Eje.

(Bir oglan ejesiniň mazaryna baryp aýdan sözleri?)

Käbäm,seni küýsäp geldim ýanyňa,
Sen gitdiň, her gije agladym eje,
Sen juda ir gitdiň, gerekdiň maňa,
Aýra düşen wagtym, çagadym eje.

Seniň ýoklugyňa ynanmak kyndy,
Iň agyr kynçylyk başymdan i:ndi,
Diýdiler, "aglama ejeň ýok indi",
Ynanman, özümem aldadym eje.

Durmuş ýolum ýalňyşmy,
Bilmen dogrumy,
Ýtitrdimle sensiz barýan ugrumy,
Ýyllar azaşdyrdy seniň ogluňy,
Azaşyp, çar ýana ylgadym eje.

Maňa düşünýän ýok, agyr halymdan,
Başarsalar sorup aljak ganymdan,
Doýurdy mähirsiz,eýmenç zalymlar,
Seň ýyljak mähriňden, ganmadym eje.

Hiç hili ýeňil däl durmuşyň ýoly,
Şatlygy az eken, gussadan doly,
Sebabim ýok sensiz gülerim ýaly,
Sensiz çyn ýürekden, gülmedim eje.

Dost diýenim arkamdan sokýar pyçagyn,
Açsada-a, minnetli açýar saçagyn,
Al meni ýanyňa açyp gujagyň,
Bu durmuşdan, halys doýdumla eje.

02.12.2023

Merdan Nuranow.
3 лайков 84 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perhat Sabirovv
23 дек 2023, 02:10
Allahym ejelerimiziň gadryna ýetip ýaşaly bar wagty
Myrat
24 дек 2023, 04:26
Bäh, şeýle gowy ýazylypdyr...