GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) 3-nji bölüm

Gunça haty okap bolup, ýylgyrdy:
—Bä, illeriň söýgüsini!
Jemile utanyp, aljyramadan birbada näme edýäninem bilmedi. Iki eli bilen ýüzüni tutdy. «Ýusup!» diýip, hyýalynda gaýtalady. Pagta ýygymy döwründe onuň öz fartuklaryny daşamaga kömekleşýän pursatlary göz öňüne geldi. Birdenem, özünem öweý ejäniň irginsiz iňirdilerinden, hyzmatlaryndan dyndarjagyň baryna begenmeden ýüregi ezildi. Gözowalaryna ýaş ýygnandy.
Gunça onuň ellerini ýüzünden aýyrdy:
—A gyz, menden uýalmaň näme! Men Ýusup däl-ä!
Jemile begençden ýylgyrdy. Ýylgyrsa-da, ol gözýaşlaryny bukup bilmedi. Gözowa ýygnanan gözýaşlar ýaňaklara paýrap döküldi. Jorasynyň gözýaşlaryna Gunça düşündi.
—Aglamasana —diýip, oňa göwünlik berdi. —Indi seniň bagtly boljak günleriň uzakda däl. Gör, seni nähili gowy ýigit halapdyr. Klasymyzyň otliçnigi, obanyň iň syratly ýigidi. Olaň maşgalasy-da obada sylanýan maşgala. Gyzlar dagynyň bar gürrüňi Ýusup. Ýusubyň ünsüni özlerine çekip bilseler, armanlary ýok olaň...
Soňra iki jora biraz salym seslerini çykarman oturdylar.
Jemile Ýusubyň özüne hat ýazanyna begendi. Şatlanyp, ýüregi kapasa salnan guş dek bökdi. Basymjak daň ataryny diledi. Şatlygyny dogany Döndä baryp aýdasy gelýärdi.
—Hawa, sen indi onuň diýýäni bilen razylaşýaňmy? —diýip, Gunça ahyry Jemilä gep goşdy.
Jemile şatlygyny gizläp durmady. Ýylgyrdy-da, baş atdy.
—Hawa —diýip, utanjyrap, pyşyrdy bilen aýtdy. Soň ýene uýaljyrap gepledi. —Owadan-owadan geýnişip ýören gyzlar barka ol nädip meni haladyka?!
—Owadan köýnek nämemiş, gyz! —diýip, Gunça jorasynyň pikirini makullamady. —Köýnegi söýüp bolýarmy näme! Sen nähili owadan hem işeňňir, adamkärçilikli.
—Waý-eý, goýaweri! —diýip, Jemile Gunçanyň öwgüsinden utanjyrady.
—Men ertir seň habaryňy Allamyrada aýdaryn —diýip, Gunça Ýusubyň hatyny epläp, Jemilä uzatdy. —Me, muny beri ýygnaweri.
—Sen saklaýsana. Men ony senden soň, durmuşa çykamsoň alaýaryn —diýip, Jemile ýene gorka özüni aldyrdy. —Bu heleýiň eline dagy düşäýse, meň günüm neneň bolar! —Ol öweý ejesiniň adyny tutman gepledi. —O heleý käte «Işiňi bolduňmy?» diýip, meň düwünçeklerimi dörüberýä. Seň ejeň her zadam bolsa, öz ejeň-ä. Göräende-de zat diýip durmaz.
Gunça jorasynyň diýenini etdi. Ýusubyň hatyny özi bilen alyp gitdi.
Jemile gijesi bilen Ýusup hakda pikir edip çykdy. Bagtlylykdan bir ýylgyrdy, bir aglady. Ýigidi düýşünde gördi. Düýşünde oňa öz razylygyny aýtdy.
Irden turup, ol özüne timar berdi. Öňler ýaglygyny maňlaýy bilen sümrüp daňyp, sygyr sagmaga atylan bolsa, bu gezek ilki saçlaryny darady. Saçlaryny başyna birgeňsi edip orady. Soň ýaglygyny gelşikli edip daňdy. Ýörände seýkin basdy.
Ömür ýaglygyny maňlaýyna sümrüp, ylgaşlap ýören gyzyň bu günki timarlanany, ýörände sülmüräp, ulugyzsyraýşy Abdy aganyň-da, Täçjemalyň-da, Goşanyň-da gözüne ildi. Olaryň barysy Jemilä aňk bolup seredişdiler. Hatda özüne mazaly timar berensoň, görki has-da artan ýaly bolan gyza Täçjemal hyrydaram boldy.
—Seň şunyň-a hiç kime bermän, Goşa jana çataýsam-da ahmal —diýip, ol Jemilä eşitdirip, adamsyna gepem goşdy. —Bir öýde ýaşasalaram, dogan däl-ä olar. Muň ýaly owadan gyzy kesekä berip bolmaz! Il muny hor-homsy edermi, nämemi! Seret, özem ýetişdigisaýy görklenip barýa!
Täçjemala Abdy aga hiç zat diýmedi. Onuň diýen zatlary Jemiläniň ýüreginden ok bolup geçdi. «Daş edewersin, Hudaý jan. Şunuň yzyna düşüp gelen betnyşana bir sataşdyrmaweri!» diýip, ol içinden gorky bilen öwran-öwran gaýtalady. «Bu aýalda utanjam ýok, akylam. Bir öýde dogan ýaly bolup ýaşap ýören adamlaram, heý, biri-birine çatyp bolarmy! Akyly bolsa şeýle zatlar edermi bi!»
Öweý ejesi özüni birden Goşa zor bilen çatmakçy bolaýanda näme etmelidigi hakda Jemile pikir edip goýdy. «Ölsem-de barman şo tentege. Gaçyp, ýa Döndülere, ýa Ýusuplara giderin!»
Öweý ejesinyň sözleri onuň keýpini gaçyrdy. Söýgi hatyna açylan ýüzi ýene gamaşdy. Öýdäki işlerini haýdap, birýüzli edensoň, ota gitdi. Ýol ugruna dogany Döndiniňkä sowuldy. Oňa Ýusubyň özüne hat ýazanyny aýtdy. Bu habara Döndem begendi. Begençden hatda gözlerinem ýaşlady.
—Şol öýden senem bir basymjak gaýt, jigim. Razy bol Ýusuba. Gülsoltan daýza-da, adamsy-da gaty gowy adamlar —diýip, Döndi Jemilä maslahat berdi. Öweý ejesiniň Goşa çatmak hakdaky gürrüňine bolsa gaharlandy. —Hany, şo heleý şol tentegine alybilşinden alsyn seni! —diýip, dişlerini gyjady.
Aýal doganyndan hemaýat tapan Jemile ömründe ilkinji gezek ota guş bolup uçup gitdi. Ökjesi ýeňledi. Haltasyny derrew doldurdy.
Ol öe gaýtmak üçin otdan doly haltasyny arkasyna alyp, ýaňy suwly ýapdan geçipdi. Şol wagt:
—Jemile!—diýen tanyş ses eşidildi. —Jemile, saklan!
Jemile haltasyny ýerde goýup, ses gelen tarapa seredende ýüregi jigläp gitdi. Mekdep tarapdaky ýoldan uly-uly edimläp, Ýusup ýetip gelýärdi. Ony görenden Jemiläni şagga der basdy. Utandy. Aljyramadan ýüregi agzyndan çykaýjak bolup, dyzlary saňňyldady. Ýigit gabadyna gelende utanyp, aşak bakdy.
Ýusup gelenden goltugyndaky papkasyny Jemilä uzatdy:
—Me, şuny sakla!
Jemile papkany almanka, «Biri göräýmesin» diýen ätiýaç bilen töweregine gorka ýaltaklady. Onuň howsalasyny Ýusup duýdy.
—Gorkma! Bi giden meýdanlarda senden başga jemende ýok, Jemile —diýip, ýigit uludan dem aldy. —Bu meýdanlardan ot daşamaga diňe seni dözýäler.
Jemile sesini çykarmady. Ýigidiň ýüzüne seredip bilmän, ýene aşak bakdy. Onuň uzadan papkasyny emaý bilen eline aldy.
Jemilä papkasyny berensoň, Ýusup onuň otly haltasyny egnine aldy. Gyzy bükülmäge mejbur edýän doly halta agyr-da bolsa, daýaw ýigidiň egninde agramsyz ýalydy. Ýigit ony çaga göteren ýalyjak edip göterdi-de, ýöräberdi.
—Hih!—edip, tämiz üst-başy bilen tot-tozanly haltany göteren ýigide bakyp, Jemile geňirgendi. Utanyp duran-da bolsa, geplemäge mejbur boldy. —Goýaweri haltany ýerinde, üst-başyňy nädersiň! —Şeý diýip, gyz haltadan asyldy. —Getir, özüm götererin.
—Degme! —diýip, Ýusup öňe ädim urdy. —Özüm götererin.
—Waý-eý, biri görse näderin, öýdäkilere aýdarlar! —diýip, Jemile delmurup gepledi. —Haltany goý-da, gideweri!
—Görseler, görüp geçsin! —diýip, Ýusup öz diýenini tutdy. —Öýdäkileňňem öň-soň bilmeli bolar-a!
Gyzda onuň yzy bilen ýöräbermeden başga alaç galmady. Özem:
—Waý-eý, gidäýsene! —diýip, ep-esli ara çenli ýalbardy gitdi. Ýigidiň gitmejegine gözi ýetensoň bolsa, ýene bialaç dymmaly boldy.
—Men her gün okuwa barýarkamam, gelýärkämem şu meýdanlarda seniň bir özüň ot ýygyp ýöreniňi ýörýärin —diýip, Ýusup ýöräp barşyna Jemiläniň ýüzüne bakyp gepledi. Ýigidiň otlukly nazarlaryny gabak astyndan synlan gyzyň bütin endamy jümşüldäp gitdi. Şu pursat onuň ýadyna Bagt guşy hakda gören düýşi düşdi. Ýusubyň: «Jemiläniň başyna gon!» diýip, Bagt guşuna ýalbaryşyny ýatlady. «Ýusubyň şeýdip, maňa kömek etjek bolşumyka ol?» diýip, içinden pikir öwürdi. Birdenem, Bagt guşunyň öz başyna däl-de, Soltangülüň başyna gonuşyny ýatlap: «Eý, Hudaý, ol nämäniň alamatyka?» diýip, hopugdy. «Alla gowusyny etsin» diýip, dileg etdi.
—Näme pikire batdyň? —diýip, Ýusup otly haltany ol goltugyndan beýleki goltugyna geçirip, Jemileden sorady.
Jemile: «Hiç-le» diýen manyda başyny ýaýkady. Soňam: «Gören düýşümi Ýusuba aýdaýsammykam?» diýip oýlandy. Ýöne: «Düýşümde seni gördüm» diýip durmaga ejap etdi-de, sesini çykarmady.
—Indi ep-esli gyz bolupsyň. Basym on sekiz ýaşaýaň. Uly gyz halyňa şeýdip, bir özüňi meýdana iberip ýörmäge kakaň neneň dözýäkä? —diýip, Ýusup ýene gepi Jemiläniň gara gününe syrykdyrdy. —Ol, ejeligiň yzyna düşüp gelen bihepbe getirende bolanokmy oty?
—Kakam pahyrda günä ýok-la —diýip, Jemile dözmezçiik bilen kakasyny goraglady. —Ol aýaldan gorkýa ol... Gider öýdýä...
—Ogly şonça ýaşansoň, nirä gitsin-aý ol! —diýip, Ýusup dogumly gepledi. —Kim ýygnasyn indi ony bi ýaşdan soň! Gidende seň kakaňdan gowyny tapjakmyşmy!
—Bilmedim-dä! —diýip, Jemile uludan dem aldy.
—Men Allamyratdan iberen hatymyň jogabyny hut özüňden eşideýin diýip geldim, Jemile! —Şeý diýip, Ýusup haltany ýerde goýup, aýak çekdi. Gyzyň ýüzüne dikanlady. —Men seň bolup ýörşüňe dözemok. Saňa ejemiňem ýüregi awaýar. Seň öweý ejeňe olam sögýär. Men seni öweý ejäniň elinden basymjak äkitmek isleýän!
Jemile Ýusubyň ýüzüne seredip bilmedi. Tolgunmadan ýüzi çym-gyzyl boldy. «Nädip haltany onuň elinden kakyp alyp gidip bolarka?» diýip oýlandy. Şu pikir bilen halta elini uzatdy.
—Muny özüm öýüňize eltip berjek —diýip, Ýusup haltany berk tutup durşuna ony gyza bermedi. —Sen maňa jogap ber!
—Men aýtjak zatlarymy Gunça aýdypdym. Getir haltany. Biri görüp, kakama aýdaýsa, ol öldir meni!
Şeý diýip, Jemile Ýusubyň papkasyny onuň eline tutdurdy-da, haltasyny ýigitden çekip aldy. Otly halta çepiksije gyzyň gerdenine «münensoň», gyz düwdenekläp, öňe atyldy.
«Betbagt görgüli» diýip, otly haltanyň aşagynda ýegşerilip barýan gyzyň yzyndan seredip durşuna Ýusup pikir öwürdi. Abdy aga gahary geldi. «Heleý» diýip, boýy ýeten gyzyny harlap ýörşüni. Munuň deň-duşlary günde bir köýnek geýip, ýaýnaşyp ýörler» diýip, ol öz ýanyndan gyzyň kakasyna igendi.
Birdenem özünden barha ara açyp barýan gyzyň yzyndan gygyrdy:
—Jemile! Ejemi haçan ibereýin?!
Gyzdan ses çykmady. Ol düwdenekläp, barha batly ýöräp, ýigitden has daşlaşyp barýardy.
Bu wagt Jemiläniň bar küýi-köçesi Ýusuba jogap bermek däldi. Ol «Ýusup bilen gepleşenimi hiç kim görmedik bolaýbilseýdir» diýip, dileg edýärdi. Hem özüni halan ýigidiň gaşynda iki bükülip, otly haltany göterip barşyna utanýardy. «Näme üçin gelýäkä bi, näme üçin?» diýip, Ýusubyň öz yzyndan gelmesine-de janyny ýakýardy.
Ol ylgaşlap-ylgaşlap ýadady. Dynç alasy gelýärdi. Ýöne säginäýse, yzyndan Ýusup ýetip geläýjek ýalydy. Şonuň üçin öýüne ýetmäge howlukdy.
Jemile ýadawlykdan haslap, ahyr deminde öýüne ýetdi. Ony öýleriniň gapdalyndan akyp geçýän ýabyň köprüsiniň ünde öweý ejesi bilen onuň ogly Goşa garşylady. Özüni bileli bäri otdan gelýärkä öňünden öweý ejesiniň çykanyny görmedik Jemile özüniň bu günki garşylanyşyny geňlemän durmady. Derrew: «Ýusup bilen gelýänimi bir görmedik bolaýbilseýdirler» diýip, içini gepletdi. Ýöne ol pikir öwrüp ýetişmänkä, öweý ejesi onuň üstüne ajysyny pürkdi:
—Näme, ýanyňdaky ýigidi taşlap gaýdaýdyňmy?
16 лайков 304 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.