Zeýrenme sen..

Zeýrenme sen: ,, Gören günüm ýok" diýip,
Görensiñ, kän gowy günler görensiñ,
Ine birje mysal: Nämä degmeýär,
Bir bälçigi diñläp-diñläp gönenseñ...

Ýa, meselem, çykan günüñ bergiden,
Dogryñdan gel! Bir ýaşansyñ ahyry,
Ykbala müñ şükür edeniñ bilýän,
Aýrylanda kelläñdäki agyry.

Bir eýjejik, eteneje çagañy,
Göterip gaýdañda bäbekhanadan,
Aýt ahyry! Seniñ özüñ jahana,
Gelen ýaly bolmanmydyñ täzeden.

,, Gören günüm ýok" diýýärsiñ ýene-de,
Bolma beýle nadyl, beýle naýynsap,
Pul ýaly sowurýas gowy günleri,
Sowulýan pulda-da bar ahyr hasap.

Sen bolsa bu zatlañ baryn undupsyñ,
Ykbal bir gün gaşyn çytan mahaly,
Ah-ow! Ýaşanyña degýän dünýe bu,
Öler ýaly söýmek gerek jahany.

Başga näme gerek?! Hawa ýene-de,
Bir azajyk mertlik, birneme sabyr,
Bolany,
Bulutly günler az bolup,
Güneşli günleriñ kän bolsun ömür!.

Awtory: Mämmet Seýidow
13 лайков 133 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
18 авг 2021, 07:34
like