Millioneriň syry /Mark Fişer/-5
5-NJI BÖLÜM: ÝAŞ ADAM YNANMAGY ÖWRENÝÄR
Basym Millioner naharhanada arkaýyn otyrdy. Onuň egninde bagbanyň arassa, emma biraz
könelişen şol ozalky geýen eşigi bardy. Giň etekli uly şlýapa onuň öňünde stoluň üstünde ýatyrdy. Eger
ol samandan edilmedik bolsady, onda ony jadygöýüň şlýapasy hasap etse-de bolardy. Millioner şaýlygy ýokary zyňyp gapyp, ony sanap otyrdy. Ol sekize çenli sanady.
—Dokuz,—diýip ol şaýlykdan gözüni aýyrman hüňürdedi.—On.
―Onbire‖ derek ol:—Ýa, bolmady,—diýip, içini çekdi. Ol şaýlygy aýasyna gysdy we başyny galdyrdy.
—Onbire ýetmek aňsat başardanok,—diýip, ol aýtdy.—Her gezek şol bir zyňyşymy gaýtalaýaryn, barybir on bürgütden soň bir reşka düşýär.
Ýaş adamy ýyldyrym uran ýaly boldy. Ol özüniň iki gezek aldanandygyna düşündi. Ol bürgüdi alsa-da, reşkany alsa-da bary bir utup biljek däl eken.
—Meniň kakam gözbagçydy. Ol, meselem, on bäşden aşak almazdy,—diýip, millioner
düşündirdi.—Men onuň zehinini miras almandyryn. Ýaş adam millionerden şaýlygy haýyş edip aldy we ony ýokary zyňdy. Bürgüt. Reşka. Bürgüt. Reşka. Ol adaty şaýlykdy, belki onda göze ilmeýän bir gizlin mehanim bardyr.
—Biziň oýnumyzda hiç hili galplyk edilmedi,—diýip, millioner nygtady.
—Men diňe pullar bilen iş salyşmagyň ussatlygyny görkezdim. Ýeri gelende bellesek, şeýle netijä gelen ýeke siz däl. Adamlar
köplenç ussatlygy eli egrilik hasap edýärler.
Ýaş adam näme diýip jogap berjegini bilmedi. Diňe şu ýerde ol bu ýere näme üçin gelenini ýada saldy. Ol kagyzy galgatdy-da, ony stolyň üstüne zyňyp goýberdi.
— Siz meni ussatlarça aldadyňyz, ser. Siz ýeňil gazanç etdiňiz—10 000 funty haýsydyr bir boş
kagyz üçin tölemek!
—Ol boş kagyz däl, eýsem baýlygyň syry—,diýip, millioner arkaýyn özüni alyp barşyna garşy
çykdy.
—Haýyş edýärin, düşündiriň. Siz meni adam hasap edýärsiňizmi?
— hasap edýän? Asla beýle däl. Size ýönekeý duýgurlyk ýetmeýär, ýöne bu kadaly
ýagdaýdyr. Siziň aňyňyz heniz has ýaş we kämilleşmedik.
—Belki şeýledir, ýöne näme-de bolsa, eger meniň arassa kagyz listi görsem, ony saýgaryp bilmäge, şeýle-de siziň meni aldap urandygyňyza göz ýetirmäge ýagdaýym bar, ser.
—Siziň ýene näme isleýändigiňize men düşünip bilmeýärin. Men size hut şu arassa kagyz list bilen
örän baýap biljekdigiňize söz berdim. Bir döwür hut meniň özüm hem şeýle ýagdaýda millioner boldum. Bu şeýle bolupdy...ýogsa-da, biziň wagtymyz az, meniň güllerim maňa garaşýarlar, geliň iň gowusy men size kömek edeýin. Meni ünsli diňkäň, sebäbi bir döwür geler, siz bu syry başgalar bilen paýlaşmaly bolarsyňyz. Haçanda siz garyplyk zynjyryndan boşanyňyzda, siz şindem elleri bagly
adamlara ýol görkezmäge borçlusyňyz. Men sizden maňa edil düýn beren sözüňizi täzeden
gaýtalamagyňyzy haýyş edip bilerinmi?
Hawa, bu täsin adam ynandyrmak sungatynda özüne taý tapmaýan bolsa gerek. Mundan 5 minut ozal ýaş adam bu gojanyň mazaly suwuna degmäge taýýardy, indi bolsa ol , eldeki owlajyk ýaly onuň elinden iým almaga boýun bolupdy. Hatda gojanyň diýenlerini etmezlik onuň kellesine-de gelmedi, ol dabaraly kasamy täzeden gaýtalady. Goja ýylgyrdy. Şunuň ýaly ýylgyryş edil dek düýn, haçanda goja bagyň içi bilen ýöräp gelýän bu ýaş adamy ilkinji gezek görende peýda bolupdy.
—Siz syry özbaşdak açyp bilmediňiz, şol sebäpli-de men ony düşündirmek bilen meşgullanmaga mejbur boldum.Ýene bir gezek duýdurýaryn, hakykat bolardan meniň syrym has ýönekeý ýaly bolup görünmegi mümkin. Sadalyga özüňizi aldadaýmaň. Eger müňkür bolup başlasaňyz, onda Mosarty ýada salyň: ähli genial zatlar ýönekeýdir. Siz entek ýaş, şonuň üçin-de ilkibaşda siz hökman müňkür
bolarsyňyz. Soňra, wagtyň geçmegi bilen garaşylmadyk ýagdaýda baýlyk size akyp başlanda, siz
düşünip başlarsyňyz.
—Siziň bilen açykdan-açyk gürleşmekçi,—diýip, ýaş adam dillendi.—Meniň iň esasy ynma edýän zadym-da—düşünişmek.
—Has gowy. Ynamyň yzy bilen hakyky düşünişmek gelýär. Haçan-da syry ele salanyňyzda, oňa näme üçin ynanýandygyňyza düşünersiňiz. Ýöne ilkibaşda, onuň ýönekeýdigine garamazdan, bu syr
oňa düşünmejek we hatda ynanyp bilmejek ýaly şeýle bir täsin ýaly görüner hem. Men sizden diňe
ynama garaşýaryn. Munuň özi hiç bir zada ynanmaýan adamyň Hudaýa ynanmaga synanyşy ýaly bir zatdyr. Eger Hudaý bar bolsa, onda ynam etmek bilen siz ähli zada eýe bolýarsyňyz; eger ýok bolsa,
onda siz hiç bir zat ýitirmeýärsiňiz. Meniň syrym hem şunuň ýalydyr...
(dowamy bar)
Mark FIŞER

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.