Ayrylmalymy (2)

Tanyşdyk, halaşdyk, söýşüp başladyk,
Şunça bolandan soň aýrylmalymy?
Bir-birege andy orta taşladyk,
Içen andy bozup aýrylmalymy?

Ýalanmy aýtsana biziň söýgimiz,
Ýalan bolmaly däl, çyn bolsa sözümüz,
Şunça bolandan soň ýumup gözümüz,
Hiç zat bolmadyk deý aýrylmalymy?

Söýüpdüm, söýýärin, indem söýerin,
Gorkamok hiç kimden baryp diýerin,
Sen bolmasaň men ýaşaman ölerin,
Ýogsa gorkup men senden aýrylmalymy?

Gujagyňda bolsam sözleriň diňläp,
Kynçylykda seň bilen ejizläp, iňläp,
Az bolar gujagyňda söz aýtsam müňläp,
Ýyly gujagyňdan aýrylmalymy?

Şahyr gyz aýdar: aýrylmak bolmaz,
Söýgimiz çyn bolsa hiç haçan ölmez,
Peselmez, kiçelmez, ömürlük solmaz,
Aramyzdan söýgi aýrylmalymy?
13 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.