"Ogry" diýmäň!-Kerim Hally

"Ogry"diýmäñ maña!Sizden haýyşym?!
Bu "kesp-kärden"asla başym çykanok.
Diýmäñ maña sözleriñ iñ paýyşyn,
Ejiz göwräm bu agramy çekenok

Diýiñ razy"Senden çykmazgoşguçy,
Şahyr bolmak hakda pikir etme sen!"
Emma welin "Ogry"diýmäñ haýyşym,
Goý ýetmäýin arzuwlarma ýetmesem...

Men döremok okalmadyk sahypa,
Del söz gözläp kitaplaryñ gatyny.
Meşhur eserlerden ýörelge alyp,
Çapyp ýörün "Ylham" atly atymy.

"Ogry!" diýmäñ!Beren akja süýdüni,
Garalamañ!Garalamañ!Ejemiñ...
Oña derek diýiñ "Ýoly pozýañ sen!"
Kowuñ meni,Men bu ýoldan geçerin!

Emma welin "Ogry" diýmäñ haýyşym,
Ogrulygma subutnama tapyñ siz!
Ýeke setir,ýeke kişiñki bolsa..
Ony ýazan ellerimi çapyñ siz!
3 лайков 957 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
18 июн 2022, 21:20
Diýmäñ maña sözleriñ iñ paýyşyn,

"Ogry!" diýmäñ!Beren akja süýdüni,
Garalamañ!Garalamañ!Ejemiñ...

Birä şuňa gowy edip" Ejeň...."diýip sögüpdir öýdýän.
Soho
18 июн 2022, 21:25
Gorkmak gerek daldir - goshgusyny gorkezip, elini chapmalymyka indi!?
Hiayress
18 июн 2022, 21:29
Soho,
Türkmenistanda el çapmagyň gadagandygyny bilip çişen bolşydyr. :)
Öwreniji
18 июн 2022, 21:30
Soho
Gorkmak gerek daldir - goshgusyny gorkezip, elini chapmalymyka indi!?

Hakyky
Massimus
18 июн 2022, 21:48
Kerim Hallyň gowy goşgulary bar, ýöne bu goşgusyny halamadym,
Ýeke setir,ýeke kişiñki bolsa..
Ony ýazan ellerimi çapyñ siz!

Kerim Hallyň hiç kimiňki däl, özüm döretdim diýen setirlerini ondan öňki şahyrlaryňkyda-da görmek bolýar, ýöne barybir zehinli oglan, geljekde has kämil şahyr boljagyna ynamym bar.
Dowsypat
18 июн 2022, 21:56
Ortaçadan ýokary çykyp bilmez.
Jeni
18 июн 2022, 22:10
Bizden õń nãçe šahyrlar ýašap geçen dine bu shahyrynkyda dal bashgalardada setir gabat gelyani bardyr."Magtymguly şygyrýet âleminiň oragyny orup gitdi,bize hoşasyny çopláýmek galýa"(kimin setiridigi yadymda dal
Massimus
18 июн 2022, 22:11
Dowsypat.,
Ortaçadan ýokary çykyp bilmez


Belki seňki dogry çykar, muny wagt görkezer, ýöne birini halanoklar diýip bizem ýigrenensiräp otursak bolmaz, eger tankytlardan, belliklerden dogry netije çykaryp, (maňa ogry diýmäň, maňa akyl öwretmäň, aý men bir garyp oglanda diýip özüni iň gowy hasaplamagyny bes etse) kämillige ymtylsa zehinli oglan...
Massimus
18 июн 2022, 22:15
Jeni,
Bizden õń nãçe šahyrlar ýašap geçen dine bu shahyrynkyda dal bashgalardada setir gabat gelyani bardyr."Magtymguly şygyrýet âleminiň oragyny orup gitdi,bize hoşasyny çopláýmek galýa"(kimin setiridigi yadymda dal


Keminäňki bolmaly ýalňyşmasam, ýöne olar Magtymgulydan galan hoşany çöpleýändigini boýun alýar, Kerimjan bolsa biraz ulurak gepleýär.
Jeni
18 июн 2022, 22:19
Mûmkin arasynda gowy goshgularam bar
Dowsypat
18 июн 2022, 22:21
Massimus,Meniň bu şahyra şahsy baha kesemok.Biriniň halap ýa halamaýanlygy üçin hem aýdamok.Prosta,bu zehini bilen ortaçadan ýokary çykyp bilmez diýen pikirim bar.
Öwreniji
18 июн 2022, 22:30
Eger gönüden göni, ýekeje setir özgäňki bolsa diýýän bolsa başga goşgularam gowy diýip biljek däl, sebäbi bir meňzeş şygyr döredip bolar, ogurlamok diýeniň bilen senden öň döreden bolsa ol özüňki däl. Kerim Hally başga şahyrlary okanok, ýagny Sonetler çemeni goşgyny okamandyr, şoňa öýkeläbem özi goşgy düzüpdir. bu özüniň kemsidilmegini halanoklygyny aňladýar, şolam şahyrlyk derejesinden düşürýär, ol şöhratparaz Şahyr-özüniň kemçiligini üm bilmez çagadanam almany başarmaly, öň gowy görýädim, indi ähli goşgusam, hereketem ýasama
Massimus
18 июн 2022, 22:33
Dowsypat.,
Massimus,Meniň bu şahyra şahsy baha kesemok.Biriniň halap ýa halamaýanlygy üçin hem aýdamok.Prosta,bu zehini bilen ortaçadan ýokary çykyp bilmez diýen pikirim bar.


Siziň pikiriňizi hormatlamak bilen, biriniň yhlasyna, ynamyna, zähmetine bir söz bilen "ortaçadan ýokary bolup bilmersiň" diýmäge Siziňem, meniňem, onuňam haky ýokmuka diýýän...
Massimus
18 июн 2022, 22:37
Remezan,
Kerim Hally başga şahyrlary okanok, ýagny Sonetler çemeni goşgyny okamandyr, şoňa öýkeläbem özi goşgy düzüpdir. bu özüniň kemsidilmegini halanoklygyny aňladýar, şolam şahyrlyk derejesinden düşürýär, ol şöhratparaz Şahyr-özüniň kemçiligini üm bilmez çagadanam almany başarmaly,


Pikiriňize doly goşulýan
Dowsypat
18 июн 2022, 22:46
Dowsypat.,
Massimus,Meniň bu şahyra şahsy baha kesemok.Biriniň halap ýa halamaýanlygy üçin hem aýdamok.Prosta,bu zehini bilen ortaçadan ýokary çykyp bilmez diýen pikirim bar.

Siziň pikiriňizi hormatlamak bilen, biriniň yhlasyna, ynamyna, zähmetine bir söz bilen "ortaçadan ýokary bolup bilmersiň" diýmäge Siziňem, meniňem, onuňam haky ýokmuka diýýän...

Şu şahyr ortaçadan ýokary çykyp bilse bizem begeneris.Biz üçin iň esasy zat şahyryň özi däl,onuň döredijiligi.Beýik eser awtorynam beýik edýär.
Massimus
18 июн 2022, 22:47
Kerim Hally
şu şahsyýet (personaž, şahyr, garaz şul adam) meni gaty gyzyklandyrýar. Käbir goşgularyny halaýan, (olary Siziň bilen paýlaşypdymam) käbirlerini bolsa ýigrenýän, (şiwe köp ulanýar, özüniň aşa egoistligini görkezýär). Bu barada agzalaryň pikirini bilmek üçin ýörite blogam açdym (Kerim Hally kim poeziýaň ýyldyzymy ýa-da duşmany diýip). Men şonda şu ýigit barada giňişleýinräk bilýän agzalaryň pikirini bilmekçidim. Gaýta käbir akyllylar, özüni hasam akylly görkezmek üçin "poeziýaň ýyldyzy" diýen zat ýok diýip temany başga ýere alyp gitdi. Garaz kanagatlanarly maglumat alyp bilmedim.
the_end
18 июн 2022, 23:37
Massimus,
Kerim Hally kim poeziýaň ýyldyzymy ýa-da duşmany
бир ерлерда гозуме илипди шол агзалан мовзук.....ядыма душенок хайсы сайтадалыгын
Massimus
18 июн 2022, 23:46
the_end,
Şu saýtda
Ötegçi
19 июн 2022, 08:41
Kowuñ meni,Men bu ýoldan geçerin!
kowulup kowulyp kowulmazyñ çykandyr... aşa pespälsiremek ýaly gorundi...
❤jahanjan
19 июн 2022, 08:55
Bir gosgydan bir setir ogurlansada ona bent duzup bilmegem sahyrcylykmyka diyan