Özüňi tanaryn diýseňiz #2

Sagat 11.00 – 13.00 aralygy
Ine, bu sagatlarda doglan adamlar hemmeleri özleriniň alçaklygy, şahandazlygy, akyl taýdan aýdyňlygy bilen haýran edýärler. Olar boş oturmagy halamaýan, bir özleri on adamyň deregine zähmet çekmäge ukyply adamlardyr. Bu adamlar her bir işde diňe özlerine bil baglap, özlerine mynasyp baha berilse, öwülseler gowy görýärler. Gaçgynlary – ýekelik, ymtylýanlary – ýyly öý-ojak, agzybir maşgala edinmekdir.
Sagat 13.00 – 15.00 aralygy
Bu sagatlarda doglan adamlara bolsa, adatlylyk, çakdanaşa sabyrlylyk gelişýär. Olar dostlaryny ähli kemçilikleri bilen kabul etmegi başaryp, hatda özlerini halamaýan adamlaryň gowy taraplary hakda aýtmagy-da kiçilik bilmeýärler. Bularyň köpüsiniň döredijilik adamlary bolýandygy üçin, olarda şol adamlara mahsus ynjyklyk bilen, az-kem buýsanjaňlyk hem bardyr. Olar daşky görnüşlerinden ýumşak, duýgur adamlary häsiýetlendirseler-de, aslynda olar aýgytly we özbaşdak bolmagy halaýan adamlardyr.

Sagat 15.00 – 17.00 aralygy
«Iň bir çylşyrymly meseleleri-de oňyn çözmegi başarýan adamlar, hut şu sagatlarda dogulýar» diýip, gündogar astrologlary belleýärler. Bu adamlaryň başarmajak işi ýokdur. Çünki olar hemme işe ukyply bolýarlar. Galjaňlyk, çalt pikirlenip, hökman netije çykarmak, olary beýlekilerden tapawutlandyrýan esasy taraplardyr. Hut şolaryň netijesinde-de, olar düşewüntli gazanç etmegi başarýarlar. Özbaşdak bolmagy halaýandyklary üçin olar hökman göze ilýärler. Olaryň özlerini iň özüneçekiji, iň akylly adam hasaplamak gyzyklary hem bar. Munyň hakykatdan hem şeýledigini subut etmäge bolsa, olar islendik pursatda hem taýýardyrlar.
Sagat 17.00 – 19.00 aralygy
Bu sagatlarda doglan çagalar öz mertebelerini juda berk goraýan adamlar bolup ýetişýärler. Ösen guramaçylyk ukyby, wagty tygşytlamagy başarmaklary olary iňňän tertipli görkezse, aýgytly häsiýetleri olary edermen göreşijä meňzedýär. Işlerinde öz bähbitlerini däl-de jemgyýetiň bähbidini ileri goýýarlar. Dost-ýarlarynyň arasynda şatlanmagy, ýiti akyl bilen sözleşmegi halaýarlar.
Sagat 19.00 – 21.00 aralygy
Eger-de gündogar astrologlaryny diňleseň, şu sagatlarda dünýä inen adamlar iň ygtybarly adamlardyr. Bu adamlar özleriniň dogry sözlügi, ýokary ahlagy, dostanalygy bilen özlerine uly hormat gazanýarlar. Öz söýýän adamlaryna wepaly hem ygrarly bolansoňlar, olara öz maksatlayna ýetmek kyn bolmaýar. Bularyň halamaýan zady – adalatsyzlykdyr, olar her bir nähak herekete gaty gaharlanýarlar. Ykbalyň islendik synagyna düzümli bu adamlar, durmuşda nähili kyn şertlere gabat gelseler hem zeýrenmeýärler.
Sagat 21.00 – 23.00 aralygy
Dünýä inmegi hut şu sagatlara gabat gelen çagalar, ulalansoňlar birsözli, çydamly, edermen bolup ýetişýärler. Olar öňde goýan maksady üçin gabat gelen kynçylyga ýeke özleri garşy durup bilýärler. Bu adamlardan öz işdeşlerini diňlemegi başarýan, olaryň aýdan sözlerinden dogry netije çykaryp hem ony kabul edip bilýän adalatly oňat ýolbaşçylar çykýar.
10 лайков 174 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
Автор 30 апр 2022, 07:00
Dowamyny okamak isleýäňizmi?! Pikirleriňizi teswirlerde galdyryň...
...
30 апр 2022, 07:57
arbuz näçede doglanymy bilmesem näme edeýin dowon
Hiayress
30 апр 2022, 08:17
Atamyrat Atabaýewiň bir kitaby "Dowamat dowam" diýýär.
Garabufer
30 апр 2022, 10:14
Doglan sagadym yadyma dūšenok