Atyr

Bu nätdigiň boldy, sertaraş ogul,
Depämden, ýakamdan guýýarsyň atyr.
Göreňokmy, seniň oturgyjyňda
Togsan ýaşly Jambyl Jabaýew otyr.

Birmahallar menem daýaw ýigitdim,
Indi bolsa ynha büküldi bilim.
Häzir sen agtarsaň deň-duşlarymy-
Eliň çyraly-da tapmarsyň birin.

Gijesi-gündizi ýonsaň-da näçe-
Gylyç ýasap bolmaz köne demirden.
Bir lagar ýabyny münseň-de näçe-
Bedewe öwrülmez ömür-ömür hem.

Sen bolsa Jambylyň dik depesinden,
Sakgalnyň üstünden guýýarsyň müşki.
Wah, sertaraş ogul, beýdeniň bilen
Göterilermikä gojanyň yşky?

Kartlaryň kerpiçhal koroly ýaly,
Küteldim men, indi päkiligim ýok.
Suwa düşerseň-de atyr suwuna,
Göwnüm ýaş,
Ýöne wah, öňküligim ýok.



Jambyl Jabaýew (gazak şahyry)
3 лайков 137 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mähri
06 авг 2021, 12:39
like
Sapar
06 авг 2021, 13:34
Like