Ýagşydan at galar

Meşhur türkmen ýazyjysy Hydyr Derýaýew özüniň “Amyderýa” poemasyny 25 ýaşynda ýazypdyr.

* * *

Gazak halk şahyry Jambul Jabaýew 14 ýaşynyň içinde ussatlyk bilen sazçalyp, uly şöhrata eýe bolupdyr.

* * *

Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyç 30 ýaşyndan soň goşgy ýazyp başlapdyr.

* * *

Görnükli rus şahyry Sergeý Ýeseniniň döredijilik zehini gaty ir ýüze çykypdyr. Ol heniz 18 ýaşynam doldurmanka, Russiýanyň paýtagty Moskwanyň esasy gazet-žurnallarynda çykyş edip başlapdyr.

* * *

Rus şahyry Aleksandr Alekseýewiç Žarowyň ilkinji eseri 20 ýaşyndaka neşir edilipdir. Onuň ilkinji goşgulary bolsa 16 ýaşyndaka metbugatda çap bolup başlapdyr.

* * *

Azerbaýjan halkynyň söýgüli ogly, ýazyjy, dramaturg, režissýor, edebi tankytçy we terjimeçi Japar Japaraly 16 ýaşyndaka özüniň meşhur “Wepaly Sariýa” we “Solgun Güller” atly drama eserlerini döredipdir.

* * *

Tatar şahyry Musa Jelil 13 ýaşyndan başlap goşgy ýazyp ugrapdyr. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy 19 ýaşyndaka çapdan çykypdyr.
3 лайков 156 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
XYIVENIA
12 окт 2021, 13:24
Tuweleme