(dowamy bar)
Žýul WERN
fransuz ýazyjysy.
Terjime: Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.