Görermiş

Ýaranlar hak diýip gezeniñ
Ala myradyny berermiş
Bozma yok taňrynyň yazanyny
Adam kysmatyny görermiş

Ýaman işdir nähak töhmet
Şirin jana bolar mähnet
Haramdan ýygnanan döwlet
Ýenede harama ýararmyş

Ejizlere zülm edenler
Haram keype meyl edenler
Ene- atany ynjydanlar
Ogul - gyzyndan görermiş

Amanberdi aýt çekinme
Dahylsyz yere sokylma
Geçenlerede ökünme
Ýasamaga zyýan berýämiş

Awtory A.Amanberdi ( ARBABY)
4 лайков 171 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ARBABY
Автор 28 июн 2021, 15:38
Likelara garasyas indi gosgylar ucin
ARBABY
Şamuhammet
28 июн 2021, 16:34
Ene- atany ynjydanlar
Ogul - gyzyndan görermiş

ymgyr manyly setirler...
ARBABY
Автор 28 июн 2021, 16:44
Sagbol
Ogulşirin Bayramowa
28 июн 2021, 17:13
LIKEE