Ýadymdan çykaryp bilmen

Jahana inderip,
Maňa at beren
Adamy ýadymdan çykaryp bilmen.
Ajygsam – nan,
Üşänimde ot beren
Adamy ýadymdan çykaryp bilmen.

Elimi elinde dostlarça gysan
Adamy ýadymdan çykaryp bilmen.
“Balam” diýip, meni bagryna basan
Adamy ýadymdan çykaryp bilmen.

Kerwen ýaly geçip barýan günlerim
Meni çaňa garyp gitmänkä heniz,
Meni söýen gelin ýadymdan çykmaz,
Ýatdan çykmaz maňa şarpyk çalan gyz.

Suwly ýapdan geçmegime ýol açan
Tagta paýapyl hem düşýär ýadyma.
Men minnetdar,
Göwnüm juda çökgünkä
Ýagşy sözi bilen goldan adama.

Agyr günde
Gama batyp otyrkam,
Gapymyzdan gelen eziz myhmanym,
Ýamanlyk garasyn görme ömrüňde
Unutmaryn seni, sag bolsa janym.

Gördüm men –
Bir däl-de, iki ýüzlüni,
Asla
Ýüzi ýoklary-da gördüm men.
Men olary hakydamdan çykardym,
Biweç ýüki zyňyşym deý gerdenden.

Adam diýen ady dakynan bolsaň,
Ol ada mynasyp bolmagy başar.
Ine, şol synagdan geçip bilenleň
Hemmejesi meniň ýadyma düşer.

RESUL GAMZATOW


Terjime eden:
Kerim GURBANNEPESOW
2 лайков 93 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Annadursun
24 авг 2021, 15:51
like gaty gowy gosgy