...

Bir adamyň ogul perzendi boldy,
Emma 2 ýaşda dünýeden ötdi.
Alla oňa ýene bir ogul berdi.
1 ýaşda onam topraga gatdy.

2 perzendini jaýlan bu bendä
4 sany gyz berdi ýene Hudaýym.
Gyzlaň ulusy kemala gelip,
Durmuş gurdy, aldy bagtdan paýyn.

Emma olam 20 ýaşyň içinde
Ezraýyla şirin janyn tabşyrdy.
Bir agtyk söýdürip 2-nji gyzy,
Olam bakyýete gadamyn urdy.

2 gyzy-ogly öz eli bilen
Gömen ata gamyn ile paýlady.
Soň 3-nji gyzyn 27-de
Özün synap duran ýere jaýlady.

Ýeke gyzy bilen galan biçäräň
Kalby lerzan bolup, bagry daglandy.
Emma, emma ogul berdi oňa Ýaradan,
Ol ynsan bu ogla juda baglandy.

Bar durkuny beren çagasy bilen
Deň aglar, deň güler, hatda deň iýer.
Ýöne betbagt ynsanyň söwer oglunam
Bir ýarym ýaşynda aldy ene ýer.

6 perzendini jaýlan ýüregi
Iň gatysyn gördi musallat belaň.
Emma bilýäňizmi, ol ynsan kimdi,
Pygamber Muhammet Aleýhisselam.

Entek bu dünýede hiç bir adamzat
Onça gazanmandy söýgüsin Hakyň.
Emma wepasyny göz etmek üçin
Resulyna beren synagna bakyň.

Allaň gazabydyr öýdüp düşünmäň,
Elden alsa ýakyn söýegleriňi
Sabyr, ynam dogaň, kalbyňda bolsun,
Alla agyr synar söýenlerini.
7 лайков 116 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
Автор 07 мар 2024, 08:09

Kerim Hally

Hemedany
07 мар 2024, 13:50

Çuň many ýatyr goşguda. Pygamberimiziň ömür beýanyny okanyňda, çeken muşakgatlaryny göz öňüne getirip bilseň, ýüzümizdäki syrtarmalara derek gözümizden aryklar akar durardy. Ýöne biz hakykylyk ýok, ýasamalyk bar.