Arwah gelyan gijesi (Ogulsenem Taññyýewa) #3

«Tiz kömekden» süňňüeňil gopýan, ýaş wraç gyz düşdi. Onuň kiçijik çemodanjygyny göterip gelen doktor oglan wraç gyzdan-da ýaşdy. Olary görüp, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň gapdalyndan çete çekildiler. — Muňa näme bolýar? — diýip, wraç gyz töweregindäkileriň belli birine ýüzlenmän sorady. Güljeren aglamjyrady: — Muny al-arwahlar eýeläpdir. Öýländen bäri birsyhly özbaşyna samraýar. Özem aldygyna iş tikýär-de, çaşyp ýykylýar. «Tikme» diýsegem, diňlänok. Wraç gyz Gülälegiň öýkenini, ýüregini, gan basyşyny barlady. Güljereniň sözüne ýylgyrdy: — Al-arwahlar barmy, daýza, bi zamanda?! Sizem ýöne bir zat tapaýýaňyz. Gyzyňyzyň ýüregi, öýkeni, gan basyşy gowy. Özbaşyna samraýan bolsa, beýnisinde bir näsazlyk tapylan bolmagy mümkin. Nerwisine zeper ýeten bolmagy mümkin. Gyzyňyzy doktora mazaly barladyp, keselhana salyp, bejerdiň. Keseliň öňüni almasaňyz, soň kyn bolar. — Haýry bolarmyka? — diýip, Güljeren gaýga galyp sorady. Öwez doňdurylan ýaly bolup otyrdy. Misli, ýüreginden daş asylan ýaly, gozganmaga-da güýç tapanokdy. — Haýry bolar, näme bolman! — diýip, wraç gyz Güljerene hoşamaý jogap berdi. — Ösüp barýan ýaş syna. Belki, ýürekde, beýnide üýtgeşiklik bolup geçýändir. — Belki, hudaý jan, şeýle bolawersin! —diýip, Güljeren aglamjyrady. — Ýeke çagam! Käşgä köp bolan bolsady, ýüregimiz birneme suwly bolsa-da bolardy. — Häzir men birje sanjym edeýin. Gyzyň derrew sagalar — diýip, wraç gyz birsyhly Güljereni köşeşdirdi. Soň çemodanjygy göterip, henizem gapyda sadylla bolup duran kömekçisini ýanyna çagyrdy. — Bärik geç-de, şuňa rahatlandyryjy sanjym ur. Kömekçi bolup gelen doktor oglan çalasynlyk bilen düşege geçip, gyza ukol urdy. Şondan soň doktorlar gaýtmak bilen boldular. Güljeren olary ugratmak üçin daşaryk çykdy. — Häli, «iş tikme» diýleni üçin meniň-ä ýüzüme urdy, kakasynyňam gözüne iňňe sokjak boldy. Hakyt kowalady kakasyny — diýip, Güljeren wraç gyza Gülälegiň bolşuny gürrüň berdi. Güljereniň sözlerine wraç gyz diňşirgendi. — Ene-atada çagaka ýa-da ýaşka şeýle samrama keseli ýüze çykan bolsa, ol soňy bilen çagada-da bildirip bilýär. Siziň maşgalaňyzda şeýle keseli başyndan geçiren barmy? — Wraç gyz Güljerene tiňkesini dikdi. — Mamasy-babasynda baram bolsa, nesle geçip bilýä. Güljeren biraz pikire çümdi. Soňra başyny ýaýkady: — Ýo-ýok— diýip, sesini süýdürdi. —Men-ä hiç wagt samrama keseline sataşmandym. Kakasyny welin bilemok. Olaryň özler-ä maňa beýle zat hakda aýtmandylar. Menem soramandyryn. Ýaşan ömrümizde beýle gürrüňleriň geregem bolmandy. — Bolýa, bu zatlary soň anyklarsyňyz —diýdi-de, wraç gyz özüne garaşyp duran maşyna mündi. — Gyzyňyzy psihiatora hem newrologa hökman görkeziň. Ertir ilki öz wraçyňyzy çagyryň. Ol size ýüz tutmaly ýeriňiz üçin ýörite hat berer. «Tiz kömek» ýola düşensoň, Güljeren içerik gaýdyp geldi. Rahatlandyryjy ukolyň güýjüne Gülälek uka gitdi. Şondan soň Näzik daýza bilen Aýnabat daýza-da öýlerine gaýtdylar. Güljeren olary-da ýola saldy. Öweziň gözüne uky gelmedi. Güljeren hernäçe «ýat» diýse-de, diňlemän, daň atýança gyzyny garawullady. Irden Gülälek adaty günlerdäkisi ýaly bolup ýerinden galdy. Misli, hiç zat bolmadyk ýalydy. Ýuwnup-ardynyp, çaý demlendi. Çaý içdi. Öňem tämiz içeri-daşaryny syryp-süpürdi. Soň öýe girip, ýene işini tikmäge oturdy. Onuň hereketlerinde hiç hili gorkuly zat görnenokdy. Ol öňki Gülälege öwrülipdi. Öwez gözlerini gorkuly tegeläp, gyzyny synlap oturyşyna, oňa gep goşdy: — Gyzym, ýagdaýyň gowumy? Gülälek öňküleri ýaly, utanjyrap gepledi: — Hawa, gowy. — Iş tikmesene gyzym! — diýip, Öwez oňa gorka ýalbardy. Gülälek ýylgyrdy. — Näme üçin, kaka? — Sen ýaraňog-a! — Öwez şeý diýende tas aglapdy. Zordan özüne erk etdi. Gülälek birsyhly ýylgyryp gepledi: — O nähili ýaramok? Ýaraýan men-ä. Öwez ondan geçen agşamky bolan zatlary soramak isledi. Birbada çekindi. «Şol wagt huşy başyndan gitdimikä munuň? Ýa-da baryny bilýämikä» diýip, içini gepletdi. Ahyry hem ýüregini bire baglap, gepini dowam etdi: — Sen işiňi goý-da, ejeň bilen doktora görnäý, Gülälek jan. Gülälek işine haýdap oturyşyna, Öweze sowal bilen ýüzlendi: — Sagat janyma doktorda näme işläýin? — Geçen agşam ýaramadyň-a sen? Şu sözleri aýdanda Öweziň ýüregi jigläp gitdi. Gözlerini gyzyndan aýyrmady. Bu gepe gyzyň berjek jogaby onuň geçen agşam huşundamy-huşunda däldigini anyk etmelidi. Ýöne Gülälek kakasyna kanagatlanar ýaly gep aýtmady. Asla agşam hakda dilem ýarmady. Gaýdyp geplemedem. Öwezem bir zady zol gaýtalap, gyzynyň kellesini agyrtmak islemedi. — Gyzym, ýagdaýyň gowy bolsa, men biraz irkiljek. Gijesi bilen ýatman çykdym. — Öwez gepini başga ýana syrykdyrdy. Gülälek kakasynyň näme üçin ýatman çykanynam sorap durmady. — Ýagdaýym gaty gowy, kaka. Arkaýyn ýatyber — diýdi. Öwez aýalyna Gülälekden agşamky hadysany bilýän-bilmeýänligini sorap görmegi tabşyryp, içki jaýlaryň birine girip ýatdy. Arkaýyn uklabam bilmedi. Bir irkildi, bir tisginip oýandy. Alasarmyklykda agşamky bolan wakany düýşünde görüp samrady. Bir gynandy, birdenem, gyzynyň häzirki rahat ýagdaýy ýadyna düşüp begendi.
0 лайков 157 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.