,,Şu kitaby okap görüň mugallym!" Hasan Ýylmaz

Okuwçylar, aslynda, nämeleriň özlerini zehinli hasaplamagyna we gowy duýmagyna getirip biljekdigini bilýärler.

Ine, olaryň ýüreginiň isleýän zatlary:

– Haýyş edýän, maňa ýylgyryp bakyň!
– Maňa adymy tutup ýüzleniň!
– Meni diňläň!
– Sapakda ýokkam nämelerden mahrum galandygymy düşündiriň!
– Bahalarymda görünmese-de, meniň ukyplarymy duýmagy we dogry ýoly görkezmegi başaryň!
– Meni öwmäge delil tapyň!
– Hereketlerimiň hiç birini halamasaňyz hem, heniz hem ADAM hökmünde hormat goýýandygyňyzy syzdyryň!
– Geljegim üçin öňümde bir topar ýoluň bardygyny, şol ýollar arkaly öz öňümde dürli maksatlary goýup biljekdigimi düşündiriň!
– Özümden has köp zada garaşmagym üçin meni
höweslendiriň!

Aşakda diňlemek bilen bagly käbir aýratynlyklary hatarladyk. Olara üns bersek, hem-ä bize dertlerini dökýänlere em bolarys, hem-de olary ýaşaýşa höweslendireris:

* Ony eýýäm taýýar jogaplar bilen diňlemezlige çalşyň!
* Okuwçyňyzyň pikirini diňläp, bäş sekunt garaşyň! Şol wagt aralygynda onuň aýdýanlaryna, hakykatdan-da, ähmiýet berýändigiňizi görkezersiňiz. Okuwçyda galjak bu täsir, belki, berjek jogabyňyzdan hem güýçli bolar.

* Duýgusyny kabul ediň!
* Ýerliksiz soraga tutmaň!
* Aýyplamaň!
* Özüňizi gorajak hem bolmaň!
* Käte onuň aýdanlaryny gaýtalamagyň hem zyýany ýok.
* Beden dilinden peýdalanyň!
* Gözüňizi gözlerinden aýyrmaň!
* Göni bakyp gürleşiň!
* Başyňyzy atyp makullaň!
* Ählisine mähirli ýylgyryş goşuň!
* Unutmaň, diňlemek söýgüdir!

Okuwçylar bilen netijeli aragatnaşygy ýola goýmak üçin ilki
olaryň kalbyny okamak, diňlemek we diýýänlerine düşünmek gerek.
2 лайков 114 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 25 фев 2024, 16:14

5. Aragatnaşyk – esasy zat

Adamlar bilen sagdyn aragatnaşygy ýola goýmak barada, megerem, kän zat okansyňyz. Şonuň üçin men uzyn ýazyp wagtyňyzy aljak däl. Diňe käbir aýratynlyklary paýlaşyp, özüme görä, olaryň iň möhümine ünsüňizi çekmekçi. Ilkinji bilen, sagdyn aragatnaşyk saklamagyň käbir şertleri:

* Adamlar bilen aragatnaşyk olaryň biri-birine ýetirmek islänlerini garşydaky adamyň duýup bilmegidir;

* Ýüregimizdäkini diýenimizden soň söhbetdeşimiziň edýän pikirini we özüni duýşuny syzyp bilsek, bu sagdyn aragatnaşygyň ýola goýuldygydyr;

* Adamyň durmuşdan hoşallygyny onuň töweregindäkiler bilen gatnaşyk saklap bilşi kesgitleýär;

* Sagdyn aragatnaşygyň binýadynda garşymyzdaky adama hormat goýmak durýar. Munuň üstesine-de, ony ykrar etmek, gadyr goýýandygyňyzy duýmagyny gazanmak gerek;

* Sagdyn aragatnaşygyň binýadyny düzýän ikinji bir aýratynlyk bolsa çynlakaý bolmakdyr, aşa geçmekden saklanmaly, hemme zady bolşy ýaly kabul etmeli;

* Ýaşaýşa öz nazaryňyz bilen däl-de, garşyňyzdaky adamyň nazary bilen seretmäge çalşyň. Bu synanyşyk ýürekdeşligi orta çykarar;

* Aragatnaşyk diňe bir gürleşmek däl. Ol şol bir wagtyň özünde näme aýtjakdygyňy bilmek, ony haçan we nirede aýtsaň, dogry boljakdygyna düşünmek, iň gowy görnüşde nädip aýtjakdygyňyzy saýgarmak, sada we asylly dil bilen düşündirip bilmek, ähli ünsümizi söhbede jemläp, diýýänlerimiziň söhbetdeşimizde nähili täsir döredýändigine göz ýetirip bilmekdir





























Garlawaç
Автор 25 фев 2024, 16:26

10. Gorka garşy göreşiň

Gorky öwrenmegiň öňünde duran iň uly päsgelçilikleriň biridir. Samsyklaç görünmek, üstünden gülünmek gorkusy okuwçylaryň töwekgelçilik etmek mümkinçiliginiň öňüni alýar. Bu bolsa onuň hemişe töwekgelçilikden gaça durýan adam bolup ýetişmegine sebäp bolýar. Häzirki zaman dünýäsinde bolsa üstünlik töwekgelçilikden gaçmaýanlaryň ýarany. Şeýle bolsa, gorkynyň okuwçynyň geljegine nähili uly zyýan ýetirýändigi özüňize-de mälimdir. Olaryň gorkyny ýeňmegi üçin esasy kömekçi ýene-de siz bolmalysyňyz. Hut şu meselede köp zat edip bilersiňiz. Ýöne turuwbaşdan göz öňünde tutulmaly käbir aýratynlyklar hem bar: töwekgelçilikden gorkmaýan, mysal üçin, tagta çykýan ýa-da berlen sowala jogap berýän okuwçynyň sapaga ýetişigi nähili bolsa bolsun, ony aýyplamak, ýaňsylamak ýada kemsitmek düýbünden gadagandyr. Eger okuwçylardan bir zada garaşýan bolsaňyz, ilki bilen olara töwekgelçilikden gaçmazlygy öwrediň. Goý, tutuş synp töwekgelçiligiň öwrenmek üçin esasy şertleriň biridigine düşünsin. Aşakylary bolsa ýatlatma hökmünde ulanyp bilersiňiz:

1. Bir zady başarmazlyk, elbetde, gynandyrar, ýöne synanyşmasaňyz, hiç zat edip bilmersiňiz.

2. Her ýalňyşlyk, aslynda, ýeňşe barýan ýoluň bir ädimidir.

3. Hakykatda, başaryp bilmezlik diýen düşünje ýok, netije bar.

4. Netije nähili tamamlansa-da, onuň berýän sapaklaryna dogry düşünmek üstünlik üçin gerekli esasy zatdyr. Sapakda okuwçylaryň töwekgelçilik etmegine ýol beriň. Ýöne bu töwekgelçiligiň netijesinde okuwçylardan nämä garaşýandygyňyzy başdan aýan ediň. Soňra iň kiçiden başlap, iň ulusyna çenli töwekgelçilikleriň derejesi barada maglumat beriň. Iň soňunda-da, töwekgelçiligiň okuwça berip biljek peýdasyny düşündiriň. Goý, okuwçylar töwekgel hereketleriniň soňky gün özlerine serpaý ýapjakdygyna göz ýetirsinler. Iň uly serpaý bolsa, bir işi başarmagyň kalba bagyşlaýan ajaýyp duýgusy bolar. Aslynda, töwekgelçilik ýaşamagyň we öwrenmegiň bir bölegidir. Şuny okuwçylara ýygy-ýygydan ýatladyp duruň.

 Okuwçylara bermek üçin bolsa müňlerçe mysal bar. Ine, şolaryň biri:

Tomas Edison 9999 gezek synanyşyp hem, birkemsiz çyrany oýlap tapyp bilmänsoň, tanyşlarynyň biri oňa şeýle diýipdir:

– 10 müňünji şowsuzlykdan gorkjak dälmi?

Bu sowala Edison şeýle jogap berýär:

– Ýok, bu synanyşyklaryň hiç biri şowsuz däl. Olaryň her birinde çyranyň nähili ýagdaýda işlemejekdigini öwrendim.

Ýokarda ýazylanlaryň ählisinden beter hem, okuwçylaryň wagtal-wagtal siziň töwekgelçilikden gaçmaýandygyňyzy görmegine ýol beriň. Çünki okuwçylaryň biziň aýdýanlarymyza dälde, edýänlerimize üns berýändigini unutmaň. Bizde şeýle hereketi gören okuwçylar ony «göçürmäge» ýykgyn ederler



Garlawaç
Автор 25 фев 2024, 16:28

Jemleýji söz:

«Pyşbaga syn et, ol diňe kellesini galdyryp, töwekgelçilik edende öňe ilerläp bilýär». 

Perhat Sabirovv
26 фев 2024, 21:16

Bähhh