EÝE WE RUH BILEN GÖREŞEN ADAM!

(BOLAN WAKA) 2-nji bölüm

Hälki dogumy bilen çepiksije göwresi bilen elindede ýaş bäbegi bilen uly iliň içinde ýaňky gyzyň ýeňsesinden tutup ýere ýykypdyr. Hangeldem gyza seredip birem yzyna seretse aýaly Bossantäç durmuş. Agzyndan gelenini söwüp ikisini uly iliň içinde masgara edipdir. Görüp otursa ýaňky gyz özbek eken we Hangeldinem alyp Özbekistana gidip barýan eken. Aşgabat-Daşkent poýuzyna garaşyp oturan ekenler.
Bossantäç ýene gyza topuljak bolanda bäbegi aglapdyr. Ýaňky özbek gyz gorkusuna ol ýerden gaçyp gidipdir. Bäbejigini köşeşdirip adamsynam öňüne salyp öýüne alyp gaýdypdyr. Ýene şeýdip ýaşap başlapdyrlar. Soň Hangeldi gyz getirmändir. Bossantäji söýüp başlapdyr oňa çagalarna wepaly bolupdyr. Eden etmişine ökünipdir. 1942nji ýylda Hangeldi Beýik Watançylyk urşuna äkidilipdir. 1ýyl ýaly söweşipdir.
Soň onuň elinden ok geçipdir we yzyna öýüne ugradypdyrlar. Hangeldi uruşda wagty köp esgerleri öz eli bilen jaýlapdyr. Olaryň ruhy bilen gürleşer eken. Hangeldiň gözüne görner ekenler. Hangeldi öýüne gelensoň ýene mugallymçylygyny dowam edipdir.
Ýöne çep eli ysmaz bolupdyr. Bossantäç ikisiniň 5gyzy 4ogly bolupdyr. Hangeldi ölen adamlaň ruhlary bilen gürleşer eken. Şoň üçinem oňa Hangeldi däli diýer ekenler. Sebäbi oňa ynanman öz özi samraýa diýermişler. Hangeldi ogullarynyň hemmesini okuwly edipdir. Ýöne gyzlaryny kolhozda işledipdir. Gyzlarynyň ýygnan pullarynada ýekeje eşigem alyp bermez eken. Ogullaryn üýtgeşik toý edip öýerer eken. Hangeldi bilen Bossantäjiň uly gelni gowy gelin bolupdyr ýöne beýleki gelinleri oňşuksyz bolupdyr. Ne naharda nede içeride serleri ýok eken. Gyzlary kolhozdan gelenlerinde ýanlary bilen haltaly mallaryna ot getirýän ekenler. Emma ogullary wn okuwly bolşup geýnip çykarmyşlar. Kolhozdan gelibem gije haly dokar ekenler. Gyzlarynyň barsyny garyba ýa bolmada ýetime durmuşa çykarypdyr. Öz günleri bilen başagaý bolsunlar baran öýüni düzetsinler diýip. Hangeldi mugallymçylykdan pensiýa çykypdyr. Ýöne ol öýdäki gelinleriň gohlaryndan ýadar eken. Ol özüne garawulçylykda bolsada diýip iş gözlenipdir. Bossantäç bolsa gelinlerine çydaman ýerli ýerden göçüripdir. Ondada dynmandyr. Ýarawsuzlyk tapynypdyr. Çilim çekip öz derdini ýeňipdir. Hangeldi agada köp ýerlerde işläp başlapdyr. Ilki çölde çopançylyk edipdir. Şol çopanlyk eden wagtlary mallaryny otluk ýer diýip illeriň mallaryny salyp bilmedik meýdanyna kowar eken. Onuň bakýan ýerinde eýe ba ruh ba uruşda adamlaň ganynyň dökülen ýeri diýip aýtsalaram ynanman şol ýerde bakar ekeni. Soň gije onuň gözüne herhili zatlar görnüp başlapdyr. Düýeli kerwenler, şaý sepli gelinler görnüpdir. Soň bolsa onuň gulagyna sesler eşdilip başlapdyr. Emma Hangeldi aga üns bermändir. Gorkman mallaryny otladypdyr. Hangeldi aga sary içmegini arakasyna atyp ot ýakyp çaý içip oturan eken. Birden onuň öňünden biri ylgap geçipdir we onuň yzyndan uzyn ýüp süýrenip barýamyş. Hangeldi agada ýerinden turup ýaňky ýüpden basypdyr. Bir möjegiň guýrugundan basylan ýaly ses çykypdyr. Soň aýagyny aýyrypdyr wn ýüp ýene gidip ugrapdyr. Esli wagtlap daş töweregine garanjaklap gezipdir ýöne hiç kimi görmändir. Oduň başyna geçip üstüne possunyny atyp uka batypdyr. Uka gidenem şol wn ony bir zat bogup ugrapdyr.....

Dowamy bar..... dowamy has gyzykly like goymagy unutmaň ❤️
1 лайков 139 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
22 фев 2023, 20:25
Наме дийип алдасан алда велин, поезд гатнавы барада алдажак болма. Урушдан он Ашгабат- Дашкент дийип поезд екды.
Jeksparro
23 фев 2023, 00:38
kwadrat kelle,


????
Hekaýana boka çaldyňaý!