EÝE WE RUH BILEN GÖREŞEN ADAM!
(BOLAN WAKA) 1-nji bölüm
Men özümiň üýtgän geň durumuşum hakynda gürrüň beripdim. Meniň bu üýtgän durmuşumda her hili wakalar intäklerem bolup geçýä. Şolardan ýene size aýdyp bereýin. Bir gün gaýyn enemiň körpe gyz jigisi ýatymlaýyn geldi. Daýzalary geldi diýip baldyzlamam ýatymlaýyn geldi. Biz agşamky nahary iýip bolanymyzdan soň öňümize çaý süýji köke çigit zat alyşdyryp gybata başladyk. Şonda ilki gep menden açyldy. Gaýnymyň jigsi Towşan daýza:
-Anna agşamsy indi iş tikeňok gerek. Indi bir özüňe zyýan edip ýörme. Bir gün iş tikilmesede bolar diýdi. Menem:
-Ýogeý aç ölýänem bolsam indi anna agşamsy girmeýän iş jaýyma diýdim. Towşan daýza köp gürrüňleri bilýän olary gyzyklandyryp aýdyp berýän aýal. Onsaň öz kakasy hakynda aýdyp berdi. Kakasy Hangeldi aga köp eýe bilen ruh bilen gürleşip gezen adam eken. Hangeldi aga mugallym adam eken. Ol 30ýaşaýança öýlenmändir. Soň bolsa öz 13 ýaşyndaky okuwçysyna aşyk bolýa. O wagtlar 1930-1935 nji ýyllar eken. Onsaň oňa guda ugratýa wn kiçi diýip berenoklar. Soň bu Hangeldi agaň ýeňňesi allap bu 13 ýaşly gyzy alyp gaçýa we Hangeldi aga nikalaýa. 13 ýaşyndaky çaga nämäni bilýä adamsy bolsa 30ýaşynda. Şonda gyzyň ejesi bu Hangeldi aga gargaýa. 13 ýaşlyja Bosssantäç bolsa başyna ýalygyny daňyp işden gaýtman gelinlik borjuny ýerine ýetirer eken. Ol 15ýaşynda 1nji ogluny gujoguna alypdyr. Onuň özi çaga bolsada bäbejigine gowy seretýän eken. Bossantäç intäk kiçi bolansoň onda ne göwüs bar eken nede çaga doýar ýaly süýt bar eken. Hangeldi aga mugallymam bolsa çagasyna aýalyna seretmez eken. Ol mydama ýany ors gyzly geler eken öýüne we Bossantaji daşaryk kowar eken. Göwreli halyna gije sowukda daşarda çyplaňja eşikde daňyny atarar eken. Hangeldi bilen ors gyz bolsa daň agaranda öýden çykyp gider ekenler. Bossantäç şeýle kyn ýagdaýlardada hiç kime syr bildirmez eken. Gaçyp gitdi diýip erkek doganlaram gürleşmez atasy öýünede eltmez ekenler. Ejesinde gyzyny görmäne rugsat bermez ekenler. Bir günem bäbekli çileli wagty ýene Hangeldi ýany gyzly öýe gelipdir. Bu gezek ýagdaý başgaçamyş. Gyz gyzyl ketenili gupbaly elindede düwünçegi bar eken. Ýene Hangeldi aýalyny çileli diýmän gijäň içinde eline iki bedre berip obaň o çetindäki suwly ýaba suwa ugradypdyr. Biline guşagyny guşan 15 ýaşly Bossantäç çagasynam taşlap gijäň içinde suwa gidipdir. Ol ýerik eşek arabaly gitmeseň gaty uzak eken. Pyýada gidip gelmek üçin 1sagat wagt gerek eken. Bossantäç suwly ýaba baryp öz düşüp ýören gününe jany ýanyp aglapdyr. Şonda bir owaz gulagyna eşidilen ýaly bolupdyr. Göwünlik beripdir. Bossantäjede bir ýerden güýç gelen ýaly bolupdyr. Ol suwly bedresini alyp bat alyp öýüne gelipdir. Gelip görse hiç kim ýok eken. Işlerini bitirip hapa eskilerini çilelije çagaň ýanyna taşlap gidipdirler. Çagaň bolsa ýeke özjigi ýatan eken. Bossantäç şeýle bir dogum bilen bat alyp geldi wn öňünde hiç kim durup biljekdäldi. Onuň bar niýeti ýaňky bukjaly gelen gyzy masgara edip öýünden kowmakdy. Ýaşy sähel ulalsada olam indi durmuşa düşünip başlapdyr. Bossantäç köşeşmändir. Kellesine gara kürtesini atyp çagajygynam goltuguna alyp adamsynyň gözlegine çykypdyr. Hiç zatdan gorkmandyr. Gijäň içinde biri ony itýän ýaly köçäň gyrasyndan batly ýöräp ugrapdyr. Niräk gitjekdigiňi hakda bolsa pikiri ýokdy. Biri öňünden çykar men gördüm diýer diýen umyt bilen ýöräpdir. Öňünden gije mallaryny örä sürüp barýan obaň çopany çykypdyr. Ol Bossantäji tanapdyr. Gijäň içinde näme işleýänini sorapdyr. Bossantäjem Hangeldini görmediňmi diýipdir. Çopanam görendigini bir gyz bilen wagzala tarap ýöräp gidenini aýdypdyr. Bossantäç howsala düşüp wokzala tarap ýöräpdir. Ynha baryp görse adamsy bilen ýaňky gyz poýuza garaşyp oturan eken.
Dowamy bar.... Like goýmagy unutmaň ❤️

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.