Ab zem-zem.
Howa ýakyp-ýandyryp barýardy. Ybraýym pygamber biribaryň görkezen ugruna bakan ýalaňaç aýaklaryny ýanyp ýatan daş gyçaklaryna gyýdyryp, barmaklaryny gan-gabarçak etdirip gidip otyrdy. Ol käte yzyna gaňrylýardy-da gujagy eteneje bäbejik dolanan gundagly aýaly Hajaryň haýaljak ýöräp gelşine darygyp, ony hoşamaýlyk bilen gyssaýardy.
– Ýörüň, ýörüň, indi az galandyr, ýetip barýarys!
Ol Müsürden Palestina gaýdyp gelenden soň aýaly Sara oňa üýtgeşik maslahat berdi.
– Ybraýym sen meni diňle! Eger razy bolsaň, sen Müsür paraony – Pyrgaunyň peşgeş beren şu gyrnagyna öýlenseň nädýär.
– Näme üçin men indi oňa öýlenmeli boldum?
– Görýäň-ä, men indi garradym. Saňa hyzmat etmäge indi meniň hiç hili deramatym, ysgyn-mydarym ýokdur. Bu ýaş gyrnak saňa mynasyp hyzmat eder.
Ybraýym pygamber böwrüni diňläp oturdy-da:
– Bolmaz! – diýdi. – Men hem indi garradym. Ýaşym ýüze ýetip barýar.
Sara ony gününe goýmady.
– Ybraýym, sen meniň diýenimi et. Men bir önelgesiz bolup çykdym. Özüň bilýäňä, näçe ýyllar perzende garaşdym. Emma Alla Tagala bermedi. Ömri puç geçirmek bolmaz. Sen bir erkek adam, synanyşmaga pursadyň bar. Şu ýagdaýy sypdyrmaly.
– Ybraýym pygamber hiç zada düşünmeýändigini aýtdy.
– Gyrnak ýaş, juda owadan! Mähriň inse, çaga bolar umyt bar. Soňam bu ýaşajyk naçary gulçulykdan azat edip, Allanyň alynda sogap gazanarsyň.
Ol şeýleräk sözleri diýe-diýe, ahyr soňunda ony yrdy. Nika gyýdyryp, ýaş gyrnak Hajary öz ärine alyp berdi.
Şondan bir ýyl geçip-geçmänkä, Allanyň gudraty bilen Hajar ogul bäbegi dünýä inderdi. Muňa Ybraýym pygamber diýseň şat boldy, Uly aýaly Sara minnetdarlyk bildirip, oňa alkyş baryny aýtdy.
Ybraýym pygamber başdaş aýaly, indi garrap, halys tapdan düşüp barýan Sarany juda eý görýärdi. Onuň sarpasyny saklap, hemişe diýenini edýärdi. Äriniň bu garry gurap ýanlyga dönen aýalyny apalap, sylap, sarpalap ýörmesi juwan küýli Hajara hiç ýaranokdy. Onuň gyrnak wagty Saradan çeken igençleri, oňa güni bolup, töre geçip, indi ogul bäbek dogurmagy Hajaryň göwnüni ersdiripdi. Onda men-menlik şu öýe eýemsireme duýgusyny döredipdi.
Indi ol öňki bikesi bolan günüsi Sara azar berip başlapdy.
– Sen bir gargyşa galan tula ahyryn. Onsoň nädip seniň çaga ýüzüň düşsün. – diýip, ol garry günüsiniň namys oduny ölçerýärdi.
Sara bu igenmä çydam edip bilmedi. Oturyp Taňra ýalbardy.
– Eý, beýik Perwerdigär. Ömrüm boýy saňa sygyndym. Bütin ömrümde seniň dostuň Ybraýym Halylylla ak ýüregim bilen ynsaply hyzmat etdim. Şu ömrümde senden hiç zat dilemedim. Bereniňe şükür edip geldim. Indi sen şonuň şükrünnasyna maňa bir ogul ber...
Alla Tagala onuň bu dilegini eşitdi. Perwerdigäriň gudraty bilen garrap halys sandan galan Sara göwreli boldy. Wagty gelende bolsa olam ogul dogurdy. Onuň adyna Yshak dakdylar.
Ysmaýyl jan bilen Yshak ep-esli bolandan soň bu iki güni aýalyň gepi-gürrüňi, biderek, dawasy has hem artýardy. Indi olar bir öýe syganokdylar.
Sara «Eý, Perwerdigär, meni şu Saradan dyndar!» diýip, Alla Tagala arz etdi.
Taňry öz dosty Ybraýyma:
– Hajary ogly Ysmaýyl bilen Mekge jülgesine eltip gaýt! – diýip buýurdy.
Şondan soň Ybraýym pygamber Sarany yzyna tikäp, şu ýurda bakan gaýtdy. Ol Taňrydan bir nyşan bolar-da diýip, şol gidip otyrdy. Ahyr soňunda dört garapyny pessejik daglar gurşap alan ýanyp ýatan toprakly ýere gelip ýetdiler. Onuň gulagyna «Sara bilen ogluny şu ýerde goý-da, yzyňa dolan!» diýen owaz geldi.
– Men Ysmaýyla köp-köp nesiller bererin!
Belent Perwerdigäriň ähli aýdany diňe şu sözler bolupdy. Bu sözleriň näme manysynyň bardygyna-da Ybraýym ol wagtlar düşünip bilmändi.
Ybraýym aýaly Sarany bäbejigi bilen bu ýanyp ýatan gyzgyn çägäniň üstünde taşlady-da, yzyna ugrady.
Ol adamsynyň özlerini bu beýewan çöllükde taşlap, gidip barmasy Saranyň tas ýüregini çatladypdy. Ol adamsynyň yzyndan dady-perýat edip ylgady.
– Ybraýym, sen bize bu ýanyp ýatan çöllügiň, wagşy haýwanlardan doly jeňňelligiň içinde ýeke goýup, nirä barýarsyň. Bizem özüň bilen alyp git.
Ybraýym pygamber sesini çykarma-ha däl, yzyna gaňrylybam garanokdy.
Hajar janhowluna onuň öňüne düşdi.
– Jaň Ybraýym, sen beýtme, suw ýaly çaga bilen meni bu çölüň içinde ýeke taşlap gitme!
Ybraýym pygamber sesini çykarman gidip barýardy.
Hajar üçünji sapar hem ýalbardy-da, peýda bolmajygyny bilenden soň:
– Taňry şeýle et! – diýip buýurdymy?! – diýip ýuwaşja sorady.
Ybraýym pygamber oňa garşy ýüzünem öwürmedi-de, ýekeje söz aýtdy.
– Hawa!
Hajaryň bar umydy ýele sowruldy. Ol adamsy gidenden soň aglamaga oturdy. Emma aglanyň bilen gelýän peýda ýokdy. Gün jyzyrdadyp ýakyp barýardy. Bu ýerde ne oturara kölege, ne-de teşneligiňi gandyrara suw bardy.
Ol ogluny goýdy-da, janhowluna diýen ýaly belent dagyň başyna çykdy. Ol Safa dagyňy. Onuň garşysynda ýöne-de bir dag bardy. Göwnüne bolmasa şol dagyň düýbünde suw bar ýalydy. Ol suw gözläp şu iki dagyň arasynda ýedi sapar gatnady. Şol daglaryň arasyndaky elli-altmyş metirlik ýer juda hatarlydy. Ol ýerde içi ýylan-içýandan doly, äpet mekejinli, ajdarhadyr arslan gözip ýören gur jeňňellik bardy. Hajar her sapar şol ýere ýetende gorkudan ýaňa titräp, janynda baryny edip ylgap geçýärdi.
Hajar näçe urunsa-da ne bir owurt suw ne-de penalar ýaly oba, il ýa-da ynsan balasyny tapdy. Ol şol ýerde bir salym umytdan düşüp durdy. Birdenem «ogluma bir bela bolaýmasyn!» diýen howsala ýüregini gaplatdy. Onuň zenan kalby öňküden hem beter oda düşdi. Ol şu duýgy bilen aýagyna ot ýapyşan ýaly bolup, ogluny goýan ýerine gaýtdy.
Ysmaýyljan yssylamakdan teşnelikden ýaňa şu jülgäni dolduryp aglaýardy. Ol şol aglap ýatyşyna, eljagazlaryny, aýajyklaryny däbşenekledip, gundajygyny çözdi.
Onuň gundajygyndan çykan sag aýagynyň ökjesi bat bilen ýanyp duran ot ýaly topraga batly uruldy. Hudaýyň gudraty bilen şol ýerdeň Ysmaýyl janyň ökjesiniň ýeri degen ýerinden äpet suw tolkuny çüwdürilip asmana atylyp gitdi. Şol çüwdürimiň salkyn damjalary monjuk-monjuk bolup bäbäjigiň üstüne ýagyp başlady.
Oglunyň äpet suw çüwdüriminiň astynda ýatanyny gören Hajaryň huşy başyndan uçana döndi. Ol ogluna bakan gujak gerip ylgady. Şol eňräp gelşine-de:
– Ab, zem-zem! Ab, zem-zem!1 – diýip jynssyz gygyrdy.
Onuň sesine suwuň bady birneme gowşady-da, soň aşaklygyna, jülga bakan towlanjyrap akyp başlady.
Hajar ilki Ysmaýyl jana goşawuçlap suw berdi. Soň özi suwdan gandy. Oglunyň özüniň elini, ýüzüni ýuwdy. Soň bir salym dynç almaga oturdy.
Ol birden gulagyna kerwen jaňynyň sesiniň gelýändigini duýdyda, belent baýryň üstüne çykdy.
Jülge bilen agyr kerwen geçip barýardy. Kerwenbaşy baýryň üstünde gujagyna çagasyny alyp duran aýaly gördi-de, az-kem __________
1 Ab, zem-zem – suw dur, dur.
saklandy. Soň bu ýerde oba bar bolaýmaýsyn diýen pikir bilen oňa garşy gaýtdy. Ol buldurap, duranyň gözi ýaly bolup akyp ýatan bol suwa gözi düşüp, ilk-ä haýran galdy. Soň yzyna gidip agyr kerweni bäriligine garap sowdy.
Olaryň sowlanyny görüp kerweniň gapdaly bilen baryp Ýemenden bäri suw gözläp gelýän Jurh umitler taýpasynyň adamlary hem süri-süri mallary bilen bu ýere sowuldylar.
Sähel salymyň içinde bu suwuň töweregi uly oba öwrülen ýaly boldy. Ýanýan oluň, bişirilýän naharyň ysy, çagajyklaryň oýnaýan, aglaýan sesi, mal-garalaryň owazy tutuş jülgäni doldurdy. Bu bol suwy, rahatdan sapaly ýeri gören Jurh umitler kerwen geçip gitse-de, bu ýerden gozganjak hem bolmadylar. Soňra olar bu töwerekleriň ilatynyň özeni, Ysmaýyl janyň gaýyn ugry bolup galyberdiler.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.