Oh-oh... oh, bujagaz gyzy !

Daşary garaňkylapdy. Agşam naharyndan soň kimlerdir gundeki adaty ýaly serial kino görmäne oturdy, kimlerdir köçä aýlaň-şaýlaň etmäne çykdylar, bize meňzän ýaşlar ellerinde telefon, ýaryna duşuşmak uçin köçä näme bahana bilen çykmalydygyny öwredýärdiler.

Ýaşlaryň her gije piwohorlyk edýän ýerinde 3 sany ýaşy ulyrak adam piwo içişip durdylar. Olar köňillerini hoşlap, bir-birine birzatlar aýdyşyp yzyndanam gaty ses bilen gulýärdiler. Şol wagt ýol bilen uzakrakdan bir gyzyň gelýäni görundi. Garaňky bolansoň, hem säl messirän erkekleriň gözune ol gyzyň kimligi görunenokdy. Içinde bir hapysaragy söze başlady:
- Aý-baý-baý... Bujagaz gelýän figura seredä, edil gurjak ýaly - diýip, gyzaran gözleri bilen ýanyndaky ýoldaşlaryna seretdi. Olaram hykgyldaşyp bu hapysanyň sözuni makullan ýaly "pa-pa... pa" - diýdiler.
- Aýaklaryna seredeä, şo aýaklaryndan tutmak uçin butin ömrumi bererdim. Ol gyz bulara tarap assa ýuwaş ýöräp gelýärdi. Ýaňky hapysa ýoldaşlaryny durtup:
- Hany ýakynrak gelse, biriňiz lak atsaňyzlaň, hyyk... Bu sözden soň ýoldaşlarynyňam garmonlary hereketlenip ugradymy nämemi, edil marafonda gatnaşýanlara meňzäp taýýarlyk görup ugradylar. Gyz ençeme ýakynlaşypdy. Hapysa ýoldaşlary eşidäýjek ses bilen:
- Oh.. oh-oh... Hanydy gelip maňa..... Hapysanyň sözleri agzyndan çykyp ýetişmedi, bogazyna gysyldy, ne dem, ne ses çykdy. Ýuzi gyzaryp, gulaklaryndan ot çykýan ýalydy. Şo wagt ýer ýarylsa ýere girmäne taýyndy.

Ýaňky gyz oh-ohlap duran hapysanyň ýanyna gelip: Däde, seni ejem çagyrýar, öýe myhmanlar geldi - diýdi.
1 лайков 178 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hemra
05 июл 2021, 20:35
PUHAHAHAHAHAHAHAHA
LIKE HIHI
nyce
06 июл 2021, 03:29
...men pikirimche gulkinch dalmika diyan mena))