Goşgy. Awtoryny biliñ hany???

Ýaradan ýaratmyş dagyň dumanyn,
A sen nädip peýda bolduň Gülçeşme?
Şar gara gözleriň ,apy tupanmy!
Suw gyzymy, perimi sen Gülçeşme?

Gyzlaryň içinde saýlanar keşbiň,
Hat-ýazuwmy, dokma-darakmy kesbiň,
Görenleriň ýürek-bagryny kesdiň,
Tebigata täsinlik sen Gülçeşme!

Serwi boýuň, gözelligiň ýyldyzy,
Dodaklaryň gülgüne däl gyrmyzy,
Ýüzüň gizläp, pynhanmy ýa syrmy gyz?
Jana-janmyň, ýa-da hanmyň Gülçeşme,

Taryhdaky amazonka zenany,
Ýok sen o däl Ärsarynyň jenany,
Ýok sen o däl öz ilimiň janany,
Ýok seniň ornuňa taryp Gülçeşme

Sen hakda ýazmaklyk elimiň paýy,
Arzuwlar şazada gijeler Aýy
Gözi bilen çenäp, nyşany ýaýy,
Ýiti söz dek deşer geçer Gülçeşme!

Ýüzüňdäki meňiň göýä asmanda,
Sepelenen ýyldyzlary Ak maýa,
Ýok sen o däl daň ýyldyzy asmanda,
Gözelligňe hiç taý ýokdur Gülçeşme.
Awtoryny bilin hany??? Yone kimdigini aytjak dal men???
4 лайков 212 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
25 июл 2021, 23:06
Beeý-bää, şolar ýaly tarypyň hiç zada deňär ýaly dälmi! ?
Şahyr integem bärräkden gaýdypdyr, tarypyňy ýetirmekde!?
Bagtyňam şu goşgy ýaly öz ýazyljak mynasyp kagyzyny tapsyn!

?????????????
Şamuhammet
25 июл 2021, 23:09
Dogrudanam awtory kimkä!? ?
S❤
25 июл 2021, 23:29
Ozunmi
XYIVENIA
Автор 25 июл 2021, 23:31
Jeksparro,
Jackson :)
XYIVENIA
Автор 25 июл 2021, 23:31
Safiya yok ozum dal
S❤
26 июл 2021, 00:00
Gecip baryarka sowulanmy
XYIVENIA
Автор 26 июл 2021, 00:10
Xyivenia_babayeva.,
Yok ol dal
S❤
26 июл 2021, 00:12
Yone su gosga senin ucin yazylypdyr
Insonky setirlerinden bildim
XYIVENIA
Автор 26 июл 2021, 08:42
Xyivenia_babayeva., Yuzundaki menin diyeninden bildin gerek :)
S❤
26 июл 2021, 09:41
XYIVENIA,
Howwa
S❤
26 июл 2021, 10:03
Sen ipucy beray biraz
XYIVENIA
Автор 26 июл 2021, 10:08
Xyivenia_babayeva.,
Su saytda bar hemme tanayan bolsa gerek gadyrly agza
S❤
26 июл 2021, 10:40
XYIVENIA,
Jeksparro
Nazar
27 июл 2021, 15:29
Kimkanayt