Özüňi tanaryn diýseňiz #1
«Esger» gazeti 11.01.2018ý.
№2 (1293)
SEN DOGLAŇDA SAGAT NÄÇEDI?!
Sagat 23.00 – 1.00 aralygy
Bu sagatlaryň dowamynda dünýä inen adamlar beýlekilerden artykmaç akyl hem-de serasaplylyk taýdan tapawutlanýarlar. Olar haýsydyr bir işi etmezden ozal, ony hemmetaraplaýyn seljerýärler. Hut şonuň üçinem, olaryň tutan işi hemişe diýen ýaly şowly bolýar. Bu adamlar aýawly we ýygnap-ýygşyrmaga juda ukyply bolýarlar. Haçan-da öz pikirleri daşyndakylaryň pikiri bilen gabat gelmese welin, örän gaharlanýarlar. Köplenç ykbal olara manydan doly ömri peşgeş berýär.
Sagat 1.00 – 3.00 aralygy
Bu sagatlar rahat hem-de sabyrly adamlaryň dogulýan wagtydyr. Ýöne, olaryň hem çydamy tä sabyr käsesi dolýança bolup, olar gaharlananlarynda örän gazaba münýärler. Öýkeleseler, aňsat ýazylmaýarlar. Öte gabanjaň. Olar öz maksatlaryna ýetmek üçin hiç bir kynçylykdan gaçmaýarlar. Kesgitli akyla eýe hem-de zähmetsöýer bu adamlar, megerem, şol häsiýetleri arkaly-da köp pul tapmagy başarýandyrlar. Emma olar aňsat-aňsat gazanan pullaryny ýere sowran ýaly sowraýmaz. Sowjaňlyk – bu adamlara asla mahsus däldir.
Sagat 3.00 – 5.00 aralygy
Mähirlilik, näziklik, sahylyk – ine, bu sagatlarda doglan adamlaryň esasy häsiýetleri. Olar syr bildirmezlik bilen her bir zady ölçerip-döküp, özleri üçin bagt getirjek pursada garaşyp gezýärler. Gerek wagtyn olar şeýle bir işjeň, hyjuwly bolýarlar. Olaryň howlukmaç netije çykarmak zerarly ýalňyşýan wagytlary-da az däldir. Ýöne bu adamlar islendik ýagdaýdan kemally baş alyp çykyp, kämillik ýaşyna ýetenlerinde bolsa, gazanan durmuş tejribeleri arkaly ömürlerini has-da çuň mana besleýärler.
Sagat 5.00 – 7.00 aralygy
Adalatlylyk, rehimdarlyk, sahawatlylyk häsiýetleri has güýçli bolan adamlaryň doglan wagtyny sorap-idäp görseň, olar köplenç hut şu sagatlarda doglan bolup çykýarlar. Bu adamlar hemmelere kömek etmäge döwtalap bolansoňlar, olary halamaýan adam ýokdur. Üstesine-de, olaryň köpüsi ajaýyp hem gözel zatlaryň gadyryny bilýän döredijilik adamlarydyr. Olardaky işewürlik ukybyny bolsa, olaryň duýgurlygy we ösen işjeňlik häsiýeti bilen baglap bolar.
Sagat 7.00 – 9.00 aralygy
Bu sagatlarda dünýä inen çagalar soňra güýçli, başarjaň adamlar bolup ýetişýärler. Olar hemme zady, şol bir sanda sandyklarynda puly, aňlarynda hem her bir aýdylan möhüm zady pugta ýygşyrýarlar. Bu adamlar ownuk-uşak zatlara üns berip ýörmän, öňlerinde belent maksatly işleri goýýarlar we oňa üstünlikli ýetmegiň hötdesinden gelýärler. Töweregindäki adamlara ýakymly täsir galdyryp, kömek gereklere öz goldowlaryny gaýgyrmaýarlar.
Sagat 9.00 – 11.00 aralygy
Geň galdyryjy akyl we danalyk – esasan hut şu sagatlarda doglan adamlara mahsusdyr. Olar öz ösen ynsaplylygy we aýgytly häsiýetleri bilen maddy ýagdaýlarynyň elmydama diýen ýaly durnukly bolmagyny gazanýarlar. Her bir ýüze çykýan ýagdaýdan mynasyp baş alyp çykyp bilmekleri, olaryň görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetmeklerine getirýär.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.