Arwah gelýän gijesi #5

— Ýüzärlik bilen bela sowuljak bolsa, men häziriň özünde tapyp gelerin ony! — Öwez haltadyr orak alyp, ýola şaýlandy. — Häzir tüýs ýetişýän wagty onuň.

— Gyrak-bujaklarda kändir — diýip, Aýjahan daýza ogluna ýüzärligi nireden almalysyny salgy berdi. Soňam özüniň näme üçin agşam gelmänini düşündirdi. —Nurjahanam anna agşamy ys çykardy, tüwüjik bişirdi. Özem ýeke. «Töwir galdyryp berip gidäý» diýip duransoň, galaýdym bir gije. Wah, beýle zatlaryň boljagyny nä bileýin men. Bilen bolsam, gelerdim-le.

— Bolýa-la, gyz! — diýip, Güljeren gaýynenesini köşeşdirdi. — Her näme-de bolsa, sag-aman geçdi. Sowuldygy bolsun. Näme diýseňem, ýanyňda ýaşulyň bolsa, kyn pursatda ýüregiň suwly bolýan eken...

— Dagy näme! — diýip, Aýjahan daýza ony makullady. — Köpi gören köpi gören bor-da.

Aýjahan daýza çaý-suwuny içip, özüni tutansoň, Gülälegiň ýanyna bardy. Gepi ilki agtygynyň tikip oturan işine syrykdyrdy. Keşdäniň eýlesini-beýlesini dyrmalaşdyryp gördi:

— Tüweleme, Gülälek jan, ýakaň-a gowy bolýa. Özüňem çalt işläpsiň öýdýän. Men Nurjahan ejeňlere gitmänkäm başlapdyň-a bu ýakany. Eýýäm gutaryp barýaň.

Gülälek enesiniň gepine jogap bermedi. Işine dümtündi oturdy. Işini öňküleri ýaly çalt tikenokdy. Iňňäni maýdalyna sançýardy.

Aýjahan daýza agşamky hadysany ýadyna salyp, agtygyny gynandyrmak islänokdy. Onuň özüniň dil açaryny isleýärdi. Şu pikir bilen Aýjahan daýza sag eliniň aýasyny Gülälegiň maňlaýyna degirdi:

— Gyzgynyň-a ýok.

Gülälek onuň elini itdi:

— Azar bermesene, ene. Iňňäni elime dürtdürýäň häzir. Näme, meniň gyzgynymy barla diýdilermi saňa?!

Aýjahan daýza müýnürgedi:

— Geçen agşam ýaramansyň-a, guzym. Gyzgynyň barmyka diýip, özüm barlap görýän maňlaýyňy.

Gülälek ýene enesi bilen gepi ugrukdyrybermedi. Sesini çykarman, işine güýmendi. Ol agşamky bolan zatlaryň ählisini bilýärdi. Gulagyna eşidilýän ses, özüniň dünýäni duýman iş tikişi, bary ýadyndady. Bu sataşan belany gaýgy edip, gyzyň ýüregi häzirem daş asylan ýaly bolup durdy. Sorkuldap, yzaly sançýardy. Işe-de güýmenesi gelenokdy. Ýöne wagtyny geçirmek üçin syrym-süpürimem, tikin işinem bialaç edýärdi. Ýüzlerini ak tam edişip, gorkuşyp oturan ejesidir kakasynyň bolşuna dözmän, syr saklaýardy. Häzir ol ähli bolan zady enesine aýdyp, möňňürip, ýüregini gowzutmak isleýärdi. Ýöne ýene ejesiniň-de, kakasynyň-da gynanjagyny bilip, özüne erk edýärdi. «Belki, bu bir gün şeýle bolandyr. Belki, indi geçip gider» diýip, pikir öwrüp, öz-özüni köşeşdirýärdi.
1 лайков 246 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Annadursun
24 авг 2021, 01:48
like gaty gyzykly
Annadursun
24 авг 2021, 01:51
dowamyna garasyan
Ahmet
24 авг 2021, 03:19
Miss_minnosh, habarlashsana aytjak zadym bar:
tmanivar@gmail.com