,,Şu kitaby okap görüň mugallym!"Hasan Ýylmaz

GOWY MUGALLYM BOLMAGA ÇALŞYŇ. OL:

* okuwçylarynyň diňe gowy taraplaryny görer;

* okuwçylaryny hiç haçan tankytlamaz, olaryň ýüreginde tyg
goýjak sözleri aýtmaz;

* jogapkärli we hakykaty baýdak edinip işlär;

* okuwçylara näme gerekdigine dessine düşüner;

* her bir sapagyny gyzykly geçirmäge çalşar;

* diňlemek we syzmak üçin wagt tapyp biler;

* özüne başgalaryň gözi bilen seretmegi hiç haçan ýadyndan çykarmaz;

* okuwçylaryň şahsy kämilliginiň ýokarlanmagyna ýol arçar;

* tolgundyryjy täzeliklere baýdyr;

* öwrenilýän wagta her bir okuwçyny çekip biler;

* okuwçylaryň kiçijik üstünliklerini görüp, olaryň ulalmagyna ýardam eder;

* okuwçyda öwrenmäge bolan maksatlary oýarar;

* okuwçylar bir ýerde dogry ädim äden bolsa, olary öwmegi, bu ädimi şöhratlandyrmagy hiç haçan ýadyndan çykarmaz;

* okuwçylaryny tanar, olardan öz başaryp biljek zadyny talap eder;

* hiç bir okuwçysyny nazardan salmaz, muny olaryň
özlerine-de syzdyrar;

* sapaga taýýarlanmaga we ony netijeli geçirmek üçin
meýilnama düzmäge wagt tapar;

* ýaşy we pikirlenişi boýunça okuwçylaryň deňesine çenli
peselip biler;

* öwrenmegiň iň netijeli ýolunyň öwrenmegi öwrenmekdigine düşüner we muny ösdürmäge çalşar;

* dersiň netijeliligini artdyrjak esbaplardan köp peýdalanar;

* sapagyny ozal endik edilenlerden hem baýlaşdyrmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaz.

Hasan Ýylmaz. ,,Şu kitaby okap görüň mugallym"
75, 76 sahypa.
5 лайков 459 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 24 фев 2024, 16:45

16. Okuwçylara hormat goýmazlyk

Gynansagam, mekdepleriň köpüsinde hormat goýmazlyk ýokanç kesele öwrülipdir. Munuň soňky ýyllarda has möwjeýändigi bolsa gynanjyňy iki esse artdyrýar. Töweregiňe baksaňyz, munuň mysaly kän: tutuş ýol özüniňki ýaly hereket edýän sürüjiler, soň gelen hem bolsa, gele-gelmäne nobatyň öňräk bir ýerine dyknyşýan adamlar, biri-birini tanaýan hem bolsa, Taňry salamyny gysganýanlar, iň ýamany hem, bularyň ählisini ideal adam bolmakdyr öýdýänler näçe diýseň bar. Jemgyýetçiligiň aýnasyna deňelýän mekdeplerimiz hem bu iniňe tiken sünçýän görnüşlerden halas däl. Elbetde, bu ýagdaý üçin diňe mugallymlary ýa diňe okuwçylary günäkärläp bolmaz. Ýöne bu döwük aýnany abatlamakda ilkinji ädimi mugallymlar ätmelidir. Munuň üçin olar göwnüňi beýik tutmagyň, iň ýamany hem, hyrsyzlygyň okuw işine iňňän ýaramaz täsir edýändigine düşünmelidirler. Diýmek, soňky ädimleri ählisini düzetmäge sarp etjek bolmaly.

Garlawaç
Автор 24 фев 2024, 16:56

Söhbetdeşiň sowallaryna jogap bermegiň altyn açarlaryny hem paýlaşaýyn:

* gereksiz dymyp hem oturmaň, ýaňralyk bilen ýüregine-de düşmäň. Özüňizi çynlakaý, şol bir wagtda-da tebigy ýagdaýda alyp baryň;

* öz garaşýan sowalyňyza däl-de, sizden soralan zatlara jogap beriň;

* jogabyňyz gysga we ýerlikli bolsun. Eger söhbetdeşiňiz has giňişleýin jogap isleýän bolsa, mundan hem ýüz öwürmäň;

* sowalyň jogabyny bilmeýän bolsaňyz, bu barada dessine duýduryň. Bilmeseňizem, bilýän bolmakdan saklanyň;

* ýerliksiz degişmekden çetde duruň. 

Garlawaç
Автор 24 фев 2024, 16:57

EGER GÜRLEŞEN ADAMYŇYZ SIZI WE ÖZÜNE GOÝAN GADYRYŇYZY SOŇ-SOŇLARAM ÝATLASA, BU ÖZÜŇIZ HEM-DE IŞÝERIŇIZ ÜÇIN ÝENE BIR ARTYKMAÇLYK DIÝMEKDIR.

Garlawaç
Автор 24 фев 2024, 16:59

Hekaýat

Alp Arslan Soltan 27 müň esger bilen Wizantiýa topraklaryna sary ýöriş geçirende, gözegçilige goýberen çaparlarynyň biri aljyraňňy ýagdaýda gelip, duşmanyň 300 müň adamlyk goşunynyň ýetip gelýändigini habar berýär. Ine, şonda Alp Arslan:

– Nämä endişelenýäň? Bizem olara sary ýetip barýarys-a! –

diýip, ýylgyryş bilen jogap berýär.

UNUTMAŇ: eger bir işi bir adam başaryp bilýän bolsa, onda ony her kim öwrenip biler. Şol «her kim» sizsiňiz. 

Garlawaç
Автор 24 фев 2024, 17:03

Halypa mugallym  hökmünde köpimiziň goýberýän ýalňyşlygymyz ýaş kärdeşlerimize ilkinji sapaklaryna girmänkä «okuwçylary gaty tutmak» baradaky maslahatymyzdyr.

Dogry, bu – uly ýalňyşlyk! Okuwçylarda özi bilen sazlaşyk döredip bilýän we özi barada gowy pikir döretmegi başarýan mugallymyň sapakda hem işi ilerläberer. Özüňizden mysal alyň, siz barada aladalanýan adamyň göwnüni ýykyp, sözünden çykasyňyz gelermi? Bu ýaşaýşyň sada, ýöne örän möhüm kadasydyr. Bu sazlaşyk öwrenmek we öwretmek işiniň lezzetini has-da artdyrýar.

Süleýman
24 фев 2024, 17:54

dünýä edebiýatda okapdym öñ her sanynda okadym yzgider syn etseñ meniñ näçe garlawajy gapydan kowduk tymsalynam şundan alypdym

Garlawaç
Автор 24 фев 2024, 18:04

Dünýä edebiýatynda çykanyny ýakynda bildim. Ylymlyda PDF-syny goýupdyrlar.

Serdar
25 фев 2024, 09:12

Sag bol ýetireniňe.

Dowsypat
25 фев 2024, 10:26

Biziň mugallymlardan:

*Siziň okanyňyz maňa gerek däl!

*Tahýa-znaçogyň hany?

*Kitabyňy galdyrandan kelläňi galdyryp gaýtmaly ekeniň!

*Bir süri tupoýlar!

*Men 5 minut daşarda çilim çekip geljek.Demiňiz çykmasyn!

*Ertir mekdebe barlag gelýär.Biriňizem okuwdan galaýmaň!...


Jacksparro
25 фев 2024, 11:13

Jaň bolanda daşaryk çykman oturýardyk-da gyş diýip. Klas ýolbaşçy näme diýýärdi gelip: ''Klasda göbegiňiz gömüldimi?'' diýýärdi...????


Pegas
25 фев 2024, 12:55

Bu biziň okuwçylarymyzyň mugallymlaryna degişli däldir. Sebäbi okuwçylarymyzy tananok Hasan aga.

Mümkin
25 фев 2024, 13:05
Şu diýilýän zatlary tejribede görmän oturan ýeriñden näme diýseñ diýip oturmaly. Hany bir mugallym görgüliden sora-da çykaryp. Çagany özüñden çekindiribilmeseñ bilimem berip bolanok, terbiýe-de... Oñ üçinem hökman bek tutmak gerek.
Garlawaç
Автор 25 фев 2024, 15:55

Pikirňizçe biziň okuwçylarymyz bilen Hasan agaň okuwçylarynyň näme tapawudy barka?  Her haýsy aýry millet wekilleridigimi?