"Gelinler"
Diýipdirler:Gaýyn-gelniň bir bolarmyş topragy
Diýipdirler:Gaýyn daragt-gelin kümüş ýapragy
Ene diýseň-Gyzym diýip gerer saňa kükregi
Gaýyn enä-Ene diýiň daýza diýmäň gelinler
Basym ýürjiň öýlenip,öýe gelin getirer
Gelnejeme meňze diýip,seň öwgiňi ýetirer
Ene diýip sylasaň,sylagyňy ýetirer

Bar ahyry yzyňyzda,hatar daýy-daýzalar
Bara ejeňde dogan,bara onda ýeňňeler
Daýza sözün aýnaşyp ýoň etse-de öňňeler

Çydamlydyr gaýynlar,dymyp etin iýerler
Näme diýse şony diýsin,oňuşsa bor diýerler
Daýza diýmän,jora diýaý,şonda-da "how"diýerler

Ýa eneňden kem görüp deňeýäňmi daýzaňa?
Gyzlaryndan kem görüp garaýarmy ýa saňa?
Eger beýle bolmasa,nämä gerek aýnama!

Ata-baba,Ene-mama gelýän ýoldan ýörelsin
Adalgalar ýoýulman,nesillere berilsin
Ene bilen Gaýyn goşa göz dek görülsin

Akynyýaz Töräýew

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.