Özüňi tanaryn diýseňiz #8

«Esger» gazeti 17.08.2017ý.
№33 (1272)

BARMAKLARYMYZ HÄSIÝETIMIZI AÇÝARLAR
Adamyň eline seredip, onuň häsiýetiniň bize mälim bolmadyk tarapyny bilip bolarmy?!
Tebigatyň kanunyna görä, her ynsanyň öz bolşy, ýaradylyşy bar diýip pikir edýäris. Ýöne barmaklarynyň uzynlygynyň şahsyýetiň häsiýetindäki aýratynlyklary aňladýandygyny bilýärsiňizmi?! Munuň üçin bu şekillere seredeliň.
Süýem barmak ogulhajatdan gysga bolsa:
Şeýle adamlar daşky keşbi boýunça özüne çekijidirler. Olar aragatnaşykda mylakatly, çözgütler kabul etmekde ökde we töwekgeldirler. Akyl taýdan ösen, pikirlenmäge ukyply, çylşyrymly meseleleri çözmekde öňdebaryjy. Bu ugra degişli adamlar gazanç etmekde beýlekilerden saýlanýarlar.
Süýem barmak ogulhajatdan uzyn bolsa:
Şeýle adamlar adatça özlerine ýokary baha berip, ulumsy, ownukçyl bolýarlar. Olar özlerini gurşap alýan dünýäden, köpçülikden hoş bolup gezýär, şeýle-de ýönekeý zatlar üçin aladalanmagy halamaýar. Olaryň häsiýetlerinde özboluşlyk bolup, hiç haçan aragatnaşykda ilkinji ädimleri ätmeýärler. Olar elmydama özleri hakda aýdylýan öägüli sözleri, gowy garaýyşlary diňlemegi halaýarlar.
ç) Süýem barmak bilen ogulhajat deň bolsa:
Şeýle synaly adamlar parahatsöýüji, açykgöwünli bolup, gapma-garşylykly ýagdaýlary halamaýarlar. Olar durmuşda ykjam, guramaçylykly, hemmeler bilen gowy aragatnaşyk saklaýan, durmuşda wepaly ýanýoldaş, öz işine çyny bilen berlen, kärini söýän adamlar bolýarlar.
Terjime eden Aýna RAHMANOWA,
kapitan.
4 лайков 126 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýläle
03 май 2022, 13:01
ç) Süýem barmak bilen ogulhajat deň bolsa:
Şeýle synaly adamlar parahatsöýüji, açykgöwünli bolup, gapma-garşylykly ýagdaýlary halamaýarlar. Olar durmuşda ykjam, guramaçylykly, hemmeler bilen gowy aragatnaşyk saklaýan, durmuşda wepaly ýanýoldaş, öz işine çyny bilen berlen, kärini söýän adamlar bolýarlar.


sul gabat geldi