Barmaklarmyz häsýetlermizi açýarlar
Adamyn eline seredip onuň häsýetiniň bize mälim bolmadyk tarapyny bilip bolarmy?!
Tebigatyn kanunyna görä, her ynsanyň öz bolşy, ýaradylyşy bar diýip pikir edýäs. Ýöne barmaklarynyň uzynlygynyň şahsyýetin häsiýetindäki aýratynlyklary anladýandygyny bilýarsinizmi?! Munuň üçin aşakdakylara syn edelin!
a) Süýem barmak ogulhajatdan gysga bolsa
Şeýle adamlar daşky keşbi boýunça özüne çekijidirler. Olar aragatnaşykda mylakatly, çözgütleri kabul etmekde ökde we töwekgeldirler. Akyl taýdan ösen, pikirlenmäge ukyply, çylşyrymly meseleleri çözmekde öňdebaryjy. Bu ugra degişli adamlar gazanç etmekde beýlekilerden saýlanýarlar.
b) Süýem barmak ogulhajatdan uzyn bolsa
Şeýle adamlar adatça özlerine ýokary baha berip ulumsy ownukçyl bolýalar. Olar özlerini gurşap alan dünýäden, köpçülikden hoş bolyp gezýär, şeýle-de ýönekeý zatlar üçin aladalanmagy halamaýar. Olaryn häsýetlerinde özboluşlulyk bolup, hiç haçan aragatnaşykda ilkinji ädimleri ätmeýärler. Olar elmydama özleri hakda aýdylýan öwgüli sözleri, gowy garaýyşlary diňlemegi halaýarlar.
ç) Süýem barmak ogulhajat bilen den bolsa
Şeýle synaly adamlar parahatsöýüji, açykgöwünli bolup gapma-garşylyk ýagdaýlary halamaýarlar. Olar durmuşda ykjam guramaçylykly hemmeler bilen gowy aragatnaşyk saklaýan, durmuşda wepaly ýanýoldaş, öz işine çyny bilen berlen, kärini söýýän adamlar bolýalar.
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.