Muny bilmek gyzykly

 Turkiýede Mehmet adynda 1 million 229 müň adam bar.
 Dünýädäki gury ýerler her ýyl biri-birlerine takmynan 1sm. ýakynlaşýarlar.
 Ege deňzi öň gury ýerdi. Bolup geçen ýer yranmalary netijesinde Ege deňzi meýdana geldi.
 Aslynda kyrkaýaklaryň hiç bir görnüşinde kyrk sany aýagyň ýokdugyny bilýärdiňizmi?
 Gurbagalaryň zäherli möjek ýuwudanlarynda ary ýaly garynlaryny agyzlaryndan çykaryp arassalaýandyklaryny bilýärdiňizmi?
 Bir düýeguşuň gözi beýnisinden uludyr.
 Bir krokodiliň gözleriniň arasyndaky uzaklyk aýaklarynyň ululygyna deňdir.
 Aýy hinleriniň girişleri elmydama demirgazyk tarapa bakýar.
 Adamyň elindäki iň haýal ösýän dyrnak başam barmagynyň dyrnagydyr. Iň tiz ösýän dyrnagy bolsa, orta barmagynyň dyrnagydyr.
 Gawaý harplygynda diňe 12 sany harp bar.
 Günorta Koreýanyň paýtagty Seul Koreý dilinde “paýtagt” diýmekdir.
 Kanada gyzyltenlileriň dilinde “uly oba” diýmekdir.
 Sahara çölüniň Tidikelt bölegine on ýylyň içinde hiç hili ýagyş ýagmandyr.
 Prezident John F. Kennedy ýigrimi minudyň içinde 4 sany gazet okap bilýärdi.
 ABŞ-da ýaşlary 20 bilen 29 aralygynda bolan gara tenli erkek adamlaryň üçden biri ýa tussaglykdadyr ýa-da göz astynda tutulýandyr.
 Bir erkek adam ömrüniň ortaça 3350 sagadyny diňe sakgalyny syrmak üçin sarp edýär.
 Geçen 3500 ýylyň diňe 230 ýyly parahatçylyk içinde geçdi.
 Hallan atýan oturgyçda hiç durman hallan atma rekordy 440 sagatdyr.
 Adamyň saçy 3 kilogramlyk ýüki göterip biljek güýçdedir.
 Beethowen saz düzmezden ozal kellesini sowuk suwa sokýardy.
 Dünýädäki haýwanlaryň 80 göterimi alty aýaklydyr.
 Uranus ýalaňaç göz bilen görüp bolýan ýeke-täk planetadyr.
 Kapitan Kuk Antraktidadan başga ähli gury ýerlere aýak basan ilkinji adamdyr.
 Bir ummanyň iň çuň ýerinde demir topuň düýbe çökmegi üçin bir sagatdan hem gowrak wagt gerek.
 Şu güne çenli hasaplanan iň uly buz dagy 200 mil uzynlygynda we 60 mil giňligindedir. Ol Belgiýadan has uly bir meýdana eýedir.
 Çarles Dikkens ukusyzlyk keseline tutulypdy. Ýüzüni diňe demirgazyk tarapa öwürse uklap biljekdigine ynanýardy.
 Şu güne çenli ýazga geçirilen iň uly tolkun 1971-nji ýylda Ýaponiýanyň Işigaki adasynda 85 metr beýikliginde bolup geçdi.
 Bulutsyz bir gijede ýalaňaç göz bilen 2000 sany üýtgeşik ýyldyzy görmek mümkin.
 Norwegiýanyň demirgazygynda tomsyna 14 hepde boýunça gije-gündiz günli, ýagny gündiz şekilinde geçýär.
 Hindistandaky ýyllyk dogýan çagalaryň sany Awstraliýanyň ilat sanyndan köpdür.
 Russiýanyň dörtden bir bölegini tokaýlyklar tutýar.
 Taryh boýunça tapylan altynlaryň 200 essesinden gowragy häzir ummanlarda bardyr.
 Itleriň der mäzleri aýaklaryndadyr.
 Hyýaryň 96 göterimi suwdur.
 Bir kg. Limonda, bir kg. ýer tudanasyna garanyňda has köp şeker bardyr.
 Peruda hiç hili umumy hajathana ýokdur.
 Krokodiller reňk körleridir.
 Ýarym kilogram bal ýygnap bilmek üçin arylar 2 milliondan gowrak güle gonmak mejburyýetindedirler.
 Wenus sagat ýönünde aýlanýan ýeke-täk planetadyr.
 Fransiýa iň köp asfalt düşelen ýola eýe bolan ülkedir.
 Jadyly söz “abrakadabra” ilkinji gezek ýokary derejeli gyzgyny bolan hassalaryň gyzgynlaryny peseltmek üçin ulanylypdy.
 Albert Einşteýn dokuz ýaşyna çenli düzgün gepläp hem bilmändir.
 Effel galasynyň depesine çykylýança 1792 sany basgançagy geçmeli.
 Çagalar ýaz aýlarynda has tiz ösýär.
 Ortaça her dört amerikan adamyň biri teleýaýlyma çykýar.
 Ýatýan wagtymyz telewizor görýän wagtymyza görä has köp kaloriýa sarp edýäris.
 Kebelekler tagamy aýaklary bilen alýarlar.
 Orta hasap bilen her ýyl eşekler tarapyndan öldürülýän adam sany uçar heläkçiligine garanyňda has kändir.
 Aýal adamlar erkek adamlara garanyňda iki esse köp göz gyrpýarlar.
 Gözleri açyp asgyrmak mümkin däldir.
 Piller böküp bilmeýän ýeke-täk süýdemdirijidir.
 Elektrikli oturgyç bir diş doktory tarapyndan oýlanylyp tapyldy.
 Bir garynjanyň ysyrganma güýji iň azyndan itiň ysyrganma güýjüne deňdir.
 Amerikan howaýollary 1987-nji ýylda uçuşlarda ýolagçylara hödürlenilýän ertirlik naharlarynda her tabakdan 1 sany zeýtin aýryp, 40 müň dollar gazanç etdi.
 Ýaş aýy iň azyndan bir at ýaly tiz ylgap biljek güýçdedir.
 Syçanlar gaýtaryp bilmeýärler.
 Asgyran wagtyňyz ýüregiňiz bilen bilelikde hemme funksiýalaryňyz bir az wagtlyk durýar.
 Bir garynja öz agramynyň elli essesini göterip bilýär.
 Krokodiller dillerini agyzlarynyň daşyny çykaryp bilmeýärler.
 Žirafalaryň 35sm. uzynlygynda gara dilleri bardyr.
 Delfinler bir gözleri açyk halda uklaýarlar.
 Kengrular yzlygyna böküp bilmeýärler.
 Bukingam köşgünde 602 sany otag bar.
 Täze Zealandiýa dünýäde her dürli yklym görülýän ýeke-täk ülkedir.
 Dünýäde her adamyň başyna 1 million garynja düşýär.
 Sag ellerini ulanýan adamlar çep ellerini ulanýan adamlara garanyňda dokuz ýyl uzak ýaşaýarlar.
 Şu güne çenli bilinýän iň agyr böwrek daşy 1,36 kilogramdyr.
 Dünýäde iň tiz ösýän ösümlik bambu agajydyr. Ol bir günde 90 sm. ösýär.
 1979-njy ýylyň Baýdak aýynyň 18-nde Sahara çölüne gar ýagdy.
 Bir adam bütin ömründe alty piliň agyrlygyna deň mukdarda iýmit iýýär.
 Hapa gar arassa gara garanyňda has çalt ereýär.
 Saudy Arabystanda hiç hili çeşme ýokdur.
 Pablo Pikasso pulsuz bolan ýaşlyk ýyllarynda çeken suratlaryny ýakyp ýylanýardy.
 Amerikada her gün ortaça üç sany jynsyýeti üýtgetme operasiýasy geçirilýär.
 Adam beýnisiniň 80 göterimi suwdur.
 Amerikada her sagat 40 adam rak keseli sebäpli ölýär.
 Beýnimiziň agyrlygy orta hasap bilen 1,3 kilogramdyr.
 Biriniň ýüz keşbini ýada salmak üçin beýnimiziň sag tarapyny ulanýarys.
 Bir adam günde ortaça 23 müň gezek dem alyp berýär.
 Pengwin ýüzüp bilýän, ýöne uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.
 Baýguş gök reňki görüp bilýän ýeke-täk guşdur.
 Bir adam ömrüniň ortaça 2 ýylyny telefonda gürleşip geçirýär.
5 лайков 178 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
06 авг 2021, 08:14
like
Ýury
06 авг 2021, 08:16
Göwniñi ýykmaýyn peýdasy deger
Like goýaýyn.
Perishdejik
Автор 06 авг 2021, 08:20
geçip barýaka sowlan,
minnetdar
Mähri
06 авг 2021, 08:24
Like
Perishdejik
Автор 06 авг 2021, 08:28
ahliniz yazypsynyz welin 1-je like dur
Moon
06 авг 2021, 08:40
like
Ýury
06 авг 2021, 08:45
Toşna sanap gör mende toşna gelýä.
Perishdejik
Автор 06 авг 2021, 08:49
geçip barýaka sowlan,
indi dogurlanypdyr oydyan yany beyle daldi
Perhat
06 авг 2021, 12:30
Like