Dost bolsaň

Dost bolsaň...
Ýegre dostum,
Egri otur,
Sözleşeli!
Senden gizlin syrym ýokdur,
Çözlüşeli!

Bak gözlerme,
Bulanyk däl,
Dury olar,
Seni haýsy sözler bilen
Doýurdylar?

Dostum bolsaň,
Rastyň bolsa,
Gizlemegin.
Ynha, indi ikiçäkkäk
Wagty diýmegiň.

Näme beýle sowuk – sowuk
Seredýärsiň?
Bogazyňda tegek bar deý,
Gürrüňleri gap böwründe
Bes edýärsiň?

Ýegre dostum, dogry dostum,
Näler bolýanyn aýtsana,
Ýogsa menem aljyraýan
Ýalan sözleýär öýtseler.

Ine, şeýdip aýtman – diýmän,
Lal-jim bolup hoşlaşaýsak,
Bir ýalan artar dünýäde,
Bir namart güler dünýäde,
Ýanar gider guýmagursak.

Dost bolanyň ajy dymmaz,
Hökman aýdar.
Hakykat aýdylyp ýaşaýar.
Bukulyp ýaşaýar ýalan.

Ýegre dostum, egri otur
Dogry geple,
Entek diller sözleşýärkä,
Ýalan ýeli öwsüp bilmez!

Bägül ATAÝEWA
3 лайков 36 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.