Arwah gelýän gijesi #4

***

Soňky döwürler Aýjahan daýza ýürekgysma keseline sataşdy. Birden-birden dünýä sygmajak bolýardy. Giň jahan gözüne dar görnüberýärdi. Ol muny garrylyga ýorjagynam bilenokdy, agtygy Gülälegiň ýetişýänine ýorjagynam. Gülälegiň ýetişip ugramagy diňe Öwezi däl, Aýjahan daýzany-da alada goýýardy. Ol ýekeje agtygyna şeýle bir öwrenişipdi welin, ony durmuşa çykarmalydygy ýadyna düşende, öýe sygman, düwläp-düwläp galyberýärdi. Köçä çykyp, ýüregini giňedýärdi. «Oglumyň birje ogul zürýady bolaýmady-da. Bu gyzam öýi boşadyp gider. Giýew diýeniňem kesekiniň erkegi. Ony öýe getirip boljakmy, bolmajakmy, kim bilýä. Getirjek bolanyňda ol geljekmi-gelmejekmi! Getireňsoň, göwnüň sygyşjakmy-sygyşmajakmy» diýip, häli-şindi alada bilen pikir öwürýärdi. Ol aladalaryny gelni Güljeren bilen ogly Öweze ýaňzydanokdy. Olary-da öz gaýgysyna batyrmak islänokdy. Ýüregini giňeltmek üçin käteler goňşy oba çykaran gyzy Nurjahanyňka giderdi. Gülälek hakdaky şol bir gürrüňleri bilen gyzynyň gulak etini gazardy.

— «Birim bar — müňüm bar» diýipdirler, eje diýip, Nurjahan ejesine göwünlik berýärdi. — Şükür et, Ýekeje zürýatsyz ötüp ýörenler bar-a dünýeden. Şol gyzam bolmadyk bolsa näderdiň?! Ine, nesipli gün gelip, öýe düşer welin, daşyňyzy çagadan dolduryp berer...

Gyzynyň gürrüňlerine Aýjahan daýza birneme köşeşerdi. «Belki şeýle bolsun-da!» diýip, birdenem şükür ederdi. Birdenem, ýene çig süýt emenligini edip, howsalaly pikirlere özüni aldyrardy. «Eri, birje ogly-da bolan bolsa bolmaýamy Öweziň. Gülälekden çaga önende-de, ol Öweziň yz-a bolmaýar. Başga kişiniň nesli bolýar-a. Çagasy ýene bolar diýip, kän garaşaýdym-da. Başy ýaşka Güljereni kowaga-da, başga birine öýeräýmeli ekenim. Beýden bolsam-da, soň ýene Öwezden hiç zat önmese näderdim?! Gülälek janam ýitirerdik. Güljerenem önelgesiz-ä däl. Gülälegi dünýä inderdi ahbetin ol. Soňky önelgesizligiň kimdenligini nä biljek?! Wagtynda doktora-da görnäýmediler. «Eliň bilen düzedip bolmaýa» diýilýän zatlar bi... Dünýäniň gudraty kän... Islegiňe görä ogullam bolup bolanok, gyzlam. Aýaly kowubam bolanok, täzesine öýlenibem. Adam pahyr özüniň däl-de, başga kimdir biriniň isleýänini berjaý edip ýören ýaly... Isläniňi däl-de, görmeliňi görýäň...»

Aýjahan daýza pikirlerine gümra bolup, bu gezegem gyzynyňkyda iki gününi dagy geçirdi. Giýewisi çopandy. Ol bir aý öýde bolsa, bir aýlap çöldedi. Aýjahan daýza giýewiniň ýok wagtyny çemläp, gyzynyňkyda häli-şindi ýüregini açar giderdi. Anna güni ol yzyna şaýlandy.

— Şu gije-de bolaýsana — diýip, gyzy ony ýene saklady. — Öň-soň ýeke özüm. Çagalar kiçi. Menem ölen-ýitenleň ruhuna ys edäýjekdim. Bir özüm töwir galdyryp oturmaýyn. Munuň ýalyda ýanyňda ýoldaş bolsa gowy. Özüňem namazly-töwirli kişi. Maňa töwir galdyryp berip git.

Ýüregi hernäçe yzyna atygsap duranam bolsa, Aýjahan daýza özüniň ýeke syrdaşy bolan gyzynyň göwnüni ýykmak islemedi. Galdy. Agşam ys edip, bile töwir galdyrdylar.

Gije Aýjahan daýza aýylganç düýş gördi. Düýşünde gapydan uzyn boýly, aýaklary atan-satan, hüýt gara zat girip gelýärmiş. Aýjahan daýza onuň ýüzüni görüp bilenok. Ol boýdan-başa gara şala bürenen ýaly. Bir seretse-de, hiç hili şal ýok-da, ol zat gap-gara tüweleýe meňzeýän ýalydy. Aýjahan daýza gara zadyň Gülälegiň ýanyna bararyndan gorkýar-da, agtygyny penalamak üçin Gülälege tarap atylýar. Gülälek öýüň bir çüňkünde öňküleri ýaly, iş tikip otyrmyş. Aýjahan daýza döş gerip, ony ýetip gelýän gara zatdan gorajak bolýar. Ýöne ýetişenok. Gara zat Aýjahan daýzadan öňürdip, Gülälegi çaga göteren ýaly ýokaryk göterýär-de, gapydan çykyp ugraýar. Aýjahan daýza onuň yzyndan ylgaýar. Gara zat Gülälegi göterip, şäherden çykýar. Kanalyň boýuna baryp, ony belent raýyşlaryň üstünde ýatyrýar-da, bogjak bolýar. Aýjahan daýza ylgap baryp, zadyň egninden tutup çekýär. «Edýäniň näme! Goýber gyzy!» diýip gygyrýar. Gara zat yzyna öwrülýär. Aýjahan daýza seretse, ol öz ogly Öwezmiş. Aýjahan Öwezden Gülälegi näme üçin bu ýere getirenini soramakçy bolýar. Onuň bolup ýörşüne gahary gelýär. Ýöne hiç zat sorap bilenok. Birsyhly:

— Öwez! Öwez! — diýip, gygyrýar.

Düýşi şu ýere ýeten halaty Aýjahan daýzany gyzy Nurjahan yralap oýardy:

— Eje, samraýaň sen!

Öz gören düýşüne Aýjahan daýzanyň keýpi bozuldy. «Eý, hudaý jan! Bu nämäniň alamatyka?!» diýip, gorky bilen pikir öwürdi. «Ýa öýde bir zat bolup ýörmükä?»

Ol çaý-çörege-de kän meýil etmän, yzyna howlukdy.

— Aýylganç düýş görüpdirin. Basymrak gideýin men! — diýip, gyzyna habaryny berdi. —Göwnüne bolmasa, öýde bir zat gopýan ýaly.

Nurjahan ejesine igendi:

— Eje jan, senem soňky wagtlar garrap ýörmüň, nämemiň, bir ýerde karar tapaňok. Bäri gelseň, aňryk gitjek, aňyrda wagtyň bäri geljek. Aglap duran çül-çagalary ýok. Özleri görer günlerini. Indi ogluň bilen gelniňem ep-esli adamlar bolupdyr-a. Gyzlaryny çykarsalar, basym agtyk görýän adamlar bolýar-a olar. Ýeke wagtym birje aý ýoldaş bolaýarlar maňa-da.

— Bir aý diýme, gideýin. Saňa alla ýar bolsun — diýip, Aýjahan daýza yzyna howlukdy. — Sen dogry aýdýaň, soňky wagtlar özümem bir hili bolupdyryn. Ýüregim dünýä syganok.

Onuň howsala düşmesi ýöne ýere bolmady. Öýüne gelenden, gelni Güljeren ýarym-ýaş bolup, oňa agşamky bolan zatlary gürrüň berdi.

Gün günorta bolanda Öwez oýanyp, daşaryk çykdy. Ol gyzynyňkydan gelen ejesiniň üstüne guduzlan ýaly bolup gygyrdy:

— Nädip geläýdiň, eje?! Entägem giýewiň maňlaýyny alyp oturmaly ekeniň-ä birki gün! Gitseň, öýüňe köwlenmelidir öýdeňok. Ýigrenýänim giýewisiniň eňegine bitip ýören adamlardy. Öz ejemizem şeýle boldy. Bu öýde nämeleň bolanyny bilýäňmi sen?!

— Ýuwaş! Ýuwaş! — diýip, Aýjahan daýza ogluna bir elini galgatdy. —Gidenim ik gün-le. Köwlenmez ýaly, ýyl aşyp gidemok. Giýewiň eňegine-de bitemok. Giýew çölde. Öýünde ýogam! — Aýjahan daýza ogluna gyssagly şeý diýensoň, demini dürsäp, biraz dymdy. Köýneginiň ýeňi bilen maňlaýyndan syrygýan burçak-burçak derini süpürip oturyşyna, başyny ýaýkady. — Öwf! Bi yssyny! Ýüregiňi çaşyryp barýa. — Birneme özüni dürsänsoň, Aýjahan daýza ogluna ýüzlendi. —Güljeren aýtdy baryny! Boljak işe çäre ýok. Boljak iş men otursam-da bolar, oturmasam-da. Gyzyň ýetişipdir. Ata bolupsyň, oglum. Oglan-oglanjyk däl-ä sen indi. Mensiz başyňy çarmany-da öwren. Haçana çenli meň başyma irişdäňi atyp gezjek sen?! Men öläýsem näme etjek?! Şonda-da «öýe geleňok» diýäge-de, käýýäp gaýdaýjakmy?! — Aýjahan daýza gepiniň soňuny öýkeli hüňürdä sapdy. —Toba-toba, mydama seni günäkärlejek bolup durlar, gyz!...

Öwez sesini birneme peseltdi:

— Ata bolamda näme! Bilýän zadym barmy meniň?! Her zadam bolsa, köpi gören sen. Bizden bir sanaç uny artyk iýen adam. Näzik daýza köp bilýän eken. Gülälek birinji gezek çaşanda, ol Gülälegiň agyz-burnuna sogan ýenjip çaldy-da, açaýdy-how ony. Ýaşy ulurak adamlaryň köpi göreni bildirýä-how!

— Näzik dogry edipdir. Al-arwahlar sataşyp, şeýtanlaýan adamy soganyň ysy basym açýandyr. Ýüzärligiň tüssesine-de köp bela-beterler gelip bilýän däldir.

— Biz şonam bilemzok-da — diýip, Güljeren pikire batyp gepledi.

— Bilýän zadyňyz barmy siziň?! Bilmeseňiz, biljek bolarlar! —Aýjahan daýza gelnine igendi. —Boýuňyzy bezäp, toý gez diýseň size. «Öýde ýüzärlik bolsun» diýibem, näçe gezekler aýtdym men. Heý, gepim ýer tutdumy?!

— Ýüzärlik bilen bela sowuljak bolsa, men häziriň özünde tapyp gelerin ony! — Öwez haltadyr orak alyp, ýola şaýlandy. — Häzir tüýs ýetişýän wagty onuň.
1 лайков 411 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Annadursun
24 авг 2021, 01:43
like