Söýgüniň güýji /Bessirjan/
Obaň çet ýerinde,
Bukyrak ýerde,
Duşuşdyk Bessirjan
Ýadyňdadyr-la.
Ýadyňa düşýärmi,
Duşuşykdan soň,
Öýe gaýtdym sensiz,
Ýüregim gysdy.
Ýolda gelýärkäm,
Bir melgun pişik,
Gara şeýtan bolup,
Ýolumy kesdi.
Şonda ýyldyrymlar,
Çakdy bir ýerden,
Ýagyş ýagdy,
Guýulýardy asmandan...
Şonda zalym ejeň,
Öňümden çykyp,
Agaç bilen kowalady,
Hopugyp.
Seň bilen duşmaga,
Gidip barýarkam,
Meni yzarlap,
Ýitiripdir ýoluny.
Arkamdan salandyr,
Çopan taýagyn,
''Eýwä-ä-ä-k diýip,
Gygyranym ýadymda.
Ahym eşdip ýygnanyşdy,
Obadaşlar goňşular.
Daşyma üýşdiler,
Kruga salyp,
It depen dek,
Etdiler-le Bessirjan.
Seniň söýgüňe,
Inçe duýgyňa,
Ýetmek üçin ençe,
Hupbat gördüm men...
Bessirjan, Bessirjan,
Diňle Bessirjan,
Seniň üçin pygan,
Çekýändir-le jan.
Şol gün urlan günüm,
Sen ylgap gelip,
Hersini bir ýana,
Zyňmadyk bolsaň.
Özüm hötdesinden,
Gelerdimem-le.
Ýöne maý bolmansoň,
Maý bermänsoňlar,
Ýatyrdym alaçsyz,
Sen ýetdiň dada...
Bessirjan birini,
Bir ýana zyňdy,
Birinem aldy-da,
Zeý ýaba zyňdy...
Şonda wazelinjyk,
Çalypjyk ýüzme,
Ýarama melhemi
Tenekär etdiň...
Çapylan dodagma,
Degende lebiň,
Ýüzüme ýagyş däl,
Damanda ýaşyň,
Söýgüniň güýjine,
Düşdümem welin...
Ejeň ylgap gelip,
Seni aýyrdy,
Ýaba zyňylan goňşy,
Elewräp gelip
Meni aýyrdy...
Şeýtdi-de aýryldyk,
Biz bir-birekden,
Ýöne sen şonda-da,
Besetmediň-le...
Seniň ruhuň galkyndyryp,
Içimde ölen söýgüni,
Ejeň elinden sypyp,
Meni bagryňa basdyň.
Her sapar mama jaň kakyp,
Ýyldyrymlar çakan gije,
Şol gijäni ýatlap men,
Bozlap aglaýaryn men.
@Jeksparro
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.