Çöldäki jyn

Kerwen gurnap gelýän söwdegärler mallaryny satmak üçin düýeler bilen çöli geçip gelýär ekenler. Agşamlyk gatlyşyberende çöl depeleriniň pesiräk ýerinde çadyr gurup oturýarlar. Çöle belet bolansoňlar nirede düşlemelidigini, nirelerde suwuň bardygyny gowy bilýärdiler...
Olaryň arasynda biri: ''Şu depäniň aňyrsynda suw bar. Men biraz suw alyp geleýin'' diýip söwdegärlerden daşlaşdy. Aradan ep-esli wagt geçensoň, söwdegärleriň biri: ''Men ýaňkyň yzyndan gideýin, köp eglendi'' diýip ýaňky suw almaga gideniň yzyndan gidýär. Ep-esli wagt geçenden soň, beýlekilerem gelmedikleriň yzyndan gitdiler we olaram gelenoklar. Soňra kerweniň eýelerinden ýaş başly, gujurly bir ýigit bardy. Ol ýalaw ýaly gylyjyny syryp, ýanyna dostuny alyp şol depäni aşýarlar. Onuň dosty birden: ''Eý Allam, seretsene oňa, bir zenan bar, özem çuw-ýalaňaç, gaty owadan, biziň söwdegärlerimiz o ýerde wagt geçirýär ekenler... Menem olaryň ýanyna barjak'' diýip ylgap gidýär. Ýaňky ýigit onuň yzyndan ýetip ony saklamaga synanyşýar. Bularyň ikisi ýaňky çuw ýalaňaç gyzyň ýanyna golaýlanlarynda hemme söwdegärleriň parçalanyp öldürilendiklerini görüp ýürekleri agzyna gelipdir. Ýaňky owadan zenan parçalanan jesetleriň başujynda jesetlerini gemirip iýip oturan eken. Ýaňky iki sany dawwalaşyp gelýänleriň seslerini eşiden gyz arkasyna öwrülýär. Agzynyň daş-töweregi gara-gan, gözleri hem itleriňki ýaly ýaldyrap durmyş. Durnaklary hem ýalaw ýaly... Ol uzyn saçlary bilen gorkudan ýaňa saňňylap duranlaryň birini çekip aldy-da bir urgusy bilenem ýüregini kükreginden soguryp aldy.
Gaty güýçli hem çalt hereket edýän ýaňky gyzyň garşysynda gylyjyny götermäge-de bogny ysmadyk ýigit hem aljyrady. Ýöne ol bir zatlar okamaga durdy. Şeýdip ýaňky çöldäki gyz jyny ýyldyrym çakýar we onuň takga jany çykýar.
Ýaňky ýigit zordan özüni çadyra atypdyr we kerwenbaşa hemme zady gürrüň beripdir. Kerwenbaşy ýigidiň okan dogasynyň Bakara süresiniň 255-nji aýaty bolan Aýatyl kursi dogasydygyny bildi...

Hakan Inje

Terjime eden: Jeksparro
2 лайков 134 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
15 авг 2021, 00:56
Kapitan like