HATYJAGÖL hekaya

Joşly derýa egin diräp oturan beýik baýryň eteginde Soltanýaz begiň galasynyň aşak-ýokary taraplarynda sakçylyk çekýän dört sany nökerden başga bu
jelegaýda adam-gara görnenokdy. Düýbi inli edilip tutulan bu galanyň günortagündogaryny alkymlap oturan Akdepe obasynyň ýokary ýüzündäki ene ýabyň
kenarlarynyň erňegini gyrmalap akýan suwuň endigan şyggyldysyna goşulyşyp,
oba itleriniň üýrüşýän sesleri diýäýmeseň, daş-töwerekde ünsi çekäýer ýaly başga
üýtgeşik bir del goh-galmagal eşidilenokdy. Daş-töweregiň bu görnüşinden çen
tutsaň, şu wagt dünýäniň bu imisalalygynda, göýä, ýurtda hem, halkyň ömürboýy
isläp gelen ýagdaýy bolan parahatlyk bolaýjak ýalydy. Bir göräýmäge, bu şuňa-da
meňzeýärdi. Emma...
Şindiki, oňa çalym edýän imisalalyk parahatlyk bolup, parahatlyk hem däldi-de, deňizde gopjak aýylganç tupanyň, giň sährada turjak bolýan güýçi harasadyň öňüsyrasynda
kalplara gorky gaplap, dünýä dolýan syrly dymyşlykdy.
...Türkmen taýpalarynyň iň soňky uly göçünde Ärsarybabanyň uly ogly Eýnelgazydan örňän Lamma bilen Çarşaňňynyň hem-de ortanjy ogly Zeýnelgazydan köpelen
Gara we Bekewüliň nesilleri Amyderýanyň ortaky akymy bolan çep kenaryndaky şu
sebitleri orun-ojak tutunyp, ornaşypdylar. Erkinligi söýýän halkymyz yüzýyllyklaryň
dowamynda öz topraklaryna eýemsireýän şalyk bolsun, emirlik ýa-da hanlyk bolsun,
olara garşy durup, garaşsyzlygy ugrunda kän göreşipdiler.
Hatyja soltanyň hem göwresiniň çep tarapyndaky ýüregi, hem sag goly bolan Seýitnazar Seýdi hem ýigitleriň öň hatarynda watan goragyna çykypdy. Gaýduwsyz gerçek:
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça dönmenem, begler!
— diýip, öz ýiti täsirli şygry bilen goşundaky ýigitleri gylawlandyryp, ruhlandyryp, at
segredip barýardy.
* * *
Içi-daşy hellewläp oturan äpet tutlaryň ýaşyl diwary bilen gurşalan obanyň ortasynda Seýdi şahyryň arassa şykgy toýun palçykdan salnan giň howluly, ortarasy serhowuzly
öýi Diwanabat — Kerki arabaýolundan barýan her bir ýolagça gündiz Günüň şöhlesine,
gije Aýyň ýagtysyna atgaýtarym ýerden obanyň beýleki jaýlaryndan saýlanyp görünýärdi. Şatutlara basyrylyp oturan bu uly eýwanly öýüň gapysynda tal agaçlaryndan tagta
ýasalyp, bejerilen tagty-rowan — tagta seki goýlupdy. Seýdi muny kyrk ýaşyna ýetip,
ilerki sähra etekdäki mülk ýerine Saltyk arykdan suw çykarmak maksadynda suw bilen
öz-özünden işläp duran bir jykyr gurduranda, yşk edip, şol agaç ussasyna ýasatdyrypdy.
Bularyň giň howlularynyň aşak ýüzünden geçýän Saltyk arykdan kesek atym uzaklykda
gurlan oba metjidi bardy.
Seýitnazar Seýdiniň atasy Habyp hoja öýlerine goňşy diýen ýaly golaýlykda bolan şol
metjitde ymamlyk edip, jemagata şam namazyny okadyp gelşine, bir tarapy gapylarynda gögerip oturan şatuda direlip duran, ýerden dyz boýy belentlikde gurşalan agaç sekä
çykdy. Ýörite özi üçin öňden taýýarlanyp, ýazylyp goýlan ýumşak düşekçä geçip, şatuda
arka berip oturdy. Ýaňy namazdan çykyp, ymam Habyp hojany yzarlap diýen ýaly gelýän
bir aýal maşgala hem bu tagta sekä golaýlap gelşine, birden saklandy. Oňa gözi düşen
badyna Habyp hoja:
— Be-he, Aýsoltan, bi senmidiň? — diýdi.
— Geçiň sekiniň üstüne!
— Gidenlerden habar ber, Habyp! — diýip, Aýsoltan köýneginiň giň etegi bilen aýaklarynyň dabanyna deňiç örtüp gürledi.
— Sen Rebbiň takdyr edenini diňe bildirileni bilýän gulundan sorama. Biziňki ýagşy
niýetde bolmak. Herniçik, indi uzaga çekmeseler gerek. Bu gün-erte oglanlardan habar
düşse-de düşer.
— Şeýle bolgaý-da, ýagşy habar gelgeý-dä! — diýip, Aýsoltan mama iki elini goşawuçlap ýüzüne syldy. Habyp hoja hem oglanlykda medresedäki sapakdaşynyň ýagşy
dilegine goşulyp: «Ämin!» diýip seslendi. Onýança Hatyja soltan öz baldyzy Orazbibi bilen
towuk eti düşelip bişirilen käşirli palawdan hersi bir ýaýbaň tabagy tümmekläp göterip,
alyp geldiler...
* * *
Ýassy namazyndan soňra Hatyja soltan baldyzy Orazbibini hem yzyna düşürip, «haly
otaga» bardylar. Tüýnükden düşýän dolan Aýyň ýagtysyna golaýda ýüwürdilişine, ýaryna
çenli dokalyp, alabahardaky gül-pürçük meýdana meňzäp, gyzyl-ala öwüsýän halysyna
gözi düşende, birdenem kalby gozganyp, göwni hala höwrükdi. Täze halyda arzuwlarynyň
wysalyny gören Hatyja ýeňil gopup, dokma mündi. Dokmanyň sag-çep — iki tarapynda
ýanyp duran goşa çyralaryň ýagtysyna Hatyja soltanyň öňdenem haýbatly topbusy has
hem uzan ýaly bolup göründi.
Çeýelik bilen çitimini dolduryp, darak urmaga oturdy. Ýeňňe-baldyz ikisi iki ýerden
darak kakdylar. Ýaşuly kellesini öňe-yza edip, uludan bir ýuwdundy-da, başky äheňini haýalladyp,
sözüni dowam etdirdi:
— Aý, çagalar eli hünärsiz-ä däl. Kaýda bolsalaram, hor-zar, ýa birine ýük bolaslaryha ýok.
— «Hünär — baýlyk» diýen eken Zamahşary diýlen alym bir çak. Hojaýyn guluny
har etmez. Adam nirede, ne halda bolsa-da, rysk berýänem, goraýan hem Biribaryň bir
özüdir! — diýip, Ýusup işan metjitde wagyz edýän şekilli gürledi.
— Howwa-la, oňa kimde şübhe bar! — diýibem, Saýyp bagşy ýene gürlemekçi bolanda, Hatyjanyň enesi Emine-de gürrüňe goşuldy.
— Aý, Hatyja janym üçin Beşirem ýat bir ýer däl-le. Ol çagaka, soň-soňlaram bir öýi
daýylarynyňky boldy Hatyja janymyň...
Saýyp bagşy ýene dillendi:
— Adamlar, bu wagt zamananyň öwzaýy bozuk. Her ýerde, durna ýaly, hüşgär bolmak
zerur bu wagt. Men ýolagçylaryň ýanyna kempirim Aýsoltan mamaňyz bilen elli-aýakly
ýegenim Şirlinem goşaýyn.
Saýyp bagşy töweregine ýaltaklap, howlukmaç gürledi.
— Göçi daň ýagtylmanka ýola salyň, adamlar! Içde-daşda duşman-beýleki ýeterlikdir,
ägä bolmak gerek, durna ýaly...
* * *
Derýany gyratlap ýaşjak bolup duran Günüň aşagynda örküji gabarylyp görünýän
iner aýagynda baryny edip, loňkuldap, öňe omzap barýardy. Derýanyň ters akymyny
syryp, gämigüzeri nazarlap, tirkeşip gelýän üç kişiden ses-seda çykmaýardy. Meýdan
torgaýlarynyň «jibirdisi» kimdir biriniň gara çyny bilen janyýangynly jibrinmesi bolup
eşidilýärdi. Telim düwünli owsaryň nogtasyndan tutup, üsti ýükli ineri idip barýan
Hatyjanyň ýüzi solgun görünýärdi. Töwerekdäki guş-gumrularyň owazy hem ol üç
adama hiç hili täsir etmeyärdi.
Obadan ara açyldygysaýy, Hatyjanyň ýüregine, birhili, düşnüksiz, nämälim, başy-aýagy
belli bolmadyk syrly howsala aralaşyp başlady. Öz meýliniň tersine, nähilidir bir güýç Hatyja
soltany birden sakga saklanmaga mejbur etdi. Hyýalynda nämeleriň bolup geçýändigine
birbada onuň özi-de düşünip bilmedi. Emma gursagyndaky ýiti bir sanjyny ol kem-kem,
dura-bara syzyp başlady. Ol göze yssy, göwne ýakyn bolan obasynyň ýaýbaň şahaly,
gaba agaçly baglaryndan, guba giňişliklerinden dirilikde jyda düşmeginiň jan awusyny,
ine, gel-gel, şu pursatda hanjar ýarasynyň ýitiligi bilen duýup galdy. Hatyjanyň Seýdiniň
at segredip gezen, şygyr ýazyp oturan ýeri bolan goja şatuda tarap ýönelip, gös-göni
derýanyň sowmasyna tarap ugranyny gören Aýsoltan mama muňa geňirgenmän durup
bilmedi. Ol «ýalt» edip, yzky düýäniň üstünde oturan Orazbibä seretdi. Emma ondan-da
öz aljyraňňy duýgusyna haraý tapmansoň, içinden pyşyrdap, doga okady-da, iki eli bilen
öz ýakasyndan ýapyşyp, gözlerini gorkuly tegeledi:
— Alla janlarym, bu nä ahwalat boldy? Hatyja, sen ugruňy Pelwerde garşy däl-de,
başga tarapa alyberdiň-le?! — diýdi. Hatyja soltan Seýdini soraglap, şatuda arkasyny diräp, gamgyn halda başyny aşak salyp, ýuwaşjadan hiňlenmäge durdy:
Eý, zamana, zamana,
Rehim et natuwana.
Bir dem ýardam görmesem,
Ahym ýeter asmana.
Men şuglaly şam şemi,
Yşkynda aşygana.
Hijran ody köňlümde,
Ýandy bu gün gümana.
Gaýgy-hasrat, gam üçin
Gelmeýsedim jahana...
Başymdaky täjimi,
Aldy, goýma:n amana.
Beşir, Mekan, Burdalyk,
Batdy gara dumana.
Döwrämde ýok medetkär,
Düşdüm otly pygana.
Köňlümde hasrat-gaýgy,
Ýalňyzlykdan nyşana.
Lamma, Gara, Bekewül —
ilden boldum bigana.
Başym alyp giderem,
Men bir telbe-diwana.
Hany, Aýjemal bagşy,
Hany, Jümbül jenana?!
Hany, Gülzar, Zargülüm,
Aklym galdy haýrana?!
Hany, şaýyr Intizar,
Düşerinmi hijrana?!
Hany, oglum — Enwerim,
Nirde ol akly dana?!
Rozybike Düldüli,
Şähri Banu — dürdäne.
Ýetsem ýakyn gardaşa,
Hoja Kytgy Kengana.
Hijran dagyny çekip,
Ýetsem Seýdi soltana.
Sakar, Saýat, Nerezim,
Göçsem Beşir, Mekana.
Golumda galam, depder,
Galmaz köňül armana.
Hatyja, görsem bu gün,
Il-günümi bostana,
Il-ýurdumy dostana!
Hatyja soltan ýokarsyna — asmana garady. Boz torgaý onuň dik depesinde pelpelläp perwaz urup durdy. Zenan ýüregi diňe daşyndan seredeniňde teselli tapana meňzeýärdi. Hakykatda, ol aglaýardy. Mert zenanlara mahsus bolan ýagdaýda — sessiz
hem-de gözýaşsyz aglaýardy.
Tomaşa kyl, seýran et gülli bostana, Seýdi,
Näz birle azm eýleýip, bag-gülüstana, Seýdi.
... Pynhan wysala ýetmek magşuklar yradasy,
Jöwlan urup, janygan ýar sen merdana, Seýdi.
Aşygyňa rehm eýle, etme sen jebir-sütem,
Ýanyp duran şem — menem, sen bir — perwana, Seýdi.
Giriftary — nikahy, çeşmi — mahmur, farzana,
Bawar birle bäri gel, kylma efsana, Seýdi.
Görse, ol ruýy mahyň ger Züleýha bir zaman,
Eýlemez bir dem nazar Ýusup-Kengana, Seýdi.
Çünki Allah eýledi fikri-oýun köňlümden,
Gözüm ýaşy deň geler, Bahry-ummana, Seýdi.
Hany, meniň gamhorym, ömürlik arkadagym,
Gel, gowuş sen peýweste Hatyja hana, Seýdi.
Hatyja soltan sessiz goşgy okaýarka, gursagyny ýarara getirýän ýüreginiň gürsüldisi
bilen «Gözüm ýaşy deň geler, Bahry-ummana, Seýdi» diýen armanly sözleri derýa tolkunlaryna düşüp, güňleç ýaňlanyp gitdi..... Layklar bolsa dowamam bolar
1 лайков 175 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
aymyrat
14 июн 2021, 07:17
Gowy