Kyssa ussady

Türkmen obasy.Ekinzarlyk.Bir gelin ýañy üme düşýän kiçijik ogluny sypalyñ üstünde oturdýarda,işlemäge gidýär.Çaga birsalym güýmenýàr,birhaýukdanam sypalyñ aşagyndan sümlüp,birýerlerden gaýyş süýnüp gelýär .Oglanjygyñ onuñ howpludygyna akyly ýetenok.Onuñ bn oýnaýar.Täsin oýun edýän jandar ahyrynda özüniñ endikli keşbini ,oglana zarba uraýmaly!Şol halat hem ene ÿüregi birzatlar syzýar-da ,ol ekinden atylyp çykÿar.Oglanjygy ebşitläp bir gapdala taşlap goýberýär,onuñ özüniñ hem gorkmakdan ýaña,eñki agyp ýykylýar.
0 лайков 131 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
Автор 01 сен 2021, 18:57
Adamlaryñ oglanjyk bn oýun edişen howpdan halasdygyny tüpeñ sesi belli edýär.Şujagaz pursat görnükli ýazyjy Atajan Taganyñ "Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly gündelik essesinden bir bölek.Indi çagalykdan ýatlama höküminde salgylanylan ýañky pursat barada.Gaýa-gopuz sowlanyndan soñ obanyñ mollasyna barýalar.
Maksat
Автор 01 сен 2021, 19:06
Oglanjyk bn bolan ýagdaýy oña gürrüñ berýäler.Şunuñ bn bagly wakalary ýazyjy:"Jandary atman , üstüne ýaglykmy ýa aýalyñ başatgyjymy, bir zat taşlamaly eken diýipdir şonda ol diliniñ aşagyndan ortasy deşikli monjuk ÿaly gökje daş çykarardy.Şol gökje daş boýnuna dakylsa , ýylan bn oýnan çaga ilde eý görülýän adam bolup ýetişerdi"diýip beýan edýär.Bu hem adaty bir gürrüñ.
Maksat
Автор 01 сен 2021, 19:14
"Oglunyñ eý görülýän adam bolup ýetişmegini halys islän ejem pahyr, meniñ çekgäm çalarandan soñ hem , şol mollanyñ aýdanyny ýatlap , ahmyr eder ýörerdi..." Yazyjynyñ şu sözleri bujagaz parçany ussatlygyñ çür başyna çykarýar.Şonda hem Atajan Taganyñ adaty bir ýazyjy dälde , türkmen edebiýatynda ýyldyz bolup parlaýan ussat ýazyjydygy ýüze çykýar.