Arwah gelyan gijesi (Ogulsenem Taññyýewa) #2

Ikinji bolum.

Näzik daýza tüwi bişirdi. Özüne bir jam guýup, saçagynyň üstünde goýdy. Soň naharyndan başga bir çaklaňja jama-da guýdy. Ony gabat garşysyndaky goňşusy Aýnabat daýzanyňka äkitdi. Näzik daýza baranda Aýnabat daýza-da ogludyr gelni, agtyklary bilen tüwi iýip otyrdy. Eli jamly giren Näzik daýzany gören Aýnabat daýza bir çete süýşüp, saçak başynda bir adam ýerleşer ýaly ýer açdy. — Her annada özüň bişirip duraňsoň, biz-ä saňa dadymlyk eltmedigem, Näzik — diýip, Näzik daýza gep goşdy. —Bizem tüwi bişirdik şu gün. Gülälek jany ýatladyk. Näzik daýza elindäki jamyny Aýnabat daýza uzatdy: — Bir özüm-ä. Öz bişirenimi iýsem-de ýetik maňa. Maňa nahar eltme gerek däl. Noş bolsun, kabul bolsun, iýiň özüňiz. Agtyklaň bar, gelniň, ogluň bar. Siziň zadyňyz yrýa bolmaz. Men welin ýekeje käse bişirsem-de, iýdirenok maňa. Aýnabat daýza Näzik daýzanyň beren jamyndaky tüwini öz jamlaryna düňderdi. Mydama diýýän gepini gaýtalady: — Kabul bolsun! Ruhlaryna barsyn, Näzik. Kadyr kaka bilen Emir jan üçin bişirensiň bu tüwini. — Hawa, şolar üçin hem beýleki ölen-ýiten kowum-garyndaşlaryň, tanyş-bilişleriň ruhuna aýat okamak üçin. — Kabul bolsun — diýip, Aýnabat ýene öňki sözüni gaýtalady. — Gel, senem bizden duz dat. Näzik daýza dyz epip, ortadaky jama el uzatdy-da, naharyň duzuny datdy: — Duzdan uly bolmaýyn. Öz naharymy-da guýup, saçagymda goýup gaýtdym. Siz arkaýyn iýiberiň. Men öz töwirimi galdyryp, öýe baraýyn. Näzik daýza agzyna atan bir çümmük tüwüsini ýuwdup, içinden doga okap, ýerinden turdy. Nahar getiren jamyny alyp, gitmäge çemlendi: — Häli şam ara Öweziň gyzy çaşypdyr, sorap gaýdaryn diýseň, naharyňy iý-de, baraý meňkä, Aýnabat. Bile aýlanaýarys. Nahar başynda gepi köpeldip durmajak bolup, Aýnabat daýza Näzik daýza gysga jogap berdi: — Bolýa, baraýaryn. Şondan soň Näzik daýza daşaryk çykdy. Öýüne gelip, naharyny iýdi. Töwir galdyryp, okamaly dogasyny okady. Soňra saçagyny ýygnap, çaý demlendi. Süýjüdir goşa käse getirdi. Onýança Aýnabat daýza-da geldi. Näzik daýza Aýnabat daýza üçinem bir käse çaý guýdy: — Gel, bir käse çaý içeli. Soň gidäeris olara. Aýnabat daýza Näzik daýzanyň gapdalyna geçip, özüne guýlan çaýy öňüne çekdi: — Soraly diýeňsoň geläýdim men-ä, Näzik. Nämüçindir, şu, Öwez diýýäni meniň sulhum alanok. Nämedenligini bilemok welin, şony gören çagym ýüregim endiräberýär. Ýogsa, bende ýa biziň bilen sögüşenok, ýa öýüme kesek atanok. Näzik daýza Aýnabat daýza geň galyp seretdi: — A gyz, menem şeýle-dä. Şol Öwezi hiç halamok-da, gyz. Halys özleri çagyryp goýmasa baraýmasam, bosagasyndan ätleýän däldirin. Ýene ejesi Aýjahan bilen köneden bäri ümmüldeşip ýöremsoň ädiläýýä aýaklarym. Hem öýümiz öýüne degip dur-da. Baryş-geliş etmejegem bolsaň, beýle ýagdaýda oturyp bolanok. Ýogsa dagy, eger-eger aýagym çekenok-da şolara. Maňa-da agramly sözem diýenoklar. Öwezem özbaşyna başyny salyp ýören oglan. Onda-da teý halamok-da şony. — Näme bolupmyş gyzyna? — diýip, Aýnabat daýza sorady. — Gözüm bilen gören zadym-a ýok. Öwez çagyryp äkitdi. Iş tikip otyrka çaşanmyş. — Anna gününiň şamynda-da bir iş tikme bormy. — Guda-puda gelýän bolaýmasyn. Işi gyssagly bolaýmasyn?! — Şeý diýip, Näzik daýza çaýyndan birki owurt owurtlady. Süýji-kökäni Aýnabat daýza tarap süýşürdi. — Al, süýjüjigem atsana agzyňa. Aýnabat daýza kiçijik nogul süýjüden birini agzyna saldy: — Gelnaljyň gelende-de anna güni iş etmek nämä gerek. Anna güni musulmançylykda tikin-çatynam etmeli däl, kirem ýuwmaly däl. Diňe säher bilen içeri-daşaryňy tämizläp, nahar-şamyň bilen bolmaly. Ruhlar hapa içerä-de gelmezmiş. Öweziň ejesi, aýaly bu zatlary öwretmeýärmikäler ol gyza?! — Öwredýändirler-le — diýip, Näzik daýza goňşularynyň tarapyny tutdy. —Ýöne bi zamanyň çagasyna gep düşündirip bolýamy!? Annaňam bilenok bular, şenbäňem. — Onyňam dogry — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzany makullady. Onda-da diýip, öwredip durmaly. Ahyr düşünerler. Çäýnegiň çaýy gutardy. — Soraýa diýme. Ýene demläýin? —diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň ýüzüne tiňkesini dikdi. Aýnabat daýza çaýdan ýüz öwürdi: — Öýdenem içip geldim. Meň üçin demleme. Özüň içerin diýseň demlenäý. Näzik daýza çäýnek-käsesini ýygnady: — Çaýy köp içseňem, gije ýatyp bolanok. Garagyň gataýýa. Menem bes edeýin. Ýör, hernäme-de bolsa, Öweziňem halyndan habar alyp geleli. Aýjahanam ýok eken öýünde. Gyzynyňka gidipdir. Aýnabat daýza ýerinden turdy: — Ýör, alsaň alaly. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza baranda Öwezdir Güljeren hem iýip-içip bolup otyrdy. Gülälek içerdedi. — Geliň, geçiň — diýip, Öwez goňşularyna sekiden ýer görkezdi. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza sekä geçip, ornaşanlaryndan soň Güljeren olara çaý guýup uzatdy. — Biz-ä çaý içibem geldik. Azar edinme — diýip, Aýnabat daýza sypaýyçylyk etdi. — Içenem bolsaňyz, biziňkidenem bir käsejik içäýiň. — Güljeren goňşularynyň hersiniň öňünde çaýly käseleri goýdy. Süýjüli gaby süýşürdi. — Alyň, süýji-kökejigem iýip oturyň. — Gülälek görnenok-la? — Näzik daýza töwerege göz aýlady. —Açylyşdymy birneme? — Ol içerde — diýip, Güljeren oňa jogap berdi. — Näme boldy oňa? Men-ä eşitmändirinem. Häli Näzik aýdaýdy —diýip, Aýnabat daýza Gülälek hakda sorady. Güljeren uludan dem aldy: — Wah, näbileli, Aýnabat daýza. Işini tikip otyrdy. Birdenem, özbaşyna gepleýän ýaly boldy-da, çaşyp ýatyberdi. Aýnabat daýza hüňürdedi: — Anna gününiň ikindisi bilen şamy arasy ölüleriň ruhunyň direlýän wagty, al-arwahlaryň gezýän wagty... Iş tikme bormy şeýle wagtam bir. Öwredeňokmy sen bu zatlary çagaňa?! Güljeren janyny ýakyp gepledi: — Wah, öwredýän-le... gep diňleýämi şu çagalar! — Ýeke çaga bolansoň, läligrägem sakladyk, dogrusy — diýip, Öwez gepe goşuldy. — Edenine «däl» diýmedik. Gep aýtsaň, Gülälek diňlemejek gyz-a däl. Akylly gyz ol. Güljeren adamsynyň sözüni böldi: — Gülälek akylsyz çaga däl. Ýöne, nämüçindir, şu gün-ä gep diňlemedi şol. Näçe aýtdym-a men oňa «Bes edäý» diýip. Goňşular daşardaky agaç sekiniň üstünde gürrüňleşip otyrkalar Gülälek içerki jaýda gyşaryp ýatyrdy. Onuň gözleri süzülip, ýene uka meýil edýärdi. Öýlänki wakadan bäri onuň diýseň ysgyny gaçypdy. Hälem mazaly uklan-da bolsa, ýene uklamak isleýärdi. Açyk äpişgeden daşardaky hüňürdiler eşidilip durdy. Gün mazaly batyp, iňrik garalyp ugrapdy. Daşardaky çyralar ýakylypdy. Olaryň ýalkymy Gülälegiň ýatan jaýyna-da düşýärdi. Birden Gülälegiň gulagyna daşardaky hüňürdiler bilen bile öňki tanyş pyşyrdy-da eşidildi: — A gyz! A gyz! — diýip, ses Gülälege ýüzlendi. — Işiňi näme üçin tikeňok?! Ýeriňden tur-da, işiňi eliňe al! Gülälek ýerinden nähili turanyny duýman galdy. Töweregine seretdi. Gözi hiç kime düşmedi. Bir çüňkde düwünçege düwen tikin işi ýatyrdy. — Işiňi al-da, tikip başla! — diýip, ses ýene Gülälege buýruk berdi. — Basym bol, basym! — Men ýadadym! Güýjüm ýok — diýip, Gülälek jogap berdi. — Ýadasaň ýada! — diýip, ses rehimsiz pyşyrdady. — Işiňi al-da, tikip başla. Bol basym! Ses şeý diýensoň, kimdir biri gyzyň iki egninden basan ýaly boldy. Gerdene salnan agrama Gülälek özüni ýere goýberdi. — Işiňi al-da tikip başla! Gülälek gorkdy. Sesini çykarman, diýenedijilik bilen düwünçegini alyp, ondan keşdeläp oturan gyzyl ýüpek parçasyny çykardy. — Bu gün anna agşamy. Iş tikme bolanok — diýip, gyz iňňä sapak sapyp oturyşyna pessaý gepläp, sese düşündirmek isledi. — Bu gün ölüleň ruhunyň oýanýan gijesi. Tikine diýip sançýan iňňäň ruha çümmegi mümkinmiş. Şonuň üçin bu gün agşam iş tikmeli däl-de, diňe gowy-gowy dilegler, aýat-töwir bilen oturmaly! — Anna agşamy hiç kim iş tikmese-de, sen tikersiň — diýip, ses gyza geň habary aýtdy. — Sen mydama ters iş etmäni gowy görýädiň-ä. Iliň etmeýän işlerini etdiň. Indem şeýdersiň sen! Gülälek özüniň ilden çykyp näme iş edenini ýatlap bilmedi. — Menmi ters iş edýän? — diýip, geň galyp, ses bilen gepleşdi. —Näme edipmişin men? Ses gaharlandy: — Ony saňa men aýtmaryn! Ony seniň özüň bilersiň! — Şeý diýensoň, ses ýene Gülälegi howlukdyrdy. — Bol basym, bol! Gülälek iňňesini çaltlyk bilen keşdäniň ýüzünde ýöredip ugrady. — Bol! Bol! Mundanam çalt tik. Çalt! Çalt! — diýip, ses çirkin gygyrmaga durdy. Onuň sesi indi şeýle bir ýiteldi welin, gyzyň gulaklary şaňlap gitdi. —Bol diýýän! Bol! Bol! Bol! Sen muny basym gutarmaly! — Meni howlukdyrma! Men çydamok! —diýip, Gülälek ýalbardy. — Elimiň ysgyny gaçýa! — Gaçsa gaçsyn! — diýip, ses rehimsizligini saklap, gyzy howlukdyrdy. — Çalt tik! Çalt! Çalt! Ýakylan çyra, gyzynyň eline düwünçegi alyp, geçip gidenini açyk äpişgeden synlap oturan Öweziň ýüregi höpläp durdy. Gulagy gyzy tarapdady. Ol Gülälegiň hüňürdeýän sesini ýene eşitdi. Zähresi ýarylan ýaly gygyryp, syçrap ýerinden turdy: — Güljeren! Gülälek ýene samraýa! Özem iş tikýä! Hana! Öweziň duýdansyz sesine Güljerenem, Näzik daýzadyr Aýnabat daýza-da tisginip gitdi. Güljeren jynssyz gygyrdy: — Waý, işim gaýtdy, doganlar! Bi öýe bir bela-beter-ä aralaşdy! Hemmesi düwdenekleşip, içerik girdiler. Gülälek gara der bolup iş tikýärdi. Özem içerik adam gireninem du-ýanokdy. Olaryň sesinem eşidenokdy. Onuň gulagyna diňe: — Bol! Bol! — diýip, şol bir ses eşidilýärdi. — Çydamo-ok! Çydamo-ok! Tikmäýin-le men! — diýip, özem birsyhly sese ýalbarýardy. — Ýadadym men! — Heý, anna agşamy-da iş tikip bolarmy, Gülälek jan! — diýp, ejesi gyzynyň ýanyna geçip, çommalyp oturdy. — Özüňem ýadaýan bolsaň, nämä tikýäň ony?! Gülälek ejesini diňlemedi. Ses gulagyna pyşyrdady: — Ýanyňdaky aýalyň ýüzüne ur-da, işiňe haýda! Ol seni güýmejek bolýa! Kow ony! Gülälek şarpygy bilen ejesiniň ýüzüni mazaly awutdy. Soňam azgyryldy: — Gümüňi çek! Şeý diýensoň, Gülälek ýene işine güýmendi. Özem gara der bolup, iňňäni şeýle bir çalt sançýardy welin, ellerine göz ilenokdy. Dogup-döräli bäri bir diýlenini iki gaýtalatman, öz işi bilen bolup ýören gyzynyň bolşuna Güljeren ýüregini tutup aglap başlady: — Waý, işim gaýtdy, doganlar! Bu gyz dälireýä! Bu gyz maňa hiç wagt gep gaýtaryp gören däldir. Ýüzüme şarpyldadyp urmasy näme onuň?! Öwez Gülälegiň elinden işini silkip aldy-da, çete oklap goýberdi: — Tikme şuny! Elinden işi alnan Gülälek bir salym demini dürsemek üçin diwara ýaplandy. — Waý, Alla jan-eý... — diýip, mejalsyz seslendi. Ysgyny gaçyp, ýene ýüregi çaşyp barýardy. Näzik daýzadyr Aýnabat daýza bu ýagdaýa näme diýjeklerini bilmän, sadylla bolup durdular. Ses ýene Gülälege buýruk berdi: — Iňňäni al-da, ol adamyň gözüne sok! Ol saňa işiňi tikmäge päsgel berdi! — Ol meniň kakam! — diýip, Gülälek ysgynsyz mydyrdady. — Men onuň gözüne iňňe sokjakgä! — Sokarsyň! Özüňem çalt bol! — diýip, ses gazaply pyşyrdady. — Çalt bol! Çalt! Ysgynsyz bolansoň, Gülälek emedekläp bir çetde zyňlyp ýatan köýneginiň ýanyna bardy. Sapakdan iňňäni çekip aldy. Soň mejalsyz halda ýerinden turup, Öweze golaýlaşdy. Iňňäni onuň gözlerine dürtmäge çemlendi. Öwez gyzy bat bilen itdi-de, turup, gaçdy. Eger şeýtmedik bolsa, onuň gözlerine iňňäniň çümjegi ikuçsyzdy. — Gülälek! Sen akylyňdan azaşdyňmy? — diýip, Öwez zähre ýaryp barýan sesi bilen gygyrdy. — Edýäniň näme seniň?! — Yzyndan ýet-de, onuň gözlerine iňňe sok! — diýip, ses Gülälege ýene buýurdy. — Çalt bol! Çalt bol! Ses gyzyň gulaklaryny iýip, ýüregini gemrip barýardy. Onda durmaga karar goýanokdy. Şeýle bolansoň, Gülälek alaçsyz galyp, ýene kakasynyň ýanyna baryp, iňňäni onuň gözlerine dürtmäge çemlendi. Öwez indi gyzyndan gorkup başlady. Ony hernäçe gowy görýänem bolsa, öz jany-da süýji geldi. Janyny gutarmanyň aladasy bilen daşaryk çykyp gitdi. — Indi otur-da, işiňi tik! Ol adam ýanyňa gelse, ýene gözüne iňňe sok! — diýip, ses Gülälege buýruk bermesini dowam etdi. Gülälek zyňlyp ýatan köýnegini alyp, iňňesine sapak sapdy. Soň öňküsi ýaly, işine başlady. — Bol! Bol! Çalt! Çalt! — diýip, ses ony howlukdyryp, janyny alyp barýardy. — Eý, Hudaý! Eý, Hudaý! Bu zatlar nämäniň alamatyka?! — diýip, Güljeren aglamjyrady. — Toba-toba! — diýşip, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza ýakalaryny tutdular. Gülälek öňküsi ýaly, gara dere batyp, işini göze ilmez çaltlyk bilen tikdi-de, ýene çaşyp ýykyldy. — Çydamo-ok! — diýip, naýynjar iňňildedi. — «Tiz kömegi» çagyr! Gülälek ýene çaşdy! — diýip, Güljeren daşaryk atylyp çykyp, adamsyna gygyrdy. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň el-aýagyny düzedip ýatyrdylar. Güljeren onuň gelen-gideniň ýanynda serlip ýatmazlygy üçin, üstüne akja prostyn atdy. Saçlaryny düzedişdirdi. Öwez içerik girip, «Tiz kömege» jaň etdi. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň el-aýagyny owkalamaga durdular. Şol wagt Näzik daýzanyň maňlaý saçyny kimdir biri emaý bilen sypan ýaly boldy. Näzik daýza bu ýagdaýa tisginip gitdi. Ýüregi ýerinden gozganan ýaly boldy. — Waý-eý — diýip, nähili seslenenini duýman galdy. Aýnabat daýza onuň ýüzüne tiňkesini dikdi: — Näme boldy, Näzik? Näzik daýza tolgunmadan hopugyp gepledi: — A gyz, göwnüme-de bolsa bilemok. Biri meňem saçymy sypan ýaly boldy-da, hakyt! Näzik daýzanyň habaryna Güljeren aglamjyrady: — Bu öýi arwah-jynlar eýeläpdir. Ertiriň özünde göçüp giderin bu ýerden! Aýnabat daýza Näzik daýzanyň habaryna birbada gözlerini tegelese-de, soň ony köşeşdirdi: — Göwnüňedir-le, gyz! Saçyňy sypar ýaly, kim bar seniň ýanyňda?! Näzik daýza Güljerene ýüzlendi: — Ýene bir sogan getir! Güljeren sogan ardyp geldi. Näzik daýza ony owradyp, Gülälegiň agzyna, burnunyň daşyna çyrşap, gyzy özüne getirdi. Onýança «Tiz kömegem» geldi. Öwez bialaç halda dyza çöküp, maňlaýyny tutup oturdy.
1 лайков 350 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Annadursun
23 авг 2021, 22:35
gyzykly eken